Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy SÜÝJI KESELIŇ AJY TARAPY
( 18 Ses Berme )

"1985-nji ýylda mende süýjüli diabetiň I görnüşini anykladylar. Men 1970-nji ýylda dogulan aýal maşgala. Keseli gaty erbet ýagdaýda geçirýän. Gipoglikemiki koma gitjegimi öňünden bilibem bolanok. Garyndaşlar maňa: "Hiç ýere çykman otur, öýde bolsaň bizem arkaýyn bolýas" diýýäler.

Bir gün, söwda merkezdäki gök-önümler bölüminden gerek zatlarymy alyp, başga bölüme ýöräp barýakam, birden aýaklarymy duýman başladym. Goşlarymy ýere goýup, egnimdäki torbamdan mydama ýanymda göterýän gandymy gözleýänçäm, başym aýlanyp ýere ýykyldym. Men gipoglikemiki koma düşdim. Bu ýagdaýda meniň özümi alyp barşyma gözegçilik edip bilmeýänligim üçin, daş-töweregimdäki adamlar meni ruhy taýdan keseli ýa-da serhoş saýýan bolmaklary mümkin. Iki sany garawul elimden saklap durka men olara diabet kesellidigimi aýtdym. Olar maňa geň galyjylyk bilen seretdiler. Tiz kömek geldi. Meni haýsy keselhana äkitjeklerini bilmän duran lukmanlara biraz özüme gelenimden soň ýagdaýymy düşündirdim. Olar: "Biz näbileli! Ýagdaýyňyzyň sebäbine düşünip bilmedik" diýip gitdiler.

Bu waka 2012-nji ýylda boldy. Men heniz ýaş wagtym, 1988-nji ýylda hem bular ýaly ýagdaýlary başdan geçiripdim. Öýmüziň töwereginde ýykylyp galypdyryn, adamlar gapdalymdan geçip barýalar, kömege geleýin diýeni hem bolmady. Polisiýanyň işgäri meni görip, ýakyndaky saglyk öýüne getirdi".

Bu wakany maňa şäheriň saglyk öýüniň birinde, endokrinolog lukmanyň otagynyň daşynda oturan aýal maşgala gürrüň berdi. Meni bu ýagdaý gynandyrdy.

Süýji keseli (süýjüli diabet) – endokrin keseli bolup, bedende insulin gormonyň ýetmezçiligi bilen häsiýetlendirilýändir. Onuň I we II görnüşi tapawutlandyrylyp, I görnüşi doga çagalarda we ýetginjeklerde duş gelse, II görnüşi artykmaç agramlylykdan, nädogry iýmitlenme, fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi netijesinde uly adamlarda duş gelýändir. I görnüşi bilen keselli çagalar ömürboýy insulin gormonyna garaşly bolýarlar. Soňky ýyllarda lukmanlar süýjüli diabetiň III görnüşini, ýagny göwreli aýallarda duş gelýän gestasion diabeti hem tapawutlandyrýarlar. (Bu kesel barada doly maglumaty siz saýtda ýerleşdirilen "14-nji noýabr – Süýji keseline garşy göreşmegiň Halkara Günüdir" atly makaladan okap bilersiňiz)

