Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy ÝIGITLER, GELIŇ ŞU 8-NJI MARTY BAŞGAÇA GARŞYLALYŇ!
( 25 Ses Berme )

8-nji mart Halkara aýal-gyzlar baýramçylygy türkmen ýigitleri üçin esasan iki zady aňladýar: zenanlara gül bermeli hem-de ellerini şol gün öý işine degirtmeli däl. Köpümiz bu baýramçylygyň taryhyny, gelin-gyzlarymyzy owadan güller, sowgatlar we mylaýym sözler bilen gutlamagyň joşgunynda ýatdan çykarýarysmykak diýip pikir edýärin. Halkara zenanlar güniniň esasy maksady – aýal-gyzlaryň sosial, syýasy, medeni we ykdysady ýeňişlerini bellemekden ybaratdyr. 1900-njy ýyllaryň başyndan bellenilip gelýän bu senäni dünýäde gelin-gyzlaryň durmuşyny gowulandyrýan täze ýeňişler, açyşlar we ösüşler bilen garşylaýarlar. Türkmenistanda hem jynslaryň deňligini gowulandyrmak üçin bu ýyl BMG-sy bilen bilelikde işler geçirildi. Edilmeli işler gäty kän. Emma köpimiz zenanlary dine 8-nji martda gutlamak bilen çäklenýäris.

Edil şular ýaly sebäpler üçin BMG-nyň Zenanlar bölümi (UN WOMEN) 2016-njy ýylda geçirýän Halkara Zenanlar güni kampaniýasynyň mowzugyny "Jynslaryň deňligine kasam" diýip atlandyrdy. Ýagny bütin jemgyýeti, her bir adamy jynslaryň deňligine ýetmegi çaltlaşdyrmak üçin öz goşantlaryny goşmaga çagyrýar. Bu senäniň taryhynyň başlangyjy goýlaly bäri jynslaryň deňligine degişli meselelerde gaty köp öňe gidişlikler boldy, emma olar dürli ýurtlarda, medeniýete görä deň ýaýramady, kabul edilmedi. Galyberse-de, jynslaryň deňliginiň ösen ýurtlaryndada bu osüş haýallady. Biziň medeniýetimizde ykdysady we syýasy hukuklar resmi taýdan doly berlen bolsa-da, zenanlar jemgyýetimizde giňden ýaýran düşünjelerden we sosial kynçylyklardan doly azat däl.

Şu döwürde, ýaşlaryň aglaba böleginiň pikirine görä aýal maşgalanyň ýekeje ýeňişi bolup bilýär: ol hem sag-aman durmuşa çykmagy. Hünärde iň ýetjek beýikligi bolsa köýnek tikmäni öwrenmek. Näme üçin biz (erkekler) bu baýramçylykda diňe zenanlarymyzyň owadanlygyny, näzikligini, hemem ynjyklygyny, has dile çeperlerimiz bolsa öýde gowy iş edýänini mahabatlandyryp gutlaýarys? Näme üçin işde ýa-da bilimde ýeten üstünliklerini ýatlatmaýarys, ýa-da el galdyrýan ýoldaşyndan gaýdan uýamyza berekella diýmän, ony näletleýäris?

Il näme diýer?!

"Il näme diýer, biz öýde çagalara seredip, nahar bişirip, çanak ýuwup ýörsek, aýallarymyz bolsa işe gatnasa, arzuwlarynyň yzyndan ylgasa? Göz öňüne bir getirip göriň, öý işlerden başga maksady bolan gyzlary? Hudaý saklasyn, ol nähili maksatlar bolup biler? Biz olara çagalykda ýekeje maksady aňlaryna guýýarys ahyr, ol hem öýe-ojaga seretmek. Ol nähili daşary ýurtda agasy ýaly okasy gelme islegi?! Öýde otursyn gowusy- bozulyp gider. Gel oglum, saňa obadan birini alaly. Bilimsizje ýöne her diýeniňi diňlejek bir guly … wiý, güli alyp bereli".

Megerem ählimiz ýa-da azyndan köpimiz bu sözleri, jümleleri eşidendiris, ýa-da aýdandyrys, öz ýanymyzdan goldandyrys. Göwnüme bolmasa, gelin-gyzlara tebigatyň erkek adama berkidilen "bonus" jandary ýaly seredilýär. Satyp bilmeýän harytlaryny mugtyna müşdere berilýän "haryt" hökmünde garalýar. Müşderiň (erkegiň) islegleri kanundyr! Internet meýdançasynda, sosial ulgamlarynda hem bu düşünjeleri mahabatlandyrýarys, olara boýun egýaris: Twitterde re-twita, Line-da diwaryňda "podelitsa" paýlaşmaga, ertir.com-da "baş sahypada bäş gün" durmaga mynasyp saýlanylýan pikirler we ynançlar.

Geliň, oglanlar, şu ýyl ösüşde ýene bir ädim öňe gideliň! Baýramçylygy diňe gutlamak bilen çäklenmän, zenanlarymyzyň jemgyýetde hakykatdan hem mynasyp ornuny eýelemäge her gün, mümkinçilik boldugyndan kömek etmäge kasam edeliň. Geliň, olaryň diňe öýdäki, öý işlerinde tutmaly orny barada pikirleri bölüşmän, bilimde, hünärde, medeniýetde ýeten, ýetmeli üstünlikleri barada "retwit" edeliň, ylmy açyşlary barada postlara "Like" goýalyň, sportda, ylymda gazanan ýeňişleri, durmuşda ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada bloglary ýazaly. Her birimiz jynslaryň deňliginiň nämäni aňladýandygyna düşünsek, bu çylşyrymly mesele barada gürrüňdeşlikleri gurnasak we oňa goşulsak, "iliň diýjegi" hem üýtgär, çünki il hem bizden ybarat.

Makalanyň awtory: Kemal Korbayew

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Wahyt 2017-02-25 00:20
Saýtda ýazylanlary uly gyzyklanma bilen goldaýaryn, aýdylan pikiriň hiçden giç diýilişi ýaly örän ýerlikli we wajypdygyny, her bir zadyň şonuň bilen birlikde baýramçylygyň we toýlaryň hem durmuşa görä üýtgedilmegi zerurmyka diýýärin.
Sitata
 
 
#4 awtor 2016-07-13 20:32
Quoting Okyjy.:
Hormatly makalany ýazan saýtyň Hyzmatdaşy! Siziň orta atan teklibiňiz, türkmen ýigitlerine ýüzlenmäňiz bahasyna ýetip bolmajak täzelik. Hyzmatdaşyň aýal ýa-da erkek adamdygyny bize näbelli. Mysal üçin ýazan Türkmenistanda ýaşaýan erkek adam diýeli. Daş-töweregiňe seredip, teklibiňiz heý, durmuşa ornaşar öýdýärsiňizmi!? Siz türkmen ýigidi öz maşgalaňyza täzelik hökmünde kabul edip, berjaý edip biljekmi? Ýazan aýal adam bolsa, keýgim, garnyňy suwa atda garaşyber...


Köp sagboluñ. Edilen teklip nähili derejede ornaşjagyny diñe çaklap bolar. Belki asla ornaşmaz. Emma, goý birinji ädimi bolsun. Galybersede, esasy zat herkim özünden başlamaly. Mende bu makalany ilki bilen özüme ündew diýip ýazdym, belki-de bir-ki sany eşiden, okan, düşünen bolar. Belki-de şolaryñ arasynda biri bu pikirlere uýup başlar. Ynha, şojagaz ýeke adamda ýeñiş.
Sitata
 
 
#3 Ogulgözel. 2016-06-14 00:20
Eýsemde bolsa, aýallary bir gün ýatlamaly ýaly bir gün-8-nji mart aýallar güni diýip bellenilmegi kän bir matlaba gabat hem gelip barmaýar. Nämemişin, erkekler bir günüň içinde aýallaryň göwnüne ýarap nahar taýýarlap, hojalyk işlerini edip, olaryň söýgüsini gazanmalymyş. Biziň erkeklerimiziň mentalitetini üýtgetmeseň şol bir gün, özüni görkezmeli gün dowam eder gider.
Sitata
 
 
#2 Bagtyýar. 2016-03-12 02:38
Goý, siwilizlenen daşary ýurtlerde birnäçe müňlerçe okaýan ýaşlarymyz ol ýerde aýallara bolan döwletiň we raýatlaryň gatnaşygyny oňat öwrenip gelenlerinden soň olaryň oňat taraplaryny durmuşymyza ornaşdyrsalar maksada laýyk bolardy. Durmuşyň oňat taraplaryny öwrenip, ondan peýdalanmak, köp halklaryň arasynda bolupdyr ahyryn.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2016-03-10 03:06
Hormatly makalany ýazan saýtyň Hyzmatdaşy! Siziň orta atan teklibiňiz, türkmen ýigitlerine ýüzlenmäňiz bahasyna ýetip bolmajak täzelik. Hyzmatdaşyň aýal ýa-da erkek adamdygyny bize näbelli. Mysal üçin ýazan Türkmenistanda ýaşaýan erkek adam diýeli. Daş-töweregiňe seredip, teklibiňiz heý, durmuşa ornaşar öýdýärsiňizmi!? Siz türkmen ýigidi öz maşgalaňyza täzelik hökmünde kabul edip, berjaý edip biljekmi? Ýazan aýal adam bolsa, keýgim, garnyňy suwa atda garaşyber...
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele