Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Sagdyn göwrelilik GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ GALDYRAN "YZLARY"
( 27 Ses Berme )

Göwrelilikde ýüze çykýan oňaýsyzlyklar dogrumdan soň ýitip gidýän bolsa-da, garnyň derisiniň üstki gatlagynyň ýyrtylmagy netijesinde döreýän aksowult zolajyklar ýitip gitmän, bu döwrüň şaýady höküminde yz galdyrýarlar.

Diňe garnyň ýüzünde däl-de, butlaryň, ýanbaşyň, göwüsleriň derisinde döreýän şol zolaklar aýallary az alada goýmaýarlar.

Deriniň ýyrtylmagy näme?

Lukmanlar bu deri zeperlenmeleri "strii" (grekçe – zolajyklar) diýip atlandyrýarlar. Biziň köpümiz oňa deriniň süýnmesi höküminde garasak hem, hakykatda olar deriniň ýyrtylmasy bolup durýarlar. Deriniň çeýeliginiň ýitmegi we ýukalmagy netijesinde, düwünçegiň ösmegi bilen deriniň üstki gatlagy ýyrtylmaga başlaýar. Elbetde deri ýene dikeldilýär. Ýöne ýyrtylmalaryň bitmeginden soň galýan tyglar, süýnmeler görnüşinde galyp bizi alada goýýarlar. Dikeldiş döwrüniň başynda birleşdiriji dokumanyň kiçi gan damarjyklaryna baýlygy sebäpli, deri zolaklary gülgüne ýa-da melewşe reňklere eýe bolýarlar. Wagtyň geçmegi bilen olar reňkini ýitirip, aksowult zolajyklar bolup galýarlar. Melanin pigmentini saklamaýandygy sebäpli günüň şöhlesiniň täsiri bilen hem olar garalmaýarlar.

Deride zolaklary näme üçin döreýär?

Sagdyn deri rezin ýaly berk we çeýe bolup, ol aňsatlyk bilen çekilip we ýene öňki ýagdaýyna eýe bolmaga ukyplydyr. Ýöne köp sebäpleriň täsiri bilen deri bu häsiýetlerini ýitirip biler.

Göwrelilik – aýallarda olaryň döremegi gönüden-göni göwrelilige bagly bolup durýar. Düwünçegiň ösmegi sebäpli ýatgy ulalýar, deri bolsa köplenç ululyga görä süýnüp ýetişip bilmeýär. Ondan başga-da, göwreliligi götermäge kömek etjek gormonal üýtgemeler hem deriniň ýagdaýyna az täsir etmeýär. Göwrelilikde ýokary derejelere eýe bolýan estrogen we progesteron gormonlaryň täsiri bilen deriniň berkligini we çeýeligini üpjün edýän kollagen we elastin beloklarynyň emeli gelmesi bozulýar. Bu bolsa deriniň esasy häsiýetleriniň peselmegine getirýär.

Nesil yzarlama häsiýeti – eger siziň ejeňizde ýa-da mamaňyzda deri ýyrtylmalary bolan bolsa, sizde hem olaryň ýüze çykmagy ähtimaldyr. Bu ýagdaý siziň garnyňyzyň ululygyna hem bagly bolman biler. Kähalatlarda, çagasy kiçi bolan aýalyň garnynyň ýüzünde deri ýyrtylmalary syn edilip, uly çagasy dogan aýalyň garnynyň derisiniň tekiz bolmagy geň galdyryp biler.
Göwrelilik döwründe iýmitlenmäniň hili, witaminler bilen üpjünçilik, hereketlenme düzgüni, beden agramynyň üýtgemegi ýaly faktorlar hem deriniň ýagdaýyna täsir edip bilýändir. Deriniň ýyrtylmalarynyň döremegine göwrelilik döwründe çilim çekmek, göwreli aýalyň ýaşy (ýaş deri has çeýe bolýar), garnyň myşsalarynyň gowşaklygy, alyş-çalyş ýagdaýlaryň bozulmagy (meselem, süýji keseli, semizlik) ýaly sebäpler hem gönüden-göni täsir edýändir.