Halk düşünjeleri

XX asyryň 70-nji – 80-nji ýyllarynda bu kesele "baýlaryň keseli" diýýädiler. Sebäbi, halk içinde "süýji keseli bilen diňe gowy we köp naharlanýan baý adamlar keselleýärler" diýen düýbünden ýalňyş düşünje bardy. Dogry, aşa agramlylyk bu keseliň döremegi üçin amatly şertleriň birine degişlidir. Ýöne semizlikden ejir çekýän adam süýjüli diabetyň nämediginden habary hem bolman biler. Hor adamyň hem süýjüli diabete sezewar bolup, gutulyp bilmän ýaşamagy mümkindir. Öňler bu kesele "baýlaryň keseli" diýilýän bolsa-da, häzirki döwürde azyk harytlaryň köpdürliliginiň ýokarlanan we olaryň düzümine ýeterlik gözegçilik edilmeýän wagty, orta gürpde ýaşaýan ilatyň arasynda hem bu kesel bilen keselleýjilik ýokarlanýar. Maddy ýagdaýy pes bolan adamlar arzan bahaly iýmiti, azyk harytlaryny satyn alýarlar. Olaryň düzüminde harydyň ýaramlylygyny uzaldýan duzlar we her dürli peýdaly bolmadyk ýaglar saklanýar. Mundan başga-da, tehniki ösüşiň netijelerinden peýdalanýan adamlaryň fiziki işjeňligi pes bolýar, bu bolsa süýji keseli bilen kesellemek üçin ýenede bir şertdir. Diýmek, halkyň maddy üpjünçilik ýagdaýy gowulaşdygyça bu keselli näsaglaryň sany artmaga ýykgyn bolýar.

Halk we diabet baradaky maglumatlar

Gynansakda, biziň halkymyzyň süýjüli diabet keseli barada şu günki güne deňeç bilýän maglumatlary gaty ujypsyz. "Diabet kesellileriň Ählihalk güni" ýaly köpçülikleýin çäreler, konferensiýalar, forumlar geçirilip, dünýädäki täzelikleri her hepdede ýa-da her aýda bir gezek näsaglara ýetirilip dursa, ýokarda görkezilen wakalar bolmazmyka diýip pikir edýärin. Meniň pikirimçe, halka ýalňyş iýmitlenmäniň we semizligiň olaryň janyna howp salýandygyny düşündirip, sagdyn durmuş ýörelgesini adaty gününe goşmaklaryny ündeme dogry bolardymyka diýýärin.

Diabetikler üçin şu günki gün aňsatlyklar örän az döredilýär. Şol aýal maşgala ganyndaky glýukozanyň mukdaryny bilip, içmeli dermanlaryny dogry içen ýagdaýynda şeýle kynçylyklara duçar bolmazdy.

Saglyk öýlerinde duş gelýän süýji keselli näsaglar köplenç: "Gandaky glýukozany anyklamak üçin ýörite "Glýukometr" diýen enjam gerek. Biziň bu enjamy almana we ony doly görnüşde dolandyrmaga maddy taýdan mümkinçiligimiz asla ýok. Onuň içinde bir gezeklik çalşylyp ulanmaly bölekleri hem bar. Her gezek gandaky glýukozaň mukdaryny bilmek üçin saglyk öýüne gelmeli bolýarys. Gandaky glýukozanyň mukdaryny peseldýän dermanlaryň bahalary bolsa ýanyna barar ýaly däl. Endokrinologyň ýazyp beren dermanlaryny almak üçin dermanhana barsak gapjykdaky pullarymyz ýetmän galýar. Ol dermanlar 50% ýeňillikli edilende bolanokmy?" diýip zeýrenýärler. Olaryň aýdýany hem dogry. Aňsatlyklar näsaglar üçin öňki döwürlerde bardy. Häzir hem bar, ýöne olar öňkiler ýaly däl we düýpgöter geçirilmeli düzedişlere mätäç. Ýöräp bilmeýän, maýyp näsaglar nähili ýagdaýda saglyk öýüne barmaly? Olar üçin ýörite "Tiz kömek" gullugyndan daşary, "Çagyryş boýunça barýan endokrinolog lukmany" diýen gulluk döredilse gowy bolardy. Hem gandaky glýukozany anyklar, hem bejergi belläp, maslahat berer we näsagyň häzirki ýagdaýyna baha berer. Ýurduň býudžetinden "Hemaýata mätäç diabetikler" üçin maddy fond döredilip, näsaglar üçin zerur bolan derman serişdeleri, gerek enjamlary we olaryň ätiýaçlyk bölekleri alnanda oňat bolardy.

Ýurdumyzda keselli çagalara we olaryň ene-atasyna ruhy taýdan goldawy üpjün etmek üçin hem-de olaryň sosial hukuklaryny berkitmek üçin çäreleri geçirme talaby döreýär. Şular ýaly çagalar bilen işleşme, okatma babatda biziň mugallymlarymyz habarly bolmalydyr.

Diabet we berhiz

Meniň ýaşaýan jaýymyň sakçysy Maýsa daýza özüni şeýle gowy görýän, etli-ganly, daýaw aýal. Ol eýýäm 20 ýyl bäri süýjüli diabetiň II görnüşinden ejir çekýär. Lukmanyň maslahatyny doly we dürs ýerine ýetirýär. Dermanlaryny wagtly-wagtyna alýar. Berhiz saklamak kyn düşýär. Dogrusyny aýtsak, berhizini saklanok.

"Berhiziňizi näme sebäpden saklaňzok?" diýen soraga: "Berhizi näme üçin saklaýyn? Men dermanlarymy içýänä!!!" – diýip jogap berýär.

Näsaglaryň köpüsi: "Maňa hiç hili berhiz peýda edenok" diýen bahanalar bilen berhizi saklamakdan boýun gaçyrýalar.

Şular düýbünden ýalňyş pikirler. Şol berhiziň täsiri bolmajak bolsa, lukman ony size bellemezdi ahyryn. Lukman näsagy ähli tarapdan öwrenip, ýagdaýyna görä bejergi belleýär. Berhiz – süýji keseliniň bejergisiniň netijeliliginiň möhüm bir şerti bolup durýar. Berhiziňi saklamasaň, däri-derman kabul edeniň peýdasy ýok.

Bu kesel elmydama adamzada howp salýan, üns merkezinden düşürip bolunmajak kesel bolup galar. Keseliň sebäplerini bilip, onuň bejergisiniň aýratynlyklaryny aýyl-saýyl etmegi başarmaly.

Şu günki gün ýurdumyzdaky süýji keselli näsaglara hemaýat eder ýaly ähli mümkinçilikler barmyka diýýän. Olaryň hakykatdan hem hemaýata mätäçdigini hökümet agzalary düşüner diýip umyt edýän!

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.info saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Emir Aliýew

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Silap. 2016-07-11 00:51
Seredip dursaň diabetli adamlaryň ýagdaýy örän ahmyrly. Olaryň birnäçeleri lukmançylyk kömeginiň ýaramazlygyndan kösenseler, beýlekileri berhiz saklamaga erki ýetmän horlanýarlar.
Sitata
 
 
#3 Gartaşan. 2016-05-05 22:01
Süýji keseliň ilkibaşdan esasy alamaty adamda çalt ajygyp, işdäsi açyk bolup, yzygiderli agzy guramagy bilen ýüze çykýar. Türkmenleriň arasynda ol adama işdäsi açyk adam diýip guwanýanlarda bolardy. Ýöne şol "guwanylýan" adam örän semremek bilen kyrk, elli ýaşynda tutgaý (koma) bilen ölerdi.
Sitata
 
 
#2 Dogry pikirli 2016-04-14 15:35
Dogrudan hem hazir bizin yurdumyzda seyle keselli adamlar kopelyar. Adamlaryn hal yagdayynyn gowulanmagy oran gowy zat yone gynansakda tapanyny iyip we icip yatan we sonundan bolsa donuz yaly semrap baryan watandaslarymyz kopelyar. Gork agyzdan diyleni oran hakykat.
Sitata
 
 
#1 Tüwli. 2016-04-10 22:46
Adamlar iýmek medeniýetini berjaý edip, "az bolsun, uz bolsun" diýip akyldarlaryň aýdyşy ýaly saglygy açyrak bolmakdan gözlemeseler we semiredilýän mal ýaly iýip ýatmaga endik etseler, gant keselli adamlaryň sany artar barar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele