Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Sagdyn göwrelilik GELJEKKI ENELERIŇ GORKULARY WE HOWSALALARY
( 21 Ses Berme )

Siz  öz durmuşyňyzda howsalaly ýagdaýlary ýygy başdan geçirýärsiňizmi? Siz hemişe onuň döreýiş sebäbini anyklamagy başarýarsyňyzmy? Howsala düşme düýgusy biziň gurşawymyzda ýa-da bedenimizde bolup geçýän duýdansyz üýtgemelere jogap hökmünde kabul edilip,  bize gönükdirilen howplulyga jogap bermäge kömek edýändir. Ýöne aşa ýüze çykýan howsalalyk düýgusy,  tersine,  biziň kadaly ýaşaýyş düzgünimize ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Göwrelilik döwründe aýal bedeni düýpli üýtgemelere sezewar bolup,  bu ýagdaýyň özi gorkynyň,  howsalanyň ýüze çykmagyna itergi berip bilýändir. Bedende fiziologiki  üýtgemeleriň,  ýlaýtada endokrin we merkezi nerw ulgamynda döreýän üýtgemeler göwreli aýalyň fiziki taýdan gowşamagyna,  çalt ýadamagyna,  emosional taýdan durnuksyzlygyna getirip, howsalalyk düýgusyny has hem ýokarlandyryp biler.

"Men şeýle bir aglak bolupdyryn. Çala biri gaýra söz diýilse gözüm ýaşaryp ugraýar. Başga wagt olara men üns hem bermezdim. Hemme zady hem göwnüme alýaryn".

"Maňa hiç kim düşünenok. Misli meni hiç kim eşitmeýän ýaly. Men gaharlanyp başlaýaryn. Adamym (gaýynenem,  doganym) bilen hem köp tersleşýän. Onuň maňa düşünesi gelmeýän ýaly. Öň biziň gatnaşygymyz beýle däldi ahyryn".

"Men ukusyzlykdan ejir çekýärin. Gijelerine gözüme çiş kakylan ýaly. Şonuň üçin  hemişe ýadaw ýaly bolup görünýärin".

Geljekki eneleriň şeýle görnüşli arzlaryny diňläp,  olara kömek etmäge ymtylýarsyň. Howsalalygy ýeňip geçmekde netijeli kömegi bermek üçin bolsa,  ony döredýän sebäpleri anyklamagyň wajypdygyny lukmanlar belläp geçýärler.

Eýsem,  göwreliligiň fiziologiki hem-de ruhy aýratynlyklary   nukdaýnazaryndan gorkulara,  howsalalara haýsy sebäpler getirip bilerkä?

Meýilleşdirilmedik,  duýdansyz ýüze çykan göwrelilik bu ýagdaýda aýal öz saglyk ýagdaýy (eger ol bejergini talap edýän bolsa),  maşgalanyň durmuş meýillerinde bu hadysa bilen bagly bolup biljek oňaýsyz üýtgemeler babatda howsalanyp biler.

Göwrelilik döwründe ýüze çykyp biljek gaýraüzülmeler dogjak çaganyň saglygy ugrundaky alada bolup,  howsalalyga getirjek sebäpler köpdürlüdir (meselem,  dümew ýa-da gyzylja ýokançlygy bilen kesellemekden gorkmak, kesellere garşy geçirilen waksinasiýanyň  wagtynda alynmandygyny ýatlama, işlenýän kompýuterden çykýan şöhlelenmeden howatyr almak we başgalar).

Çaga dogmadan gorkma çaga dogrumy wagty öz bedeniňe erk edip bilmezlik ýagdaýy,  dogrumdaky agyrylar we başgalar.

Genetiki sebäpler gözegçilik etmesi kyn  tebigy sebäplere görä kemçilikli,  keselli çaganyň dogulmagy.

Beden görki bilen bagly – göwrelilik döwründe deride, beden syratynda bolup biljek üýtgemelerden howsala düşmek. Aýaly "Men öňki ýagdaýyma gelip bilermikäm?" diýen sorag iňkise goýýar.

Dogjak çaganyň saglygy babatda howatyrlanma döreýän howsalalaryň iň köp duş gelýän görnüşidir.

Gowy ene bolup bilmezlikden gorkma – çagany dogry idetme ukybyna ynamlylygynyň bolmazlygy.

Çaganyň durmuşy babatda  jogapkärçiligi duýmadan howsalalanmak-enäniň çagasyna jogapkärçiligi duýşy ýaly,  hiç kim başga adamynyň ömri hem-de saglygy üçin şeýle jogapkärçiligi duýýan däldir.

Gelejekden gorkmak-çaganyň dogulmagy bilen bagly maşgalada bolup biljek üýtgeşmelerden (hünärde ösüşden  galma,  ýaşaýyş jaý hem-de maddy kynçylyklar, adamsy bilen aragatnaşygyň üýtgemegi we başgalar) gorkma.

Gorkulara,  howsalaly ýagdaýlara getirýän faktorlary anyk ýüze çykarma,  olary ýeňip geçmekde ädilýän ädimleriň esasy  bölegi bolup durýandyr. Indiki ädim bolsa bu sebäbi aradan aýyrmaga ýa-da onuň täsirini peseltmäge gönükdirilen bolmalydyr.

Göwreli aýaly we onuň çagasyny bu ýagdaýyň ýaramaz täsirinden goramak maksady bilen lukmanlar birnäçe peýdaly maslahatlary  berýärler:

Sizde dörän göwrelilik ýagdaýyny özüňiziň täze ýagdaýyňyz,  durmuş ýörelgäňiz hökmünde kabul edip, özüňize göwreli bolmagy "rugsat beriň". Siziň durmuşyňyzda dörän çagany,  onuň isleglerini duýmagy, kabul etmegi öwreniň. Öz islegleriňizi hem durmuşa geçirmekden çekinmäň. Günüň ortasynda dynç  alma  bolsun,  özüňiziň halaýan eşigiňizi ýa-da tagamyňyzy  satyn alma bolsun, tapawudy ýok! Goý, göwrelilik döwri siziň durmuşyňyza gadagan etmegiň döwri däl-de,  täze mümkinçilikleriň wagty ýaly goşulsyn.

Hemme ýüze çykan kynçylyklary birden çözjek bolup synanyşmaň. Mümkin, olaryň köpüsi sizsiz hem çözülip gider. Göwrelilige ýaşaýyş kynçylyklaryny terk etmegiň ajaýyp wagty ýaly serediň.

Göwreliligi mümkin boldugyça meýilleşdirmäge synanyşyň. Meýilleşdirme saglyk ýagdaýyny gözegçilikden geçirmäge, maddy  we ýaşaýyş jaý bilen bagly meseleleri wagtynda çözmäge itergi berip biler.

♦  "Göwreli" durmuşyňyza  adamyňyzyň hem işjeň goşulmagyny gazanyň. Öz ýagdaýyňyz barada (aş saýlamagyň kynçylyklarymy,  ilkinji gezek duýlan çaganyň gymyldysymy, USB-niň netijesi,  lukman bilen eden maslahatyňyz) gürrüň berip, ony hem habardar ediň. Eger ol gyzyklanýan bolsa,  aýallar maslahathanasyna hem bile gidip,  lukman bilen gürrüňdeş bolmakdan çekinmäň.

Bu jogapkärli döwürde ýadamadaň,  uzak tolgunmadan,  gaharlanmadan saklanyň. Halaýan kitaplaryňyzy okama,  sazlary diňleme, gowy görýän kinofilmleriňize tomaşa etme siziň emosional ýagdaýyňyza peýdaly täsir edip biler. Ösümlik otlary (narpyz) hem-de efir ýaglary goşulan ýyly wannalary (eger lukman tarapyndan gadagan etme bolmasa!) kabul etme hem nerw ulgamynyň kadalaşmagyna ýardam berip bilýändir.

Özüňizde döreýän howsala babatda adamynyzy,  maşgalanyň başga agzalaryny habardar ediň. Geljekki atanyň,  beýleki maşgala agzalarynyň hem göwrelide ýüze çykyp biljek emosional durnuksyzlyk ýagdaýlary (öýkeleklik,  aglaklyk,  keýpiň,  islegleriň üýtgäp durmagy,  birden döreýän gaharjaňlyk) babatda habarly bolmagy wajypdyr. Göwrelilik döwründe her bir aýdylýan sözüň,  edilýän hereketleriň göwreli üçin aýratyn mana eýe bolup,  düýbünden başgaça kabul edilýänini unutmaň. Bu döwürde göwreli aýaly maşgalanyň  maddy hem-de  ownuk guramaçylykly aladalaryndan çetleşdirme peýdaly bolup biler.

Doguljak çaganyň saglygynyň aladasy bilen ýaşaýan göwreli aýalda: "Meniň bu ýagdaýym çagamyň saglygyna zyýan etmezmi?" diýen sorag ýüze çykýar. Esasy düzgün-içki ýaramaz  emosional duýgulary daşyna çykaryp,  olary unutmakdyr. Göwreli aýal ýaramaz duýgulary içinde ýygnap saklamakdan gaça durmalydyr. Psihologlaryň bellemegine görä,  biraz derejede enede dörän stress ýagdaýynyň göwredäki çaga tarapyndan duýulmagy, çaganyň merkezi nerw ulgamyny,  oňuň  dogrumdan soňky sezewar bolup biljek gurşawyň ýaramaz şertlerine taplaýandygyny belleýärler. Dörän gaharlanmadan,  tolgunmadan soň,  göwredäki çagaňyza ýüzlenip düşündirme,  ötünç sorama, öz söýgiňizi bildirme peýdaly psihologiki täsirliligi üpjün edip biler. Ýogsa-da, beýle täsirliligi adamyňyz babatda hem ulansaňyz,  bu ýagdaý  siziň aragatnaşygyňyzyň has hem  berkleşmegine  goşandyny goşup biler.

Göwreliligiň geçiş aýratynlyklary, dogrum pursady, dogrumdan soňky döwrüň aýratynlyklary,  täze doglan çaganyň fiziologiýasy barada habarly bolmak üçin Saglyk öýlerinde gurnalýan gürrüňdeşliklere gatnaşyň.

Galyberse-de,  özüňizde siziň dowamyňyz bolan kiçijiň ýaşaýşyň döräp, kemala gelýändigini unutmaň. Başga aladalara gümra bolup, bagtly eneligi duýmak üçin tebigatyň Size gymmatly baýlygy peşgeş berenini unutmaň.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Okyjy. 2014-08-27 10:20
Bizde döwlet göwreli aýallar barada alada etsede entek bärden gaýdýar. Esasy bejergi, dynç almak hem-de maliýe ýagdaýyny gowulaşdyrmak. Bularyň hemmesi geljekki nesil hakyndaky alada ahyryn.
Sitata
 
 
#6 Baharly. 2014-08-16 05:30
Durmuşyň her bir öwrümi howsala bilen utgaşyp gidýär. Göwreli üçin ol ýaramaz ýa-da durmuşy bir gowy zat ýaly hem geçmegi mümkin. Ýeňil gowy geçmegi esasan arkasynda dag ýaly bolup durýan adamsyndan we maşgalanyň uly agzalarynyň tagallasyndan ybaratdyr.
Sitata
 
 
#5 Köp çagaly ene. 2014-08-13 11:00
Göwrelilik aýal üçin uly synag diýeli, ekzamen diýseňem boljak. Ondan üstünlikli geçmek köp zatlardan bagly. Esasy rahatlyk, arassalyk, iýmit, çaga dogandan soňky durmuşa ynamly garamak.
Sitata
 
 
#4 Jan köýer. 2014-08-03 20:52
Bizde dogrumy aýtsam äsgermezlikdenmi, bilmezlikdenmi ýa-da feodal göz bilen garaýanlygy üçinmi erkekleriň birnäçesi göwreli aýalyna duýgudaşlyk etmekdenä geçen, gaýtam oňa yzly-yzyna guzlap ýören bogaz sygyra sereden ýaly garaýarlar. Örän haýp!
Sitata
 
 
#3 Gülsona. 2014-07-24 00:01
Ýaş aýalyň göwrelilik döwründe bedende nähili üýtgeşiklikler bolup geçýändigini lukmançylyk açyk subut edýär. Esasy mesele göwreli aýal şolara uýgunlaşmaga, başdan geçirmäge taýynmy we haýsy adamlardan kömege mätäç. Bular çalt çözülmeli meseleler bolup durýar.
Sitata
 
 
#2 Aýsenem. 2014-07-14 01:17
Çaganyň saglygy hakyndaky alada entek çaga enäniň içinde bolan wagtyndan başlanýar diýip lukmançylyk ylmy subut edýär. Ol bolsa göwreli aýalda we ony gurşap alýan adamlarda, ýagny maşgala agzalary, garyndaşlary, bile işleýän adamlary üçin uly jogapkärçilik döredýär.
Sitata
 
 
#1 Göwreli zenan 2014-02-16 14:57
Makalaňyz üçin sag boluň. Okap göwnüm giňäp gitdi. Basyp barýan tukatlygym zym-zyýat boldy.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele