Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Sagdyn göwrelilik GÖWRELILIK DÖWRÜNDE ULTRASES BARLAGYNY GEÇIRMEK HOWPLYMYKA?
( 28 Ses Berme )

Göwrelilik döwründe aýal gam çekme, garaşma, howsala düşme, begenme ýaly dürli emosional ýagdaýlara häli-şindi sezewar bolýar. Bu döwürde  tolgunma, begenme ýagdaýy ultrase barlagyny (USB) geçmek bilen hem baglanşyklydyr. Ýöne köp halatlarda bu barlag usuly öz howpluylygy ýa-da howpsuyzlygy babatda aýallary pikirlenmäge mejbur edýär. Dogrudan hem, USB geçmek dogmadyk çaga üçin howplumyka?

Soňky ýyllarda, USB-niň çaga düwünçeginiň hromosom toplumyny dargadyp biljekdigi baradaky pikirler alymlar tarapyndan orta atyldy. Ýöne bu pikir amaly lukmançylykda öz subutnamasyny tapman galdy. Eger bu hakykatdan hem şeýle bolýan bolsa, onda genetiki bozulmalar bilen dogulýan çagalar Ýer togalagynyň ýarysyny tutardy. Diňe Russiýada USB-ni göwrelilik döwründe 3 gezek geçirýän bolsalar, Germaniýada, şeýle hem başga birnäçe Ýewropa ýurtlarynda bu barlagy göwreliler her 2 hepdeden bir gezek geçýärler.

Hakykatdan hem, göwreliligiň birinji ýarymynda (esasan hem 7-8 hepdä çenli)  düşme howpy ýüze çykanda USB-ny geçirmek, bu ýagdaýy has hem agyrlaşdyryp biler.  Ultrases tolkunlarynyň ýatgynyň diwarlaryndan yzyna gaýtmagy, titreme ýagdaýyny döredip, ýatgynyň myşsalarynyň ýygrylmagyna getirip biler. Şeýle hem, jynshana salnan datçik bilen  geçirilen USB-i hem, ýatgynyň boýunjygynyň ýetmezçiliginden ejir çekýän göwreliler üçin howply bolup bilýändir. Ýöne bu ýerde gep çaga düwünçegine ýetirilýän zyýan barada däl-de, datçigiň eýýäm açylyp başlan ýatgynyň boýunjygynyň ýene gysgalyp açylmagyna getirip biljegindedir.

Ýöne göwrelilik döwründe USB-iň peýdasy, onuň güman edilýän howplulygyndan has köpdür. Dogrudan hem, bu barlagy ulanmazdan biz nädip çaga ýansuwlarynyň mukdary, onuň ýoldaşynyň, gan aýlanyşygynyň ýagdaýyny anyklap bilerdik? Lukmançylyk görkezmeleri boýunça, köp aýallara göwrelilik döwründe bu barlagy her 2-3 hepdeden bir gezek geçirmeli bolýan halatlary hem bolýar. Eger bu barlag çaga düwünçeginde genetiki näsazlyklary döredýän bolsa, onda şeýle aýallarda sag çagalar dünýä inmezdi.

USB-i çaganyň ösüşinde ýüze çykýan bozulmalary, ösmeýän göwreliligi ýüze çykarmaga kömek edýändir. Bu barlag wagtynda düwünçegiň düşme howpy anyklanylyp, lukmana özwagtynda we dogry bejergi bellemäge kömek edýär. Dogrumyň öňisyrasynda USB-i çaganyň boýnuna göbek bagynyň oralmagyny hem anyklamaga kömek edip, bu ýagdaý çaga howp salýan bolsa, dogrumy kesarewo kesimi operasiýasy bilen gutarmaga we sag çaganyň dünýä inmegini gazanmaga  mümkinçilik döredýär. Bu barlag ene we çaga üçin howply bolan, çaga ýoldaşynyň öňde ýerleşme ýagdaýyny hem özwagtynda anyklap, degişli çäreleri amala aşyrmaga kömek edýändir.

Belki-de, USB-i göwrelilik döwründe belli bir derejede ýaramaz täsirini ýetirýär diýip şübhelensek hem, şu günki güne çenli onuň gönümel howplulyk derejesi alymlar tarapyndan subut edilen däldir. Bu barlagyň peýdasy bolsa  dünýäniň köp lukmanlary tarapyndan ykrar edilendir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Ýaran. 2016-05-27 22:45
Ultrases barlagynyň emele getirýän zyýany hakynda aýdyp dursaň, onda näme köpden böri lukmançylykda giň gerim bilen ulanylýan rentgen we flýurografiýa hem haýsyda bolsa şöhleler arkaly amala aşyrylýar. Ýöne näme olaryň peýdasyna seredip otursaň zyýanyndan agdyk gelýär.
Sitata
 
 
#5 Meýlis. 2016-05-24 12:02
Iki oglum doganda US barlagynyň kömegi bilen pikir edip ýörmän birnäçe wagt öňünden bildik. Ogul islämsoňyz bilýärmisiňiz aýalym ikimiz nähili şatlyk duýgusy bilen ýaşadyk. Ýakyn dostlarym bilen çaga dogmanka näçe gezek keýpden çykyp ýuwdygam. Ol enjamy oýlap tapana uly minnetdar.
Sitata
 
 
#4 Sona. 2015-12-30 02:21
Makalada ýazylyşyna görä ultrases barlagynyň peýdaly we zyýanly taraplary barada ýaňzydylýar. Ýöne yza ser salsaň öňki döwürde hem kemis çagalar sansyz sajaksyz dogulypdyr. Şolary göz öňünde tutsaň ultrases barlagyna müňkirçilik etmek ýerliksiz bolarmyka diýýärsiň.
Sitata
 
 
#3 Ýaş gelin. 2015-12-26 01:37
Menem tesbirçi Studentiň beren soragynynyň jogabyna garaşdym, bilesim gelýär. Göwrelilik döwründe barlaglar, şol sanda ultrases barlagy töleglimi? Gaýrat edip jogap ýazaýyňda!
Sitata
 
 
#2 student 2015-12-15 04:42
Quoting Şepagat uýasy.:
Her bir saglyk öýünde we hassahanalarda ultrases barlagy otaglarynyň işläp durmagy bilen barlagyň lukmançylyga önjeýli girendigine göz ýetirýärsiň. Oňat tarapy hem adamlaryň ol barlaga sarpa goýmaklary we uly ynam bildirmeklerinden ybaratdyr.


hamylalykda periyodik US barlagy töleglimi ?
Sitata
 
 
#1 Şepagat uýasy. 2015-12-14 23:29
Her bir saglyk öýünde we hassahanalarda ultrases barlagy otaglarynyň işläp durmagy bilen barlagyň lukmançylyga önjeýli girendigine göz ýetirýärsiň. Oňat tarapy hem adamlaryň ol barlaga sarpa goýmaklary we uly ynam bildirmeklerinden ybaratdyr.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele