Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri Umumy OBA AÝALLARY WE OBA DURMUŞY
( 25 Ses Berme )

Her ýylyň 15-nji oktýabrynda Dünýäde oba aýallarynyň halkara güni bellenip geçilýär. Bu baýramçylygy bellemegiň esasy maksady aýallaryň jemgyýetde tutýan ornuna ünsi çekme synanşygy bolup, ol sene 1995-nji ýylda Pekin şäherinde geçirlen Birleşen Milletler Guramasynyň lV Aýallaryň Bütindünýä konferensiýasyna gatnaşyjylar tarapyndan makullandy. Orta atylan bu meseläni dünýäniň uly guramalary, birleşmeleri goldady we şol ýyldan bäri ýylyň senenamalaryna 15-nji oktýabr – Bütindünýä oba aýallarynyň güni höküminde girizildi. Ýöne on iki ýyldan soň, 2007-nji ýylyň 18-nji dekabrynda resmi taýdan makullanyp, şol güni baýramçylyk diýip bellemek nygtaldy we 2008-nji ýyldan bäri bu sene kadaly bellenilip gelinýändir.

Baýramçylygyň maksady zähmetkeş oba aýallarynyň azyk we ýeňil senagaty ösdürmekde goşýan ägirt goşantlaryna mynasyp baha bermäge, jemgyýetiň oba aýallaryna borçlydygyna, olaryň ýeňil bolmadyk durmuş ýagdaýlaryny gowulandyrma we daşky gurşawy gorama meselelerine jemgyýetiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir. Şol maksat bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda garalan meselelere degişli kararlar kabul edildi we oba ýerlerinde ýaşaýan aýallaryň hemmetaraplaýyn ýagdaýyny gowulandyrmaga dünýä jemgyýetini çagyryldy.

Oba aýallary kimler? Oba aýallaryna esasy iş ýerleriniň nirededigine garamazdan, daýhançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanýan aýallar bilen birlikde, oba mugallymalary, lukmanlary, hormatly zähmet dynç alyşdaky, öý hojalykjy, umuman oba şertlerinde, hemişe oba durmuşy bilen ýaşaýan aýallar degişlidir.

Dünýä möçberinde obalarda ýaşaýan aýallar ilatyň takmynan 30 % -ni tutýandyr. Biziň oba ýerlerimizde ýaşaýan aýallaryň sany hem ilat sanyna gatnaşykda alanyňda şonça göterim bardyr.

Aýallaryň döredijidigi bize mälim. Olar oba hojalygynda, maldarçylykda umuman jemgyýetiň hemme ugurlarynda işläp we öz başarnyklaryny görkezip, uly üstünlikleri gazanmagy başarýarlar. Şäher ilatynyň iýmit we gök önümler bilen üpjünçiligi jepakeş oba aýallarynyň zähmetiniň netijesidir. Olaryň gaýduwsyz zähmeti arkaly biziň dukanlarymyzyň tekjesinde et, süýt, çörek, ýag we başga azyk iýmitleriniň bolçulygy döreýär.

Aýallaryň maşgalany berkitmekdäki, çagalary terbiýelemekdäki, maşgala ojagyny saklamakdaky, ruhy we ahlak baýlyklaryny dowam etdirmekdäki zähmeti örän gymmatlydyr.

Ýöne dünýäde bellenýän oba aýallarynyň baýramçylyk senesi barada biziň oba aýallarymyz bilýärmi? Obalarda ol gün baýramçylyk sene höküminde bellenilýärmi? Oba aýallarynyň saglyklary, durmuşlary, gündelik ýaşaýşyň akymynda döreýän kynçylyklary bilen gyzyklanýan, ol nowsanlyklary aradan aýyrmaga kömek berjek bolýan barmy? Olar boş wagtlaryny nähili geçirýärler? Olaryň medeniýetli dynç almagyna mümkinçilik barmy, döredilenmi?... Soraglary näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Dogry, bu soraglara jogapkärler kagyz ýüzünde bardyram, gowja iş hakynam alýandyrlar. Olar iş geçirdik, eýtdik, beýtdik, mümkin oba aýallarynyň gününe bagyşlap çäre geçirdik diýip ýokary edaralara hasabat hem berýändirler. Ýöne gündelik durmuşda göze ilýän zat ýok.

Elbetde, häzirki oba aýallarynyň durmuşyny biziň ene-mamalarymyzyň ýaşaýyş durmuşy bilen deňeşdireniňde, biz "uçmahda" ýaşaýarys diýseň hem boljak. Köp hojalyklar öz maliýe ýagdaýynyň ýetdiginden ýaşamaga, täze görnüşde jaý salnyp we içini bezäp, hojalygyna öý işlerini ýeňilleşdirýän enjamlar, maşyn edinýärler. Özünden garaşly kynçylyklary aradan aýryp, döwrebap ýaşamaga çalyşýarlar. Oňa mümkinçiligi bolmadyk, garypçylykda ýaşaýan hojalyklar hem köp. Hezillik, şäherara, obara awtoulaglar gatnap dur. Kän bir kösençlik ýok. Ýöne döwür üýtgeýär, şoňa görä talabam başgaça bolup, döwre görä ýaşasyň gelýär. Şoňa göräde, obada çözmeli jemgyýete degişli kynçylyklar köp.

Men oba ýaşaýjylarynyň esasy, gaty kösenýän meselesiniň üstünde durup geçmekçi.

Näme, oba aýallarynyň durmuşy hem umumy obalylaryň kynçylyklary bilen bagly. Iş orunlarynyň azlygy, suw gytçylygy... Agyz suwuny satyn alyp howuza guýduryp içjek bolsaň, mellegiňi suwarmaga suw bolman gurap ýatsa, mellegiňde öz iýjek gök-agyňy ösdürip alyp bilmeseň... onsoň ol nähili durmuş?! Suwsuz ýaşaýşy, gyzyksyz, ýürekgysdyryjy durmuşy göz öňüne getirip görüň!

Işleýän oba aýallaryň ýagdaýy ýene gowy, olaryň jemgyýet bilen arabaglanşygy bar, gündelik durmuşy şol bir gaýtalanýan hereket-iş-öý, işiň, öýüň aladasy bilen göwünleri hoş, keýpleri kök ýaşaýarlar. Ýöne işden gelip, ýaş çagalaryny gezmeledeýin, howaladaýyn diýse barara, gezmeläre ýer ýok.

Obalylaryň iş tapman, maşgalada işlemeli agzalarynyň işlemeýän maşgalalary köp. Şeýle bolansoň her kim öz başarnygy bilen günlerini görüp, güzeranyny aýlaýarlar Işlemeýänler, ýaş çagaly, hormatly dynç alyşdaky aýallar dört diwaryň arasynda jemgyýetden üzňelikde ýaşaýarlar. Barara, görere, gyzyklanara, meşgullanara zat ýok. Medeniýet, medeniýetli dynç almak sözleri häzirki obalaryň köpüsine sürtseňem ýokmazmyka diýýärin. Oba klublarynda tanymal adamlar bilen duşuşyklary gurnamak, konsertleri, kinofilmleri, teatrlardan artistleri çagyryp, spektakllary görkezmek, oba höwesjeňleriniň çykyşlaryny gurnamak kynmyka! Obalaryň medeniýetine, oba ýaşaýjylarynyň medeniýetli dynç almagyna jogap berýän ýokmuka!

"Teatr geýim asgyjyndan başlanýar" diýilşi ýaly, obalylaryň ýaşaýşynyň görkezijisi hem köçeleriniň döwrebap abatlanşyndan, agaç nahallarynynyň oturdylyp, ösdürilşinden, obanyň arassaçylygyndan başlanýar diýseň bolçak.

Hawa, bir arassa howadan dem alyp, gezmeläýin ýa-da bir sebäp bilen goňşy öýe baryp geleýin diýseň, tozap ýatan çukur-çukur köçeler, nireden basyp, nähili ýörejegiňi bileňok. Şol barmana gapdalyňdan awtoulag geçäýse tozana garylýaň, öýden çykanyňa puşman edýärsiň. Köçelerden ululy-kiçili awtoulaglar köp geçende, agşamara mallar meýdandan dolanyp gelende, ol barmanada zil-zibil ýakyşlygy başlananda, obamyzyň asmany çalaryp, ümezläp, ümür gelen ýaly bolýar. Howadan dem alar ýaly bolanok. Gyşyň günleri ýagynly howada obamyzdaky köçeleriň ýagdaýy gözgyny, kinolardaky batgalyklary ýada salýar. Awtoulaglaryň tekerlerine çenli palçyk, zordan ýöreýärler. Pyýada bir ýere baryp geljek bolsaň hyllalla, aýakgabyň palçygyň içinde galýar, eliň bilen zordan soguryp alyp, egin-başyňy hem palçyga bulap öýe gelýärsiň. Obalaryň köçeleriniň abadançylygyna, döwrebaplygyna jogap berýän bardyra!

Şeýle ýagdaýlarda ýaşaýan obalylaryň saglyklary nähilidir öýdýärsiňiz? Elbetde, bu durmuşda saglyk bolarmy, sagdyn adamlar örän az. Kimi görseň keselli, keselini bejertmegiň, onuň çykdaýjysynyň gürrüňi. Ýagdaýlary bolana bejerer ýaly bolsa bejerdýär, elleri ýukalaram ýagdaýlary bolman dowamly kesel gazanýarlar. Şeýdip hem keselçilik köpelip gidip barýar. Nämedendir bilemzok, obalarda howply täze döremelerden ejir çekip, ýogalýan aýal maşgalalar köpeldi. Onuň sebäbini bilip, ony aradan aýyrmaga synanşýan hem ýok.

Hemme taraplaýyn abatlanyp, döwrebap ýagdaý döredilen bagty gelen iki-ýeke obalar bolaýmasa, hemme obalylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary birmeňzeş. Ýaşulylarymyzyň aýtmagyna görä, geçen asyryň 80-90–nji ýyllarynda Döwlet "obalary şäher bilen deňleşdirmek" şygaryny yglan edende, obalylar begenip, uly özgerişliklere garaşypdyrlar.

Ondan bäri ep-esli ýyllar geçdi. Şol ene-mamalarymyzyň ýaşap, gezen tozanly hapa köçeleri, agyz suwuny guýdurmak üçin ýasadan howuzlary, gurap ýatan mellekleri... üýtgän zat görnenok. Ol pahyrlar hem gowy durmuşy arzuw edendirler.

Seredip otursaň, oba durmuşynda suw gytçylygy, hapaçylyk, tebigatyň zaýalanmagy..., üstesinede iş gytçylygy nesilden-nesle geçýän kynçylyklara öwrülen ýaly.

Ýöne Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, ýurdumyzda bolan kynçylyklar ýuwaş-ýuwaşdan çözülip başlady. Täze görnüşli obalar, posýoloklar gurlup, obalylar göçürilýär. Obalarda ýa-da olaryň ýakynlarynda täze fabriklaryň açylyp we maldarçylyk fermalaryň döredilmegi, iş ýerleriniň köpelmegi, obalarda-da abatlaýyş işleriniň alnyp barylmagy bolan kynçylyklaryň nesilden-nesle geçmän, çözüljekdigine tama döredýär. Çünki bizde "Döwlet adam üçindir".

Men oba ýaşaýjysy bolamsoň, oba aýallarynyň durmuşyna dünýä jemgyýetiniň gyzyklanma bildirýänine, bu güni baýramçylyk höküminde bellenilmegine örän şat we minnetdarlygymy bildirýärin.

Bizde-de oba aýallarynyň halkara güni bellenilse, dürli ugurlarda işleýän oba aýallaryny birleşdirerdi, özara pikr alyşmalara, söhbetdeşliklere mümkinçilik döredip, oba mahsus kynçylyklary çözmäge ýardam bererdi.

Men ýurdumyzdaky obalarda ýaşap zähmet çekýän hemme oba aýallaryny bu baýramçylyk bilen çyn ýürekden gutlaýaryn. Baýramçylyk güni oba durmuşynyň kynçylyklaryny beýan edip, başyňyzy agyrdanym üçin ötünç soraýaryn.

