Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri
( 24 Ses Berme )

Birnäçe aý mundan öň, tomusda, daýzam agtygy bilen bize myhmançylyga geldiler. Kiçijik Baýram hemme çagalar ýaly bir ýerde oturyp bilenokdy. Men onuň üçin jäjekleri çykardym. Onuň bilen käbir oýunlary oýnadym. Birden Baýramyň gözleri meniň kitaplaryma düşdi. Ol baryp, iň uly we owadan reňkli kitaby aldy-da, menden ony okap bermegimi sorady. Men Nobel laureatlary bolan belli we meşhur alymlar hakynda okap başladym. Birnäçe wagtdan soň Baýram menden : "Näme üçin bularyň hemmesiniň ady Çarlz, Jon, Aleksandr? Name üçin aralarynda Baýram ýa-da meniň dostum ýaly Çary ýok?" – diýip sorady. Men bu soraga näme jogap berjegimi bilmedim. Dogrudan hem, name üçin dünyä belli adamlaryň arasynda Baýram ýa-da Çary ýok?

 
( 26 Ses Berme )

Maşgaladaky deňsizlik näme? Onuň nähili alamatlary bar? Näme üçin bu ýagdaý türkmen maşgalalarynda giňden ýaýran? Onuň geljegi nähili? Çynymy aýtsam, men bu barada tä bu mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýançam känbir pikirlenmändim. Bu ýerde gürrüň jübütleriň ýaş tapawudynda ýa-da maddy ýagdaýynda däl-de, eýsem her bir är-aýalyň maşgaladaky özbaşdak şahsy ösüşinde. Meniň gürrüňdeşligimiň esasy mazmunynyň är-aýalyň arasynda söýgiň ýitmegi ýa-da maşgaladaky işleriň bölünşigine gönükdirilen bolman, olaryň tapawutly ruhy ösüşleri barada boljakdygyny belläsim gelýär.

Nikada kim ösmeli? Erkekmi ýa-da aýal?

 
( 37 Ses Berme )

Elbetde, sen hem men ýaly daşaryk gezelenje çykanyňda ýygy-ýygydan gyzlara hapa sözler bilen ýüzlenýän, olardan telefon belgileri soraýan, arkalaryndan sygyrýan, aç möjek ýaly gyzlaryň bedenlerini synlaýan, ulaglaryny durzup, münmäne çagyrýan ýa-da geçip barýan gyzlaryň uýat ýerlerini elleýän oglanlara duş gelýänsiň. Men bular ýaly aýal-gyzlaryň mertebesini peseldýän wakalara häli-şindi şaýat bolýardym, ýöne gynansamda, elimden hiç zat gelenokdy. Şol sebäpli özüme gaty gaharym gelýärdi. Günleriň birinde bolup geçen waka meniň sabyr käsämi dolduran soňky damja boldy.

 
( 25 Ses Berme )

Jemgyýetçilik ýerlerinde hajathanalar ýok bolsady durmuşymyz nähili bolardy? Muny göz öňüne getirmek hem gorkunç! Dükandyr-restoranlar, kafeler we söwda merkezleri näçe gerekli we özüne çekiji bolsa-da, hajathana gerek bolup, gyssanyp duran adamyň gözüne bularyň hiçisi görünmeýär. Ol hajatyny bitirmek üçin jübüsindäki bar puluny bermäge taýýar. Hajathandan çykandan soň bolsa, onuň üçin älem-jahan ýene ýerine gelen ýaly bolýar.

 
( 18 Ses Berme )

Süýji keseli (süýjüli diabet) häzirki wagtda lukmançylykda, jemgyýetde esasy ünsi talap edýän meseleleriň biri bolup durýar. Bu günki günde dünýä ýüzünde keseliň "epidemiýasy" artyp, öz örüsini giňeldip barýar. Häzirki wagtda dünýäde bu kesel bilen 371 mln. gowrak adam keselläp, olaryň 50%-i işe ýaramly, 40-60 ýaş aralygyndaky adamlardyr.

Süýji keseli we biziň ýaşaýyş endiklerimiz

Näsaglaryň aglaba bölegi diabetiň II görnüşi, ýagny "garrylyk ýaşynyň diabeti" diýilýän görnüşi bilen keselleýändir. Şeýle hem bolsa, soňky ýyllarda bu görnüş bilen ýaşlaryň keselçilik ýygylygy hem ýokarlandy. Bu bolsa genetiki meýillilige we ýaşaýyş düzgünlerine we endiklerine baglydyr. Nädogry iýmitlenmek, fiziki işjeňligiň peselmegi, beden agramynyň ýokarlanmagy bu biziň ýaşaýyş düzgünimizi nädogry gurnamagymyzyň netijesi bolup, olary düzetme biziň elimizde bolup durýar.

 
( 34 Ses Berme )

Biziň jemgyýetimizde adam bedeni barada açyk gürrüň alyp barmak kyn bolýar. Bu esasan hem adamyň seksual we önelgelilik saglygy baradaky gürrüňdeşliklerine degişlidir. Şu temalary "aýyp" hasaplap dymmak, söz açmakdan gaça durmak türkmen ýaş oglanlarynyň we gyzlarynyň "durmuş esaslaryna" degişli ygtybarly maglumatlardan bihabar bolup galmagyna, jogapsyz galýan soraglaryň köpelmegine, pajygaly ýagdaýlara eltýär. Ynha, edil şeýle ýagdaýda biz, ýaşlar, internetden kömek gözlemäne başlaýarys.

 
( 20 Ses Berme )

Mugallym kellesini aşak egip, äýneginiň ýokarsyndan auditoriýada oturan talyplara seretdi-de, şeýle diýdi: "Meniň her bir aýdanym bilen garşylyksyz ylalaşyp dursaňyz, men sizi sylamaryn."

Mugallym talyplary kiçeltjek boldumy? Asla beýle däl. Onuň sözlerinden many çykarsak, ol bize: "Meniň size berýän bilimime ýetmek üçin men gaty köp tejribe gazandym. Siz meniň aýdýanlarymyň hemmesine pikirlenmän, analizlemän ynanyp otursaňyz, siz taýýar pikire eýe çykarsyňyz. Ol bolsa siziň özbaşdak pikirlenip çykaran netijäňiz bolmaz. Siz diňe meniň sözlerimi gaýtalarsyňyz. Özüňiz bolsa hiç zada ýetmersiňiz. Öz kelläňizi işletmegi öwreniň." diýjek boldy. Gödegräk hem bolsa, ol muny bize ýagşy niýet bilen diýdi.

 
( 16 Ses Berme )

Gadyrly daýym, mähriban daýzam,

Sag-aman gezip ýörsüňizmi? Öý-içeri, iş-güýç oňatçylykmy?

Men ýakynda eşiden habarlarymdan soňra hiç rahatlanyp bilmän, siziň bilen öz garaýyşlarymy, tekliplerimi paýlaşmagy makul bildim. Garşy bolmarsyňyz diýip umyt edýärin.

Iki ýyl mundan ozal durmuşa çykan gyzyňyz, meniň doganoglan gyz jigim Maýa sekiz aýlyk bäbegi bilen oýüne dolanyp gelipdir. Ony ýan ýoldaşy erbet ýenjipdir diýen habar meni gaty gynandyrdy. "Alan zarbaly urgularyndan ýaňa onuň döşi göm-gök bolupdyr" diýip, aýal doganym gürrüň berýär. Agyrysyna çydap bilmän, ony lukmana görkezmeli bolupsyňyz. Lukman maşgaladaky zorluk barada şübhelense-de, ýagdaýy derňemän, "wah, ýykylaýypdyr-da" sebäbe esaslanyp, bejeriş berip göýberipdir. Siziň bu barada biragyzdan dymmagyňyz we polisiýa, kanun goraýjy edaralaryna ýüz tutmazlygyňyz bolsa meni hasam beter gynandyrdy.

 
( 21 Ses Berme )

11-nji oktýabr – gyzjagazlaryň Halkara güni.

Men daşary ýurtda 7 ýyl okadym. Goňşularym ýat illerde nämeler edýändigim barada erteki otarsalar, garyndaşlarym näme üçin beýle uzak wagtlap durmuşa çykman ýörendigimi sorap durýarlar. Ene-atamyň bolsa göwünleri bir ýaly. Çünki olar gyzlarynyň aňly, düşünjeli uly adamdygyny bilýärler. Meniň özüme dogry dost-ýar we ýanýoldaş saýlap biljegime hem ynanýarlar. Haçanda öz başyma maşgala bolamda bolsa, çagalarymy oňat ýetişdirip biljegime hem ynamlary uly. Men şeýle maşgalamyň bardygy üçin özümi bagty çüwen hasaplaýaryn. Olar maňa ýerlikli öý we okuw terbiýesini berdiler.

Emma köplere beýle bagt nesip etmeýär. Köp maşgalalarda gyz halkyna "aý, gyzdyr-da" diýip, kembaha garaýarlar. Şeýdibem gyzlaryň ösüp, öwrenip, zehin-başarnyklaryny synap, gözýetimlerini giňeldip, uly adamlar bolup ýetişmeklerine böwet bolýarlar.

 
( 21 Ses Berme )

Türkmen forum saýtlarynda sosial temalarda her dürli gürrüňler geçirilýär. Döwrüň üýtgeýän durmuş şertleri, ýaşlyk, ýaşlaryň özüni alyp barşy baradaky makalalar köpçülik tarapyndan okalyp, kän teswir ýazylýar. Şular ýaly temalaryň iň köp ýazylyp teswirlenýänlerinden biri hem türkmen aýal-gyzlarynyň geýim stili baradaky makalalar we pikirler bolsa gerek. Ertir.com, talyplar.com ýaly forumlar açylany bäri iň köp pikir alşylan tema, gyzlaryň geýim stili baradaky ýazgylardyr diýsek ýalňyşmarys.

Ýazylan teswirlerde adamlaryň köpüsi gyzlaryň giň we uzyn köýneklerden tapawutlanýan, beden syratyny görkezýän dar biçüwli stilleri saýlamagyny ýazgarýarlar. Az sanly progressiw dünýägaraýyşly türkmenler bolsa türkmen stiliniň global moda akymyna ýakynlaşmalydygyny öňe sürýärler. Men bu makalada köpçüligiň pikirlerine bolan garaýyşlarymy beýan etmekçi.