Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Hyzmatdaşymyzyň pikirleri
( 19 Ses Berme )

Men adaty türkmen maşgalasynda önüp-ösdüm. Ejem bilen kakamyň özleri ýokary bilimli bolansoňlar meni hem "Gowy okasaň we zähmetsöýer bolsaň hor bolmarsyň. Il içinde abraýyň uly bolar" diýip ulaltdylar. Men muňa pugta ynandym. Okuwy, uniwersiteti iň zehinlileň, iň ezberleň hatarynda bolup gutardym. Emma, iş durmuşyna aýak basyp, täze adamlar bilen täze gatnaşyklar gurup başlamda şowlulygyň açarynyň diňe zehinlilik bilen zähmetsöýerlik däldigine göz ýetirdim. Bu ýagdaý köpümize nätanyş bolmasa gerek. Türkmenistanda ene-atalar we mugallymlar çagalaryň zehin taýdan başarjaňlygyna üns berip, adamlar bilen sagdyn gatnaşyk etmekde gerek bolan esasy elementi – Emosional Zehinliligi – öwretmegi ýatdan çykarýarlar.

 
( 23 Ses Berme )

Tehnologiýa durmuşymyzda ornuny giňeltdikçe barlagçylardandyr habarçylardan çagalaň we ululaň sosial mediýa bilen gatnaşygy barada her hili maglumat eşidýäris. Ýöne ýetginjekler barada känbir eşitmeýäris. Eýsem olar sosial mediýany nähili ulanýarlarka? Sosial mediýa olaň durmuşyna nähili täsir edýärkä? Munda ene-atalaň orny nähili bolmaly? Geliň şu soraglaň jogabyny tapmaga çalyşalyň.

Dünýäniň köp ýurdunda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem akylly telefon ulanýan ýetginjekleriň sany barha artýar. Ýetginjekler çagadan tapawutly bolsalaram heniz aň we tejribe taýdan kämilleşmedik bolýar. Olaň bu döwri sagdyn geçirmegi üçin ululaň, esasanam ene-atalaň gözegçiligi wajypdyr. Akylly telefon ulanmak hem ullakan jogapkärçilik we töwekgelçilik talap edýär. Ene-atalar mundan habardar bolup, ýetginjekleriniň sosial mediýa ulanyşyna göz-gulak bolmalydyrlar.

 
( 18 Ses Berme )

Şol bir ýerde, şol bir eşikde düşen ýüzlerçe suratynyň içinden birini saýlap, joram instagram hasabyna goýdy. Seretdim. Gözlerime ynanman ýene bir gezek seretdim. Uzaldylan kirpikler, bezelen gözler, boýalan dodaklar, tolkun atdyrylan saçlar, bedeniniň egri ýerlerini mazaly ýüze çykaryp duran eşikler joramy düýpgöter başga gyz edip şekillendirýärdi.

→ Agyz, Jemal, özüňe hiç meňzäňok-la gyz bärde. Modellere meňzäp dursuň.

Özüme meňzesem kim ýüzüme seretsin? Şolar ýalyja üýtgeşijek, özüne çekiji bolsaň halaýalarda.

Pikirlendim. Men gyzam bolsam joramyň boý-syratyna, tebigy gözelligine gözüm gidýär. Oňa bezenmegem gerek däl. Nähili ýagdaýda surata düşsede, Jemalyň syratlylygyny inkär etmek kyn. Ýöne, şeýle gyzyňam öz gözelligini kabul edip bilmeýşi, "halanmak" üçin mahabatlandyrylýan keşplere meňzemäge ymtylyşy maňzyma batmady.

 
( 25 Ses Berme )

"Haçan durmuşa çykýaň?", "Näme üçin çaga edeňok?", "Näçe gazanýaň?”, "Söýüşýäniň barmy?", "Sen gyzlygyňy sakladyňmy?", "Daşary ýurtdaky doganyň ýa-da garyndaşyň size pul ugratýamy? Näçe ugratýa?" we şuňa meňzeş birnäçe ýerliksiz we bolgusyz soraglary siz hem gündelik durmuşyňyzda iň ýakyn adamlaryňyzdan eşidýänsiňiz. Şeýle ýerliksiz soraglary berýän adamlaryň, köplenç, siziň duygularyňyz barada oýlanmaýan bolmaklary mümkin. Göýä olaryň maksady siziň üstüňizden gülmek bilen, ejiz tarapyňyzdan tutup, ýaraňyza duz sepmek ýaly. Sizi umytsyzlyga iterip, köpçüligiň içinde masgara hem edip bilýärler.

 
( 17 Ses Berme )

Dünýaniň köp ýurtlarynda şeýle bir düzgün bar:

► Orta mekdep okuwçylaryna adam seksuallygy we önelgelik saglygy barada bilim bermeli;

► AIW (rus. WIÇ) we jynsy gatnaşyklaryň üsti bilen ýaýraýan infeksiýalaryň öňüni almagy öwretmeli.

Eýsem adam seksuallygy, önelgelik saglygy, jynslaryň arasyndaky gatnaşyklar baradaky sapaklar we berilýän bilim nähili bolmaly? Sapaklaryň netijeli bolmagy üçin olary nädip alyp barmaly?

"Men mekdepde anatomiýa okadym-a. Boldy-da!"

Hemmetaraplaýyn adam seksuallygy baradaky bilim diňe anatomiýa we kontrasepsiýa (göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri) degişli maglumatlar bilen çäklenmeli däl. Hemmetaraplaýyn bilime adamlaryň arasyndaky sagdyn gatnaşyklar, kyn ýagdaýlardan dogry baş alyp çykmak ukyplary hem degişlidir. Bu sapaklarda okuwça adamyň seksual we önelgelik saglygy barada doly we dogry maglumatlar berilýär. Maglumatlar okuwçynyň ýaşyna görä düzülip hödürlenilýär. Meselem, Niderlandiýada şeýle gürrüňdeşlikler çaga 3-4 ýaşanda başlanylýar. Bu 4 ýaşly çaga "jynsy gatnaşygyň" akymy düşündirilýär diýmek däldir. Gürrüňdeşliklerde duýgularyňy beýan etmäge, söýgä, dostluga, garşy jynsa bolan garaýyşlara üns çekilýär. Gynansakda, ýerlikli bilim ýetmezçiligi sebäpli jemgyýetimizde köpler jynslaryň arasyndaky bilim diňe jynsy gatnaşyk barada diýip hasaplaýarlar.

 
( 24 Ses Berme )

Rianna, Marat Başarow, Žasmin, Kristina Orbakaýte, Witni Hýuston, Ledi Gaga, Şarliz Saron – bu ýyldyzlaryň köpüsiniň adyny eşitmedigiňiz ýok bolsa gerek. Bulary näme baglanyşdyrýaka diýýäňizmi? Olaryň hemmesi hem söýgi gatnaşyklarynda erjeşmä, zorluga duçar boldular.

BMG-nyň hasabatyna görä, Merkezi Aziýada her 4 zenan maşgaladan 1-i erjeşmäniň haýsydyr bir görnüşiniň pidasy bolýar. Erjeşme köplenç tanyş adamlaryň arasynda bolup geçýär. Şol sanda bu heniz nikalaşmadyk, diňe halaşýan jübütleriň arasynda hem örän ýaýgyn hereketdir. Oglanlar halaşýan gyzlaryny jynsy gatnaşyklara mejbur etmek, olara dil ýetirmek, el ýetirmek, masturbasiýa iteklemek, psihiki taýdan basmak ýaly ýollar arkaly erjeşmä baş goşýarlar.

 
( 17 Ses Berme )

Aramyzda bagta çydap biljegimiz gaty azdyr.
Has takygy – ýakyn adamymyzyň bagtyna çydap biljegimiz.

Mark Twen

7-njy klasda okaýarkam bir klasdaş gyzymy halapdym. Hawa, ýaşlyk söýgüsi. Köp wagtymy onuň bilen geçirjek bolýardym. Öýden alma getiren bolsam onuň bilen paýlaşýardym ýa-da bitinligine berýärdim. Söýgi oduna kül bolanym üçin okuw kellämden çykypdy. Muňa garamazdan, ol gyzdan öz duýgularymy ýaşyrýardym. Bir gün men ondan kimdir birini halaýandygyny ýa-da halamaýandygyny soradym we muňa şol wagtyň özünde puşman etdim. Asyl görüp otursam, ol klasdaşymyz Nazara göwün beripdir. Ondan bäri esli wagt geçdi, ýöne şol wagt nähili duýgulary başdan geçirenim entegem ýadymda. Şol wagt ganymda gaýnap duran adrenaline "päk söýginiň" alamatydyr öýdüpdirin. Aslynda welin bu diňe gabanjaňlyk bilen Nazara bolan içigaralygym ekeni.

 
( 35 Ses Berme )

Jemgyýetimizde köp zat özgerdi. Indi ýaşlar söýgi gatnaşyklaryna has ir ýaşda başlaýarlar. Gatnaşyklarda biwepalyk hem öňküler ýaly ýazgarylmaýar. Köpleriň iki-üç aýaly ýa-da gezýäni bar. Her kim öz durmuşyny isleýşine we başarşyna görä gurýar. Elbetde, bu kanun däl, emma köpsanly nikalar "ömürleriniň ahyryna çenli bagtly ýaşadylar" diýlişi ýaly bagtly bolmaýar. Käbir jübütler uzak, emma bagtsyz ömür sürseler, käbirleri gysgajyk wagt ýaşaşyp aýrylyşýarlar.

Asyl şeýlebir trend hem başlapdyr: ilki ejeň äberenine öýlenmeli, soňundanam kimi halasaň şony ikinjiň ýa-da üçünjiň edinäýmeli. Netijede näme emele gelýär? Ýekebaş ejeler; täk hossarly çagalar; kakasynyň adyny dogluş şahadatnamasyna ýazmalydygy ýa-da ýazmaly däldigi baradaky dawalar; aýrylyşmalar; ruhy çökgünlikler; agyrylar.

 
( 30 Ses Berme )

"Dynç günleri hem işe çykmaly bolýan wagtymyz az däl.
Köçede naharlanmaly, şol ýerde günortanky
arakesmede dynç almaly, ýatmaly bolýar.
Hiç hili şert ýok.
Köçe süpürijileri maşyn kakýan wagtam bolýar.
Ýolbaşçylarymyzam bizi gul ýaly tutýarlar.
Paýyş sözler, kemsitmeler adaty ýagdaý".

Köçe süpüruji zenan

 
( 21 Ses Berme )

2016-yň tomsunda meniň goňşym öýlendi we gelni bilen bile ýaşap başladylar. Bir gün men gelniň sekide aglap oturanyna gabat geldim. Ondan näme bolanyny soramda ýoldaşynyň üstüne gygyrandygyny aýtdy. Soňra bolsa: "Men oňa durmuşa çykamda ol başgaçadyr öýdýädim. Emma, ol hem aýalyna islän wagty gygyryp, buýruk beribermeli diýip pikir edýän adaty erkekler ýaly ekeni" – diýdi.

Gelniň bu gürrüňlerini diňlemek maňa agyr degdi. Türkmenistanda köp erkekler aýallaryna garşy paýyş sözleri ulananlarynda, olara sögünenlerinde, olara garşy dil zorlugyna baş goşýandyklaryny bilmeýärler. Halk içinde "zorluk" diňe hereket bilen edilýän zat diýlip kabul edilýäni üçin dilden çykýan zorluga kän üns hem berilmeýär.