Oba mugallymasy Aýgül.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#15 Şerip. 2016-08-06 07:46
Özüňiz pikir edip görüň, oba teatr görmese, medeni çareler bolmasa, kitaphana işlemese, suw ýagdaýy pitige münen bolsa, ýene sanasaň sogaby bar, oba aýallary dal, eýsemde bolsa, başgalaryň kadaly durmuşy hakynda pikir etmek örän kyn.
Sitata
 
 
#14 Okyjy. 2016-05-31 18:38
Oba aýallarynyň gününi Halkara möçberinde bellemek az bolup, ony her gün olar üçin uly aladalar bilen bellemek hem az bolarmyka diýýärin. Sebäbi olar oňa örän mynasyp ynsanlardyr.
Sitata
 
 
#13 Gözel. 2016-01-11 00:15
"Aýallar özleri hakynda aladany unutsalar, olaryň özleri unydylar" diýip aýdylypdyr. ahyryn. Nebsimiz agyrsada oba aýallary bizde özleri hakynda alada etmekde ejizlik çekýärler.
Sitata
 
 
#12 Obaly 2015-12-14 11:39
Bizä şu wagta çenli oba aýallarynyň güni barmyş diýibem eşdemizok, ol güni halkara jemgyýetinde bellemeli diýilen hem bolsa-da bizde şol gün ýatlananagam, bellenenagam. Dünýä jemgyýeti durmuşy hemme taraplaýyn göz öňünde tutup, gündelik durmuşda üns bermeli ugurlary ýatladyp dur. Näme, döwlet ýolbaşçylary baş galdyrmasa etjek zadyň ýokda. Aýl görgüliler, onda-da oba aýallary ikinji sortly adamlarda! Olaryň güni bellenmesede bolarla...
Sitata
 
 
#11 Kemal. 2015-12-04 02:05
Döwletiň ygtybarly aladasy, erkekleriň tagallasy bolmasa oba aýallarynyň durmuş ýagdaýlarynyň gowulaşmagy barasynda arzuw etmek hem gury hyýalmyka diýýärin.
Sitata
 
 
#10 Gartaşan. 2015-11-05 00:52
Oba aýallarynyň durmuşy öňem, häzirem öz maşgalalarynyň aladalary bilen dowam edýär. Başga hili bolandygyny we indiden beýläk hem ondan üýtgeşigräk boljakdygyny hyýalyňda aýlamak hem çetin.
Sitata
 
 
#9 Selim. 2015-11-02 01:51
Soýuz döwründe-de, häzir hem oba durmuşy barasynda diňe owadan lozungalar bilen durmuş dowam edýär. Saýtda ýazylşy ýaly işsizlik, içmek we mellek suwarmak üçin suwuň ýetmezçiligi ýa-da suwuň ýoklugy, zibilleriň äkidilmän gapylarda otlanmagy, köçelerden gum syrap durmagy bilen oba aýallarynyň durmuşynyň nähilidigi köre mälim ahyryn.
Sitata
 
 
#8 Oba mugallymasy. 2015-10-28 01:44
Hormatly kärdeş gelin Aýgül! Siziň hemme aýdanlaryňyz dogry. Ýöne esasy zatlaryň birini ýatdan çykarypsyňyz. Biziň geljegimiz bolan çagalaryň ejeleri daň atandan gün batýança ekin meýdanynda geçirýärler. Olaryň çagalary uzyn gün idegsiz, aç-suwsyz bolup, olara gözegçilik ýok. Günüň gününe mekdebe öýe tabşyrylan sapaklary ýerine ýetirmän gelýärler. Onsoň olaryň bilim derejesi nähili boljak?
Sitata
 
 
#7 Şäherli. 2015-10-24 16:39
Men birnäçe obalarda garyndaşlarymyň ýaşaýandyklary sebäpli ol ýerik barmaly bolýaryn. Sowetler döwründe şäherden oba çenli häzirki wagta çenli ýaramazlaşan asfalt ýol bolaýmasa onuň çäginden baranyňdan soň gören ahwalatyňa kelläňi ýaýkaýmadan başga zat galmaýar.
Sitata
 
 
#6 Ýylgaý. 2015-10-21 23:20
Oba mugallymasy Aýgüliň obalylaryň durmuşy barasynda ýazan makalasyny hakykata laýyk gelýändigi üçin tüýs ýürekden goldamak bilen okadym. Ýöne onuň Garaşsyzlyk döwründe oba durmuşynda oňatlaşdyrmak üçin önjeýli alynyp barylýan aladalary hakynda ýazany bilen razylaşyp bilemok. Sebäbi iki-üç sany oba gurlan bolaýmasa başga amala aşyrylan işler hiç bir göze görnenok.
Sitata
 
 
#5 Nowruz. 2015-10-19 01:27
Oba bir gözel ýerdi, howasy, tebigy iýmiti bilen tapawutlanýardy. Oňa garamazdan oba aýallarynyň ümzükleri şäherlere tarap bolaýan ýaly. Näme iýjek azyklaryňy şäherden getirmeli bolsa, işem şol ýerden gözlejek bolsaň başga alaç näme...
Sitata
 
 
#4 Okyjy. 2015-10-18 00:40
Bah, aýdaýanyň näme AkjaKepderi! Biz ýaşlaryň elinden näme gelýär. Biz ýaşýar, oba aýallaryny ruhy taýdan goldap bileris. Obanyň durmuşyny gowlandyrmak üçin hemme tarapy öz içine alýan degerli taslama düzülmeli. Oňa maliýe serişdesi goýberilmeli. Ol diňe döwlet ýa-da sponsrlyk etjek biznesmenler tarapyndan amala aşyrylyp bilermikä diýýärin. Ol işleri ýerine ýetirmek üçin öňüňdede böwet bolmasady,"ýollar" açyk bolsady.
Sitata
 
 
#3 AkjaKepderi 2015-10-17 01:16
"Ýöne dünýäde bellenýän oba aýallarynyň baýramçylyk senesi barada biziň oba aýallarymyz bilýärmi? Obalarda ol gün baýramçylyk sene höküminde bellenilýärmi? Oba aýallarynyň saglyklary, durmuşlary, gündelik ýaşaýşyň akymynda döreýän kynçylyklary bilen gyzyklanýan, ol nowsanlyklary aradan aýyrmaga kömek berjek bolýan barmy? Olar boş wagtlaryny nähili geçirýärler? Olaryň medeniýetli dynç almagyna mümkinçilik barmy, döredilenmi?... Soraglary näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Dogry, bu soraglara jogapkärler kagyz ýüzünde bardyram, gowja iş hakynam alýandyrlar. Olar iş geçirdik, eýtdik, beýtdik, mümkin oba aýallarynyň gününe bagyşlap çäre geçirdik diýip ýokary edaralara hasabat hem berýändirler. Ýöne gündelik durmuşda göze ilýän zat ýok."

ORAN GOWI SORAGLAR SORALYNDY. GDAYRDAN OKYJYLAR, SIZIN PIKIRINIZE GORA BIZ YASLAR NADIP BIZIN OBADAN DAYHANCHY GELIN_GYZLARYMYZY HAKIKATDAN HEM GADYRYNY BILIP BILERIS? BIZ NAME EDIP BILERIS? BIZ NADIP (SEN< MEN< JORAN< DOSTUN
Sitata
 
 
#2 Ýigit. 2015-10-16 22:35
Aýgül mugallymanyň oba aýallarynyň durmuşlary hakynda ýazanyny okasaň bagrygirýana bolýarsyň. Soňabaka az öwlak üýtgejek bolýanyny okasaň oňat niýetler edäýmek galýar. "Ýagşy niýet ýarym döwlet" diýipdirler.
Sitata
 
 
#1 Talyp. 2015-10-16 01:11
Suratdaky pahyrjyk obasynyň geljegini göz öňüne getirip ýylgyryp otyr. Biziň obamyzdada edil şunuň ýaly ýagdaý.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele