Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Sagdyn göwrelilik GÖWRELILIK DÖWRÜNDE SUWUKLYGY KABUL ETMEGIŇ DÜZGÜNLERI
( 22 Ses Berme )

Alymlaryň bellemegine görä, göwrelilik we çaga emdirilýän döwründe çaganyň saglygy diňe aýalyň iýmitine bagly bolman, eýsem onuň kabul edýän suwuklygynyň görnüşine we hiline hem bagly bolup durýandyr. Olaryň çaklamagyna görä, eger göwrelilik döwründe geljekki eneleriň hemmesi diňe arassa suwdan peýdalanýan bolsalar, onda çagalaryň arasynda keselçilik 7-40% aralygy peselmelidir. Göwrelilik döwründe aýalyň bedeninde alyş-çalyş hadysalary ýokarlanyp, olaryň geçişini suwsuz göz öňüne getirme kyndyr.

NÄÇE IÇMELI?

Göwrelilik döwründe suwa bolan isleg ýokarlanyp, howanyň temperaturasynyň kadaly görkezijilerinde göwreli aýal günde 8 bulgur suwy içmelidir. Göwreliligiň çişginliligi, giçki gestozlar ýa-da böwregiň zeperlenmelerinde suwuklygyň mukdary, lukmanyň maslahatyndan soň azaldylyp bilner. Eger göwrelilik kadaly geçýän bolsa, göwreli aýal kabul edýän suwuklygynyň mukdary barada biynjalyk bolmaly däldir. Çünki bedeniň özi gerek bolan suwuklygyň mukdaryny kesgitläp, şoňa görä islegi döretmäge ymtylýandyr. Ýöne suwuklygyň haýsy görnüşini kabul etmekligiň howpsuzlygy barada bolsa pikir etmelidir.

NÄME IÇMELI?

Göwrelilik döwründe aýala kofe, limonad içgisini, süýjüli konserwirlenen miwe şirelerini kabul etmek maslahat berilmeýär. Minerallaşdyrylan gazlandyrylan suwlar göwrelilik döwründe çäkli kabul edilmelidir. Ol aş saýlama döwründe ýörek bulanmalary basyp ýatyrmaga kömek edýän bolsa-da, onuň köp ulanylmagy içegäniň ýellenmegine getirip biljek sebäp bolup durýandyr. Eger suw natriý duzunyň köp mukdaryny saklaýan bolsa, onda ol bedende suwuklygyň saklanmagyna getirip, çişginliligiň döremeginiň sebäbi bolup biler. Şonuň üçin hem, düzüminde mineral duzlary saklamaýan az minerallaşdyrylan suwlary kabul etmek amatly bolup durýandyr. Çüýşe gaplarda satylýan suwlar, gyrantdan akýan suwdan tapawutlykda hloruň işjeň görnüşini, agyr metallary we başga zyýanly birleşmeleri saklamaýarlar. Emeli minerallaşdyrylan suwlary satyn alyp içmek göwrelä maslahat berilýän däldir we satyn alynmazdan öň öndürijiniň berýän maglumaty bilen tanyşmalydyr.

Gyrantdan alnyp gaýnadylan suwy kabul etmek hem göwreli aýala maslahat berilmeýär. Häzirki wagtda suw geçiriji ulgamdan berilýän suwuň düzüminde agyr metallar we organiki birleşmeler saklanyp, olary suwy gaýnatma netijesinde arassalap bolmaýar. Ýöne gaýnadylma netijesinde suwy ýokançlyklardan we wiruslardan saplap boljakdygyny bolsa bellemek gerekdir. Öý şertlerinde ulanylýan süzgüçleriň (filtr) hem suwy hemme goşundylardan arassalap bilmeýändigini bilmelidir. Ondan başga-da, öý süzgüçleriniň süzüji düzüminiň çalt sandan çykyp, olary belli bir wagtdan çalşyp durmaly bolýar.

Guýylardan we çeşmäniň gözbaşlaryndan alnan suwy hem göwreli aýala arkaýyn kabul etmek maslahat berilmeýär, çünki ekologlaryň bellemegine görä, topragyň ýerasty suwlary süzmäge bolan ukybynyň ýitirilýändigi soňky ýyllar syn edilýär.

Häzirki wagtda gaplanan (çüýşelere guýlan) suwuň görnüşleriniň köpdürliligi, dogry saýlama geçirmegi kynlaşdyrýar. Olar aşhana, adaty kabul etmek we bejergi geçirmek hem-de diňe bejergi üçin ulanylýan görnüşlere bölünýär. Göwreli aýala suwuň natryý duzunyň ujypsyz mukdaryny saklaýan aşhana görnüşini kabul etmek howpsuz bolup biler. Aşhana mineral suwunda erän mineral duzlaryň umumy mukdary 1 g/l ýokary bolmaly däldir. Ondan başga-da, çüýşäniň ýüzünde 1 we 2 derejeli suwa degişlilik ýazgylary bellenip bilner. Birinji derejeli suw ýerüsti gözbaşylardan alnyp, organiki hlorly birleşmeleriň ujypsyz mukdaryny saklaýandyr. Ýokary hilli suw ýerasty gözbaşlardan alnyp, ol hlory ulanmazdan zyýansyzlandyrylýandyr. Şol sebäpden hem ýokary derejeli suw peýdaly maddalaryň ýokary mukdaryny saklap, göwreli aýallar üçin has amatly we howpsyz bolup durýandyr.

Agyz suwy höküminde kislorod bilen baýlaşdyrylan suwy ulanma has hem peýdaly bolup, ol howasy hapalanýan şäherlerde ýaşaýan göwreli aýallar üçin has peýdaly bolup biler. Şeýle suwdaky kislorod iýmit siňdiriş ulgamy tarapyndan ýeňil özleşdirilip, göwreliligiň kadaly geçmegini we çaganyň ulalmagyny üpjün edýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Beşer 2014-11-27 08:12
Ýaramly agyz suwy şäherde grantlardan akdyrylýandygyna garamazdan, obalarda weli öwerlikli ýagdaýda däl diýsem, düýbünden içerligi ýok diýip biläýmeli. Akyp ýatan ýapdan alynyp betonlanan çukurda näçe gün saklanan suwy dadyp bir görüň. Hemmesi düşnükli bolup galar.
Sitata
 
 
#8 Lukman 2014-10-12 01:04
Güljeren!
Aýbaşy bozulmalarynyň aýallaryň ýaşyna görä ýüze çykyşy baradaky görkezijileri Siz Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrliginiň hasabat bölümlerinden alyp bilersiňiz. Gynansakda, saýtda keselleriň görnüşler boýunça ýüze çykyşy baradaky hasabat maglumatlar ýygnalmaýar.
Sitata
 
 
#7 atsyz 2014-10-10 19:29
Quoting Güljeren:
Aÿbashy halkasynyñ bozulmasy 2013-2014 yyldaky statistikasy?


Munuň ýaly da statistika barmy bizde? Kimiň aýbaöy bozulmasy Türkmen aýallaryňmy? Näçe ýaşyndakylar? Gyzlaryňmy? Bah, statistika tapsaňyz paýlaşyň hemmeler bilen...
Sitata
 
 
#6 Güljeren 2014-10-10 14:38
Aÿbashy halkasynyñ bozulmasy 2013-2014 yyldaky statistikasy?
Sitata
 
 
#5 Mämmet 2014-10-07 07:18
Ýyllardan ýyla suwymyza zaýalanyp barýar weli, çagalarymyz hem zaýalanan dogulsalar, ana ol durmuşyň uly betbagtlygy.
Sitata
 
 
#4 Bibigül. 2014-09-28 07:01
Bizde satylýan suwlaryň gaplarynda onuň hili, düzümi, kime içip bolýandygy we ş. m. hakynda hiç zat ýazylmaýar. Onsoň ýöne içmekden başga alaç galmaýar.
Sitata
 
 
#3 Sonagül. 2014-09-19 05:25
Saýtda ýazylanlary okap şeýle bir netijä gelýärsiň. Döwlet möçberinde uly alada edilip, göwreli aýallar üçin içilýän suwy barlaglalardan geçirip aýratyn gaplarda goýberilse örän gowy bolardy.
Sitata
 
 
#2 Merjen. 2014-08-30 09:33
Göwreliniň içýän suwy bir özi üçin bolman eýsem göwresindäki çaga üçinem uly zerurlyk. Suwuň hiliniň ýaramlylygy içilýän suwa onçakly baý bolmadyk biziň ýurdymyzda köp arzuwlar bilen utgaşyp gidýär.
Sitata
 
 
#1 Nepes. 2014-08-30 07:58
Makalany okap öz aňymda bolan köp soraglara jogap tapdym. Minnetdar,sag boluň.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele