Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy BIR ELDE IKI GARPYZ TUTUP BILERISMI?
( 20 Ses Berme )

Arada bir tanşyma jaň etdim. Ondan-mundan gürleşip ugradyk. "Näme edýäň bu wagt?" diýip sorasam, "maşynym bilen bir ýere gidip barýan" diýdi. Tisgindim-de, "Seň ölmezden öňürti gürleşen soňky adamyň men bolasym gelenok, janyňy gora!" diýip telefony öçürdim.

Başga bir gün hem bir talyp tanşymyň Facebook-da "Meniň häzirki ýagdaýym: hem finallaryma taýýarlanýan, hem maşgalam bilen habarlaşýan, hemem gowy görýän seriýalymy sypdyrman görjek bolýan." diýen postuna gözüm düşdi. Muňa ýylgyryp, içimden "hemem Facebook-a güýmenýäň" diýenimi duýman galypdyryn.

Gündelik durmuşdan alnan, ýokarky wakalardaky meňzeşligiň nämedigini eýýäm aňan bolsaňyz gerek. Muňa multihereket (iňlisçesi: multitasking) diýilýär. Bu düşünjäniň türkmen dilinde bir söz bilen aňladylýan terjimesini görmedigim üçin makalamda "multihereket" diýip ulanmagy makul bildim. Multihereket – bu birnäçe işi bir wagtda etmekdir (ýa-da türkmençilikde aýdylyşy ýaly "bir elde iki garpyz tutmak").

21-nji asyrda, tehnologiýanyň adam durmuşyny düýpli özgertmegi bilen, biziň her birimiz ýygy-ýygydan, bilip ýa bilmän, multihereket bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu ýagdaýyň döremegine köplenç biziň baky hemralarymyza öwrülen elektroniki enjamlarymyz sebäp bolýarlar. Amerikanyň ABC News-iniň habar bermegine görä, adaty adam gün içinde el telefonyny ortaça 150 gezek barlaýar. Öýde, işde, okuwda, köpçülik ýerlerinde, naharlanýan wagtymyz, garaz, gündelik durmuşymyzdaky dürli işleriň/hereketeriň arasynda elektroniki enjamlarymyzy ulanyp görmedigimiz ýok bolsa gerek. Bularyň ählisi multiherekete degişlidir. Bulardan başga-da, işde ýa okuwda, käwagt, ýumuşlarymyzy wagtynda etmän, soňky ýumuşlarymyz bilen üýşürip, iň soňky minutda hemme zady birlikde etjek bolup multiherekete sezewar bolýarys. Göräýmäge wagty utup, gysga wagtda birnäçe işiň amala aşmagyny gazanýan ýaly hem bolsak, hakykat ýüzünde multihereket bizi köp zatdan mahrum edýär. Indi bolsa Amerikanyň Psihologlar Guramasynyň (APA) multihereketiň zyýanlary barada geçiren barlaglaryna seredeliň:

→ Ölüm howply. Bu ýagdaý esasan hem adam ulag sürýärkä başga zatlara(elektroniki enjamlar, aýdym-saz, naharlanmak) ünsüni bölende ýüze çykýar. Ýoldan bir sekuntlyk ünsüni aýran sürüji bolsa ullakan töwekgelçilik astynda galýar.

Ünsüň bölünmegi. Alymlaryň tassyklamalaryna görä, adam beýnisi bir wagtda diňe bir zada ünsi gönükdirip bilýär. Haçanda adam birnäçe işi birwagtda ýerine ýetirende, beýniniň üns bermek ukyby peselýär.

Ýatkeşligiň peselmegi. Biriniň bir işi edip oturan mahaly onuň daş-töweregindäki adamlar, elektroniki enjamlar ýa-da beýleki ýumuşlar bilen birsyhly bimaza edilmesi, onuň ýadynyň gowşamagyna alyp barýar. Adamyň işinden dykgaty kesilen halatynda, oňa şol işi üstünlikli tamamlamak üçin zerur bolan wagt we beýniniň işjeňligi hem kesilýär. Bu bolsa onuň edip oturan işindäki köp maglumatlary tiz unutmagyna sebäp bolýar. Şeýle hadysalaryň köp bolup geçmegi adamyň işine, okuwyna degişli möhüm zatlary tiz unutmagy bilen, onuň gowşak ýatkeşlikden kösenmegine getirýär.

Pes netijeler. Multihereketde wagty ünsüniň häli-şindi bir zatdan başga bir zada bölünip durandygy sebäpli, adamyň eden işleriniň netijesi hem şol işleri multihereketsiz eden biriniňkiden has pes bolýar. Netijede mutihereket eden kişi birnäçe işi az wagtda bitirip wagty utan hem bolsa, hil taýdan utulýar.

Stres. Ýeri gelende aýtsak, multihereketiň adam saglygyna iň bir howply taraplarynyň biri hem stresdir. Adamlaryň köpüsi gysga wagta birtopar işleri ýerine ýetirmeli bolanlarynda, olary dartgynlylyk we gaýgy gurşap alýar. Bu esasan adam işleriniň köpüsini iň soňky minuda goýanda döreýär. Yzygiderli strese uçramak bolsa saglyga örän zyýanly bolup, wagtyň geçmegi bilen howply keselleriň döremegine eltip bilýär.

Köplenç ýagdaýda multiherekete bilmezlikde duçar bolýan hem bolsak, bu çäresiz mesele däldir. Ýüzlerçe makalalaryň we onlarça psihologiki kitaplaryň awtory lukman Jim Taylor multihereketiň öňüni alyp, onuň zyýanly täsirlerinden goranmak üçin aşakdaky maslahatlary berýär:

⇒ Kalendar ulanmak. Kalendar ulanmagy endik ediniň. Oňa ähli etmeli işleriňizi möhletleri we edilmeli tertibi boýunça ýazyp goýuň. Işleriňizi kalendaryňyzdaky tertipde we wagtyndan gijä goýman ýerine ýetiriň.

Iň möhüminden başlamak. Her gün işe ýa-da etmeli ýumuşlaryňyza girişeniňizde, ilki bilen iň ulusyndan we iň möhüminden başlaň. Soňra möçberine görä kem-kemden kiçilerini berjaý ediň.

Birahat etjek zatlardan el cekmek. Işlemäge ýa-da okamaga oturan mahalyňyz sizi bimaza etjek zatlardan daşda oturyň. Ähli elektroniki enjamlaryňyzy öçürip goýuň. Eger edýän işiňiz üçin olary ulanmaly bolýan bolsaňyz, onda olaryň içindäki siziň ünsüňizi böljek zatlary wagtlaýynça öçüriň.

Topar bolup etmek. Okamak, işlemek ýa-da islendik bir ýumşy ýerine ýetireniňizde, başarsaňyz, töweregiňize diňe siziň edýän zadyňyza sarpa goýýan we size kömek etmek isleýän adamlary üýşürip ediň. Ýumşy olar bilen bilelikde berjaý etseňizem, ýeke özüňiz etseňizem olar size elmydama goldaw bererler we sizi birahat etmezler. Işjeň we wagtyny bereketli dolandyrýan adamlar bilen bolmak siziň hem höwesiňizi, oňat häsiýetleriňizi artdyrar.

Arakesme bermek. Beýniniň bir wagta birden köp zada üns berip bilmeýşi ýaly, bir zada 45 minutdan uzak üns berip bilmek ukyby hem gaty pesdir. Bu hasap adamdan-adama üýtgeýändir. Şonuň üçin hem, islendik bir işiň arasynda, her 30 minutdan ýa-da bir sagatdan arakesme alyň. Daşary çykyň, howaňyzy täzeläň, maşk ediň, halaýan aýdymlaryňyzdan diňläň, garaz, göwnüňize rahatlyk berýän birzatlar edip, bedeniňizi sussupeslikden, beýniňizi bolsa ýadawlykdan goraň.

Könelerimiz "Az bolsun, uz bolsun" diýip ýönelige aýtmandyrlar. Sagdyn durmuşyň syry bedenimizi oňa mahsus bolmadyk tälimler bilen kösemek däl-de, onuň ukyply bolan zatlaryny netijeli peýdalanyp bilmegi başarmakdadyr.

Awtor: Maýa Amanowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Aýaz 2016-12-23 00:05
Bir wagtda birnäçe işi ýerine ýetirmek adamyň tebigatyna gabat gelmeýär. Öňler şu döwürdäki ýaly tehnologiýa ösmänsoň, adamlar diňe öz başarnyklaryna ynanýardylar. Tehnologiýanyň ösmegi owalam kellelerinde "şemal"turan ýaşlaryň başyny gözüni aýlaýar.
Sitata
 
 
#4 Ýahýa 2016-08-09 08:45
Men ata-babalarymyzyň öňki durmuşda nähili ýaşandyklaryny göz öňüne getiribem bilemok.Ösýän tehnikanyň hyzmatlaryndan ulanyp bilseň, duran bir jennetlaý. Ýöne oňa gyzyklanyp, olardan peýdalanmak islegi bolanda-da käbirlere başardyp baranok.
Sitata
 
 
#3 Böri. 2016-05-11 13:13
Awtoulag sürüp barýan ýaş oglan öýjükli telefonda gepleşýär, salonda goýulan telewizora seredýär. Şol ýagdaý, ýagny bir elde iki garpyz tutjak bolmagyň özi oňa nähili wehim döredýär.
Sitata
 
 
#2 Babaly. 2016-04-26 11:09
Tehnologiýanyň ösmegi, dürli enjamlaryň durmuşa ýaýramagy ýaşlaryň durkuny üýtgetdi. Öýjükli telefona seredip barýan oglan-gyz gepleşikden galdy. Saz diňlemek üçin gulaga dukulýan gural kadaly ony diňlemeden dyndardy. Internetde ýaramaz suratlar we sözler ýerleşdirip terbiýäni ret etdiler. Bularyň soňunyň nähili ahwalat döretjegine akylym ýetenok.
Sitata
 
 
#1 Gartaşan. 2016-04-22 23:15
Bir elde iki garpyz tutjak bolýan adamlara başarnykly hasap edilse, beýleki birine köp ýagdaýlarda aljyrap ýören hem diýilýär. Ýöne şolaryň ikisi hem öz saglygyna zeper ýetirip ýören adamlar diýäýmeli. Onuň ýaly ýaşlara basalyk bermek üçin birinji nobatda ulularyň kömegi gerek. Başga ýagdaýda psiholog lukmanyň maslahaty örän zerurdyr.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele