Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy TOPRAGA GEREGINI BER – HAÝRYNY GÖR!
( 18 Ses Berme )

Topragyň biziň durmuşymyzda eýeleýän orny köp halatlarda duýulman ýa-da görünmän galýar. Toprak gürläp bilmeýär we onuň tarapyny tutçaklar örän az. Emma topragyň biziň dymyp ýören iýmit öndürýän ýaranymyzdygy barada oýlanýanlar az-az. Topraksyz ýer ýüzündäki ýaşaýşy bir derejede saklamak mümkin däl. Birden-de topragyň bize berýän baýlyklaryny elimizden gidirsek, olary bir nesiliň ömriniň dowamynda gaýtarmak bize başartmasa gerek.

Toprak – adamzadyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, ekologiki ulgamyň we biosferanyň esasy bir bölegidir. Toprak uly gigiýeniki ähmiýete eýe bolup, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyna hem giň täsirini ýetirýär. Toprak tebigatdaky ähli maddalaryň aýlanşygynyň esasy bölegidir. Ol ägirt uly tebigy laboratoriýa bolup, onda organiki maddalaryň emele gelmegi, köpelmegi, bakteriýalaryň, wiruslaryň we gurçuklaryň emele gelip dargama hadysalary bolup geçýär. Daşky gurşawa we ösümlikleriň ösmegine topragyň ýetirýän täsiri çäksizdir.

Toprak adamzadyň, haýwanat dünýäsiniň, ösümlikleriň, gök önümleriň we arassa suwuň himiki düzümini saklaýan Ýer şarynyň biosferasynyň bir elementy bolup durýar. Ol endemiki keselleriň öňüni almakda we döremeginde esasy orny eýeleýär. Köpsanly ýokanç keselleriň ýokuşma faktory höküminde hyzmat edýär. Toprak atmosfera howasynyň, ýerasty we ýerüsti suwlaryň himiki we biologiki hapalanmagynyň çeşmesidir. Onuň içinde suwuk we gaty galyndylaryň zyýansyzlandyrylmagy we öz-özüni tebigy ýol bilen arassalamak ýaly hadysalar bolup geçýär.

Şeýlelik-de, toprak köp halatda adamzadyň arassaçylyk şertlerini, edaralaryň arassaçylyk düzgünlerini, iýmit önümleriniň howpsuzlygyny we iň esasy mesele bolan – ilatyň saglygyny alamatlandyrýar.

Toprak we adam saglygy

Toprak daşky gurşawyň düzüjisi höküminde adamyň saglygyny saklamakda uly orny eýeleýär. Şonuň üçin topragyň önümçilik we durmuş galyndylary, oba hojalygynda ulanylýan himiki serişdeleri (pestisidler), awtoulaglaryň bölüp çykarýan himiki maddalary bilen hapalanmagy ençeme keselleriň döremeginiň sebäbi bolýar. Meselem, agyr senagatyň önümçiliginden galýan agyr demirleriň duzlary, maşyn gurluşygyndan galýan sianidler we myşýagyň birleşmeleri toprakda ýygnanyp, ösümliklere düşýär, haýwanlaryň we adamyň bedeninde ýygnanýar. Topragyň nebit we nebit önümleri bilen hapalanmagyny bolsa aýratyn belläp geçmelidir. Nebit önümleriniň suwa ýa-da topraga dökülmesi howply zäherli maddalaryň çökmegine getirip, topragyň tehnogen hapalanmalaryna degişli edilýändir. Suwda we toprakda ýoduň ýetmezçiligi galkan şekilli mäziň keseliniň döremegine getirýär.

Toprakda ýaşaýan ýokançlyklaryň köpüsi janly-jandarlara zeper ýetirmeýärler. Şulardan başga-da, toprakda hemişe ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan kesel dörediji, ýokanç keselleriň döremegine sebäpkär bolýan ýokançlyklar hem ýaşaýar. Olar öz daşky gatlagynda gabyk emele (sista) getirip, şol gabyk olary daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerinden goraýar (temperaturanyň aşa ýokary galmaklygy, guraklyk, basyşyň ýokarlanmagy, iýmit maddalaryň bolmazlygy) we ýokançlyklaryň berkligini we çydamlylygyny üpjün edýär.

Gabyk emele getirýän bakteriýalar barada soňky ýyllarda ýeterlik maglumatlar öwrenildi. Olaryň ençeme ýyllaryň dowamynda toprakda gabykly ýaşamaga we onuň içinde köpelmäge hem ukyplydygy anyklanyldy.

Toprakda ýaşaýan kesel dörediji bakteriýalar sarybaş, gazly gangrena, bürme we botulizm ýaly howply ýokanç keselleri emele getirýär. Adam gurluşyk işlerini ýerine ýetirende, topragy arassalan we işlän wagty ýa-da hasyl ýygnan wagty keseliň ýokuşmagy bolup biler.

Türkmen topragynyň ýagdaýy

Türkmenistanda topragyň şorlamagy we çölleşmegi, şeýle-de biologik dürlüligiň kemelmegi – ekologiýa ugrundan uly howp salýar we Türkmenistan üçin iň ýiti meseleleriň biri bolup durýar. Türkmenistanda suw resurslarynyň dolandyrylmagy esasy kynçylyklaryň biri bolup durýar. Ýurtda suwuň 90%-den gowragy suwaryş üçin ulanylýar, bu suwuň düzümi mineral maddalaryň derejesi boýunça kada laýyk gelmeýär. Şeýle-de, suwaryş üçin köne usullaryň ulanylmagy netijesinde gaty köp suw sarp edilýär, bu bolsa topragyň batgalyga öwrülmegine getirýär. Topragyň arryklamagy we çakdanaşa köp ulanylmagy Türkmenistanyň gymmatly ekosistemasy we biologik dürlüligi üçin esasy howplaryň biri bolup durýar.

Topraga geregini ber – haýryny gör!

Bu günki gün topragyň nädogry we geleňsiz ulanylmagy onuň himiki maddalar bilen hapalanmagyna, batgalaşmagyna, çölleşmegine, dargamagyna, şorlaşmagyna getirýär. Onuň bolsa ösýän ösümlikleriň düzüminiň üýtgemegine, onuň sanynyň azalmagyna, hasyllylygyň peselmegine getirip biljegi ikuçsyzdyr. Alymlaryň aýtmagyna görä, her ýyl hasylly topragyň 6 mln. gektardan gowragy çölleşmä sezewar bolýar. Soňky 100 ýylyň dowamynda bolsa oba hojalygyna degişli umumy ýerleriň 27%-i dargama hadysasyny başdan geçirdi.

Ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek üçin guradyjy çäreleri geçirme, ösümlikleriň kökleri we olaryň görnüşlerini gezekleşdirip ekme, tokaý zolagyny döretme, ekrançylygy meýilleşdirme, zyýanly mör-möjekleriň garşysyna biologiki usullary peýdalanmak, topragy dikeltme çäreleriniň geçirilmeginiň topragy goramagyň esasy çäreleri bolup durýandygyny elbetde, biziň hemmämiz bilýändiris. Topragyň hapalanmagyna garşy esasy geçirilmeli çäreleriň biri hem – önümçilik galyndylaryny täzeden işleýän senagaty döretmek hem-de galyndysyz önümçiligi gurnamakdyr.

Alymlar topragyň 1 sm. çuňlukdaky hasyl beriji gatlagynyň dikeldilmegi üçin 100 ýylylň gerek bolýandygyny belleýärler.

Diňe ene topraga ünsli garap we ony dogry ulanyp, bu gymmatly tebigatyň baýlygyny geljekki nesillerimiz üçin hem saklap biljekdigimizi ýadymyzda saklamalydyrys.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.info saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Emir Aliýew

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Gartaşan 2017-05-15 11:39
Adamzadyň başdan çykma newsewürligi topragy uzak kesele ýolugan hassa öwürdi. Onda özdürilýän we alýan önümlerimiz biziň öz bedenimizi zaýalanan topraga öwrüp barýar.
Sitata
 
 
#4 Bekiş 2017-02-12 19:05
Adamzat hasyl almak üçin topragy öz işlegine görä dürli dökünler bilen dökünleýär, suwarýar, käbr halatlarda onuň üstünde topraga zyýanly bolan desgalary gurýar. Üznüksiz ulanylmaga mejbur bolýan toprak soň ýadaýar we düzümini üýtgedip, ösümlik hem-de jandarlar üçin ýarawsyz bolup galýar.
Sitata
 
 
#3 Seýit. 2016-05-30 00:27
Köp gürrüňçilikde biz Ene toprak diýen sözi köp gaýtalaýarys. Ýöne oňa nebsimiz agyrsada enemize bolan mähri berip bilmeýäris. Umyt bilen berilen ynamy toprak artykmajy bilen ödeýär.
Sitata
 
 
#2 Obaly. 2016-05-06 12:11
Sowetler döwründen bäri agsap gelýän suwlandyryş (melioratiw) ulgamy ekin ýerlere we obalara uly zeper ýetirip gelýär. Doýa garny suwdan doýmaýan ýerler açlykdan aglap oturan çagany ýadyňa salýar. Ýerler şorlap, toprak asty suwlar turşap, ajap gitdi.
Sitata
 
 
#1 Süleýman. 2016-04-30 14:41
Topagyň özem owadan, onyň jandarlary hem biziň howandarlarymyz. Biz hem onyň jandary. Onyň hossary bolmany başarmasak biz öz ýetmezçiliklerimiz bilen ýaşaýarys.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele