Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri
( 15 Ses Berme )

SSSR döwründe Merkezi Aziýa ýurtlary ekrançylyk işleriniň uly bölegini ýerine ýetirýän sebitdi. Gazagystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda uly ekin meýdanlary bardy we olar Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň daglarynyň başyndaky buzlaryň eremegininiň netijesinde we başga ýollar bilen Amyrderýanyň we Syrderýanyň suwlary bilen suwarylýardy. SSSR-yň dargamagy bilen, ösdürmek üçin ýokary mukdarda suw talap edýän gowaça, bugday we beýleki ekinleri suwarma, öndürme goňşy ýurtlaryň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklaryň penjesine düşdi.

 
( 30 Ses Berme )

Adamzadyň taryhynda immigrasiya kynçylyklary ýeňip geçmek has gowy durmuşda yaşama isleginiň bir aýrylmaz bölegi bolup durupdyr. Meniň pikirimçe, bu günki ýagdaýda immigrantlaryň aglabasy öz islegleri sebäpli däl-de, eýsem mejbur galandyklary sebäpli öz ene topraklaryndan uzaklara gidyärler. Türkmenistandan Türkiýä zähmet çekmäne gaýdýan ildeşlerimiz hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistandan Türkiýä gitmeli bolan immigrantlar barada gysgaça aýtsak, olaryň aglabasy gurluşyk, daýhançylyk, restoran hyzmatlary, garrylara seretmek, tämizlik işlerini ýerine ýetirme ýaly agyr işlerde işlemeli bolýarlar. Dünýä Bankynyň iň soňky maglumatyna (2000-nji ýyl) görä, Türkiýede zähmet çekýän Türkmenistanly migrantlaryň sany 2,050 adam diýip çak edilýär. 1990-njy ýylda bu sanyň 570 adam bolandygy bellenip geçilýär. Olaryň aglaba bölegi gynansakda, yzlaryna dolanmajak bolup, başardygyndan işiň agyrlygyna garamazdan sesini çykarman işlemäge özlerini mejbur edýärler. Şol sebäpli olaryň aglabasy agyr kesellere duçar bolýar.

 
( 17 Ses Berme )

Bu ýyl Hytaýda diňe howanyň hapalygy sebäpli ýarym million adam aradan çykar, olaryň köpüsi garry adamlar we çagalar bolup durýär. Uly şäherlerde we agyr senagatyň agdyklyk edýän welaýatlarynda howanyň hapalygy sagdyn derejeden (0-50 AQI) dört esse artyk bolup bilýär (150-250 AQI). Bu derejedäki hapa howa, esasanda oň düzümindäki saglyga düýpli zeper ýetiriji zäherli maddalaryň täsiri, diňe öýken bilen duýulman, eýsem ýeňillik bilen duman, tozan şekilde hem göz-görtele görünýär. Hytaýyň Şanzi welaýatynda ýaşaýan 6 ýaşly gyzjagaz bu ýagdaýa şeýle baha berýär:

 
( 18 Ses Berme )

Topragyň biziň durmuşymyzda eýeleýän orny köp halatlarda duýulman ýa-da görünmän galýar. Toprak gürläp bilmeýär we onuň tarapyny tutçaklar örän az. Emma topragyň biziň dymyp ýören iýmit öndürýän ýaranymyzdygy barada oýlanýanlar az-az. Topraksyz ýer ýüzündäki ýaşaýşy bir derejede saklamak mümkin däl. Birden-de topragyň bize berýän baýlyklaryny elimizden gidirsek, olary bir nesiliň ömriniň dowamynda gaýtarmak bize başartmasa gerek.

Toprak – adamzadyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, ekologiki ulgamyň we biosferanyň esasy bir bölegidir. Toprak uly gigiýeniki ähmiýete eýe bolup, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyna hem giň täsirini ýetirýär. Toprak tebigatdaky ähli maddalaryň aýlanşygynyň esasy bölegidir. Ol ägirt uly tebigy laboratoriýa bolup, onda organiki maddalaryň emele gelmegi, köpelmegi, bakteriýalaryň, wiruslaryň we gurçuklaryň emele gelip dargama hadysalary bolup geçýär. Daşky gurşawa we ösümlikleriň ösmegine topragyň ýetirýän täsiri çäksizdir.

 
( 20 Ses Berme )

Arada bir tanşyma jaň etdim. Ondan-mundan gürleşip ugradyk. "Näme edýäň bu wagt?" diýip sorasam, "maşynym bilen bir ýere gidip barýan" diýdi. Tisgindim-de, "Seň ölmezden öňürti gürleşen soňky adamyň men bolasym gelenok, janyňy gora!" diýip telefony öçürdim.

Başga bir gün hem bir talyp tanşymyň Facebook-da "Meniň häzirki ýagdaýym: hem finallaryma taýýarlanýan, hem maşgalam bilen habarlaşýan, hemem gowy görýän seriýalymy sypdyrman görjek bolýan." diýen postuna gözüm düşdi. Muňa ýylgyryp, içimden "hemem Facebook-a güýmenýäň" diýenimi duýman galypdyryn.

Gündelik durmuşdan alnan, ýokarky wakalardaky meňzeşligiň nämedigini eýýäm aňan bolsaňyz gerek. Muňa multihereket (iňlisçesi: multitasking) diýilýär. Bu düşünjäniň türkmen dilinde bir söz bilen aňladylýan terjimesini görmedigim üçin makalamda "multihereket" diýip ulanmagy makul bildim. Multihereket – bu birnäçe işi bir wagtda etmekdir (ýa-da türkmençilikde aýdylyşy ýaly "bir elde iki garpyz tutmak").

 
( 18 Ses Berme )

"1985-nji ýylda mende süýjüli diabetiň I görnüşini anykladylar. Men 1970-nji ýylda dogulan aýal maşgala. Keseli gaty erbet ýagdaýda geçirýän. Gipoglikemiki koma gitjegimi öňünden bilibem bolanok. Garyndaşlar maňa: "Hiç ýere çykman otur, öýde bolsaň bizem arkaýyn bolýas" diýýäler.

Bir gün, söwda merkezdäki gök-önümler bölüminden gerek zatlarymy alyp, başga bölüme ýöräp barýakam, birden aýaklarymy duýman başladym. Goşlarymy ýere goýup, egnimdäki torbamdan mydama ýanymda göterýän gandymy gözleýänçäm, başym aýlanyp ýere ýykyldym. Men gipoglikemiki koma düşdim. Bu ýagdaýda meniň özümi alyp barşyma gözegçilik edip bilmeýänligim üçin, daş-töweregimdäki adamlar meni ruhy taýdan keseli ýa-da serhoş saýýan bolmaklary mümkin. Iki sany garawul elimden saklap durka men olara diabet kesellidigimi aýtdym. Olar maňa geň galyjylyk bilen seretdiler. Tiz kömek geldi. Meni haýsy keselhana äkitjeklerini bilmän duran lukmanlara biraz özüme gelenimden soň ýagdaýymy düşündirdim. Olar: "Biz näbileli! Ýagdaýyňyzyň sebäbine düşünip bilmedik" diýip gitdiler.

 
( 19 Ses Berme )

"Kitap okamaýan adamyň okap bilmeýän
adamyň öňünde hiç hili artykmaçlygy ýokdur"

Mark Twen

Eger bu makalany açan bolsaňyz, siz internetden peýdalanýansyňyz. Diýmek okap hem bilýansiňiz. Okamak ukybyňyzyň bardygy üçin bolsa örän bagtlysyňyz. Sebäbi BMG-nyň berýän maglumatlaryna görä, şu gün dünýä boýunça 750 million adam sowatsyzdyr. Bu bolsa planetamyzda her 10 adamdan biri okap we ýazyp bilmeýär diýmekdir. A siz öz sowatlylygyňyzy peýdalanýarmysyňyz?

Azajyk statistika

GDA-nyň içinde iň köp okaýan ýurtlaryň bäşliginiň başyny Belarus Respublikasy çekýär – her 1000 adamdan 392-si kitaphanada okaýar. Ikinji ýerde Russiýa Federasiýasy – 375 adam, soňra Ukraina – 336 adam, Azerbeýjan – 283 adam, we Gazagystan – 269 adam.

 
( 18 Ses Berme )

Siz ýöräp barşyňyza, duşuňyzdan geçýän awtoulagyň aýnasy açylyp, ondan suwdan boşan plastik çüýşäniň ýa-da bolmasa kagyzyň we şoňa meňzeş zatlaryň zyňylýandygyny syn edýärsiňiz. Biriniň ulagynda barmaly ýeriňize barýarkaňyz, sürüji: "Me dost, şuny daşaryk zyňsana" diýip, eliňe bir zatdan boşan gabyny gyssyryp göýberýär. Obalara baranyňyzda köçeleriň gyrasyna zir-zibilleri üýşürmegiň eýýäm adat bolup gidendigini görýärsiňiz. Doly suratlandyrmanyň üstüni zir-zibilleri ýakmakdan emele gelýän porsy we zäherli tüssäniň burnuňyza urmagy dolup biler. Bu ahwalatlara biz ýaşaýan ýerimizde duş gelýäris. Şeýle wakalar näme sebäpden ýüze çykýar?

 
( 21 Ses Berme )

20-nji martda Birleşen Milletler Guramasynyň ykrar etmegi bilen Bütindünýä Bagt güni bellenilýär.

Toý ýerinde hemmeler jemlenşipdi. Ýaşlaryň iň begençli gününde, eline mikrofon alyp gutlag sözlerini aýdýan adamlaryň umumy arzuwy bardy: ol hem ýaş çatynjalaryň ömürlik bagtly bolmaklarydy. Toý tutýan ýaşlaryň ene-atalary abraý bilen toý gurnap, çagalaryny durmuş ýoluna ugradýandyklary üçin özlerini bagtly saýýarlar. Söwer ýary bilen indi ýassykdaş bolýan gyz bilen ýigit hem öz bagtyny tapandygyna ynanýarlar. Hakykatda bolsa, gysga wagtlyk bagtlylygy düzüp biljek şertlere ýeten adamlar, olary bütin ömrüne ýetirip, bagtly bolmaga ynam bildirýärdiler.

 
( 24 Ses Berme )

8-nji mart Halkara aýal-gyzlar baýramçylygy türkmen ýigitleri üçin esasan iki zady aňladýar: zenanlara gül bermeli hem-de ellerini şol gün öý işine degirtmeli däl. Köpümiz bu baýramçylygyň taryhyny, gelin-gyzlarymyzy owadan güller, sowgatlar we mylaýym sözler bilen gutlamagyň joşgunynda ýatdan çykarýarysmykak diýip pikir edýärin. Halkara zenanlar güniniň esasy maksady – aýal-gyzlaryň sosial, syýasy, medeni we ykdysady ýeňişlerini bellemekden ybaratdyr. 1900-njy ýyllaryň başyndan bellenilip gelýän bu senäni dünýäde gelin-gyzlaryň durmuşyny gowulandyrýan täze ýeňişler, açyşlar we ösüşler bilen garşylaýarlar. Türkmenistanda hem jynslaryň deňligini gowulandyrmak üçin bu ýyl BMG-sy bilen bilelikde işler geçirildi. Edilmeli işler gäty kän. Emma köpimiz zenanlary dine 8-nji martda gutlamak bilen çäklenýäris.