Deri ýyrtylmalaryň diňe bir göwrelilik döwründe döremän, dogrumdan soňky döwürde hem döräp biljekdigini ýatda saklamalydyr. Ýöne bu döwürde deri zolaklary garynda däl-de, göwüslerde döreýär. Çaganyň ösmegini üpjün etjek süýdüň köp emele gelýändigi sebäpli, göwsüň derisi onuň ulalmalarynyň yzyndan ýetişmän ýyrtylyp biler.

Nämede bolsa, aýdylyp geçilen sebäplere gözegçilik etmek mümkinçiligi, deri zolaklarynyň döreme ähtimallygyny peseldip bilýändir.

Deri ýyrtylmalarynyň öňüni hädip alyp bolýar?

Siziň ýaňy-ýakynda çagasy bolan joraňyzyň garnynda deri zolaklarynyň ýoklugyny aýdyp öwünmegi, onuň gymmatbaha kosmetiki serişdeleri ulanandygyndan şaýatlyk etmän, oňa tebigat tarapdan şeýle çeýe deriniň berlendigini aňladyp biler. Diňe kosmetiki serişelere bil baglap oturmagyň ýalňyşdygyny ýatda saklap, göwrelilik döwrüniň ilkinji günlerinden, deriňiziň berkligini we çeýeligini üpjün etmäge ýardam berjek çäreleri geçirip başlamalydyr. Bu çäreler deriniň ýyrtylmalarynyň döremelerini tutuşlaýyn aradan aýyrmasada, olaryň ýüze çykyş derejesini peseltmäge kömek edip bilerler.

Sagdyn we peýdaly iýmitleniň – deri ýyrtylmalarynyň öňüni almakda beloklaryň ähmiýeti uly bolup, olar elastini we kollageni emele getirmäge gatnaşýarlar. Şeýle-de, ir-iýmişleri we bakja önümlerini, suwy (ýöne bedende çişginliligiň döräp biljekdigini ýatda saklaň) ýeterlik derejede kabul etmäge çalyşmalydyr. Iýmitiňize ösümlik ýaglaryny, towuk we sygyr etini, ýumurtgany, peýnirleri, kösükli önümleri, dürli maňyzlary goşmaga çalşyň. Göwrelilik döwründe wajyp bolan witaminleriň içinden E witaminine üns beriň. Bu witamin deriniň hilini gowulandyryp, birleşdiriji dokumada toplanýan ýaramaz maddalary çykarmaga ýardam berýändir.

Beden agramynyň görkezijilerine üns beriň – beden agramynyň çalt ýokarlanmagynyň deri üýtgemelerine getirip biljekdigini ýatda saklap, göwrelilik döwründe 10-12 kg. artyk agralmazlyga çalşyň. Eger lukman gadagan etmeýän bolsa, göwreliligiň möhletine baglylykda hereketde boluň.

Oňaýly egin-eşik saýlaň – göwreliligiň dördünji aýyndan, garnyň ulalmagy bilnip başlanyndan soň, göwrelilik döwrüne ýaramly eşikleri saýlap alyň. Hökman ýasy asgyçlary bolan göwüslikleri geýiň. Göwreliligiň bäşinji aýyndan soň, ýörite saýlanyp alnan guşak (bandaž) hem, deriň ýyrtylmasynyň ýüze çykmagynyň öňüni alyp biler.

Kosmetiki serişdeleri ulanyň – kosmetiki kremdir gelleri deri ýyrtylmalaryna garşy ýaramly eke-täk serişde höküminde saýlap bolmasa hem, başga çäreler bilen birlikde ol peýdaly netijeleri berip biler. Deri ýyrtylmalaryna garşy ulanylýan serişdeler elastin we kollagen emele getirýän öýjükleriň işini tijendirýärler. Ondan başga-da, bu kremleriň düzümine nemlendiriji we iýmitlendiriji maddalar, şol sanda E witamini hem goşulýandyr. Düzüminde kollagen saklaýan, ýörite taýynlanan kosmetiki serişdeler bolmadyk ýagdaýynda zeýtun, şetdaly, badam ýaglary peýdaly bolup bilýändir. Öý şertlerinde derini arassalamak üçin duz, ýakylan şeker ulanylyp bilner. Öý şertlerinde deri ýyrtylmalarynyň öňüni almak maksady bilen şeýle serişdäni hem taýynlap bolýar:zeýtun ýagynyň we aloe ösümliginiň ýarym stakanyny, E witamininiň 10 damjasyny we A witamininiň 5 damjasyny goşuň. Bu garyndyny aýnadan ýasalan gaba salyp, sowadyjyda saklaň. Bedeniňiziň talap edýän ýerlerine her gün, azyndan iki aýyň dowamynda çalyp, siz gerekli netijeleri alyp bilersiňiz. Serişdäni owkalama hereketleri bilen deri ýyrtylmasy ýüze çykyp biljek ýerlere: göwüs mäzlerine, garnyň ýüzüne, butlara, ýanbaşlara, goltuklara çalyň. Sypalama we çümmükleme hereketleriniň gezekleşdirilmegi gowy netijeleri berip, garnyň ýüzündäki deriniň ýyrtylmalarynyň öňüni alyp bilýändir. Göwüs mäzleri, butlary we ýanbaşlary bolsa galyň, maher süpürgiçler bilen süpürmek peýdaly bolar.

Eger deri ýyrtylmalaryny aýyrma barada siz olar emele gelenden soň pikir eden bolsaňyz, bu ýagdaýyň öňüniň alnyp bolunmajagyny bilmeldir. Her zat bolsa-da deri ýyrtylmalarynyň kesel däldigini ýatda saklap, oňa göwrelilik döwründen galan ýadygärlik höküminde garamaga başarmaly. Siz Ene bolduňyz ahyryn! Deriniň ýyrtylmasy ýaly ownuk kynçylyklar sizi alada goýmaly däldir. Eger göwrelilik döwri deriniň ýagdaýyny üýtgetmek size başartmadyk bolsa, onda olara bolan garaýşyňyzy üýtgetmäge çalşyň.

Eger bu kynçylyk sizi iňkisä goýýan bolsa döwrebap ulanylýan çärelerden peýdalanmaga çalşyň. Häzirki wagtda lazer bilen tekizleme, himiki arassalaýyş, mezoterapiýa, ozon sanjymlary ýaly çäreler deriniň ýüzüni tekizläp, kosmetiki kemçiligi aradan aýyrmaga kömek edýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Tarhan. 2014-07-06 01:14
Näme üçin bizde türkmen radiosynda, telewizorda, gazet-žurnallarda degerli materiallar berilmeýär. Bu wajyp bolmak bilen aýallar üçin uly kömek bolardy. Bir hili olar ünsden düşürilen ýaly.
Sitata
 
 
#3 Köp çagaly. 2014-07-01 21:51
Bedeniň özge ýerlerem üýtgeýändir weli birnäçe göwrelilikden soň garyn derisi aýratyn uly üýtgemä sezewar bolýar. Eger-de zenan oňa bolan aladany etmese ýa-da lukmanuň görkezmelerine parhsyzlyk etse soň düzedip bolmajak ýagdaýa eltýär.
Sitata
 
 
#2 Gülälek. 2014-06-29 00:27
Bir näçe eneler aýratyn hem ýaş eneler göwrelilik döwründen soň öňki tabyny saklamaga ürç edýärler ýa-da bolmasa arzuw edýärler Bu saýtda ýazylanlary başaryp ulanyp bilseler olar üçin uly kömek bolardy.
Sitata
 
 
#1 Ýaş eje. 2014-06-28 00:40
Makalaňyza sag boluň. Edil meni gyzyklandyrýan soraglara jogap beripsiňiz.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele