Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Sagdyn göwrelilik GÖWRELILIK WE ÇAGANYŇ ÝAN SUWLARYNYŇ ÝAGDAÝYNYŇ AÝRATYNLYKLARY
( 23 Ses Berme )

Çaganyň ösüp kämilleşýän çaga haltajygyna "amnion" diýilýär. Göwreliligiň başyndan ol düwünçegiň ene göwresiniň içinde ösmegi üçin şert döredýär. Çaga haltajygynyň esasy wezipeleriniň biri hem ýansuwlaryny işläp çykarmakdyr.

Çaga ýansuwlarynyň ähmiýeti

Göwreliligiň başyndan başlap, çaga dogulýança ýansuwlar birnäçe möhüm funksiýalary ýerine ýetirýändirler:

Alyş-çalyş hadysalary – düwünçek üçin möhüm maddalar ýansuwlardan alnyp, işlenilen önümler ol suwlara göýberilýändir we enäniň peşew çykaryş ulgamy arkaly çykarylýandyr.

Şikeslerden goramak – ýansuwlar ygtybarly "howpsuzlyk ýassygyny" döredip, düwünçegi dürli şikeslenmelerden, urgulardan goraýandyr. Şonuň ýaly-da, amniotiki suwuklyk göbek bagyny gysylmadan goraýandyr we dokumalaryň sepleşmeginiň öňüni alýandyr. Ondan başga hem, ýansuwlar çaganyň işjeň gymyldamagy we kämilleşmegi üçin oňaýly şertleri döredýändir.

Arassa gurşaw – ýansuwlar hemişe arassa bolup, olar düwünçegi ýokançlyklaryň täsirinden goraýandyrlar. Göwreliligiň dowamynda ýansuwlary her 3 sagatdan täzelenip, zerur bolan himiki düzümini saklaýar. Bu hadysa dogrum wagtynda ýansuwlaryň bütinleý akýan wagtyna çenli dowam edýändir.

Dogruma gatnaşmak – çaga ýansuwlary diňe göwrelilik wagty peýdaly gurşawy döretmän, ol dogrumyň gidişine hem peýdaly täsir edýändir. Dogrum çaga haltasynyň aşaky böleginde ýerleşýän öňki suwlaryň gitmegi bilen başlanýar. Ýansuwlar ýatgynyň boýunjygyna basyş edip, onuň açylmagyna ýardam berýär. Suwlar burgy wagty çaga üçin ýaramly şert döredip, dökülenlerinde bolsa dogrum ýollary ýuwup, çaganyň aňsat geçmegine kömek berýär.

Çaga ýansuwlarynyň düzümi

Göwreliligiň dürli möhletlerinde çaganyň ýansuwlary mukdar we hil taýdan üýtgäp durýandyr. Ýansuwlar beloklary, ýaglary, gormonlary, fermentleri, witaminleri, uglewodlary, kislorody, kömürturşy gazyny, immunoglobulinleri, düwünçegiň gan gruppasyny kesgitleýji antigenleri öz düzüminde saklaýandyrlar. Şeýle hem, ýansuwlaryna çaganyň derisiniň bölejikleri, ýag mäzleriniň önümleri, enäniň ganyndaky maddalar düşýändir.

Amniotiki suwlar göwrelilik döwrüniň dowamynda üznüksiz döreýän bolsa hem, mukdary boýunça tapawutlanýandyrlar. Göwreliligiň möhleti ulaldygyça, onuň mukdary köpelip, göwreliligiň 36 hepdesinde 1000-1500 ml. deň bolýandyr. Dogrumyň öň ýanynda enäniň bedeninden suwuklygyň köp çykarylýandygy sebäpli, ýansuwlaryň mukdary hem azalyp başlaýandyr.

Çaga ýansuwlarynyň ýagdaýynyň bozulmalary

Çaganyň kadaly ösmegi üçin ýansuwlaryň kadaly mukdarda we düzümde saklanmagy wajypdyr. Şu görkezijileriň üýtgemegi ýüze çykýan bozulmalar barada habardar edýändir:

→ Köpsuwlylyk – çaga ýansuwlarynyň mukdarynyň 1,5 l. köp bolmagy bu bozulmanyň dörändigini aňladýandyr. Köpsuwlylygyň döreme sebäpleri anyk belli bolmasa hem, lukmanlar ol ýagdaýa getirip biljek keselleri belläp geçýärler: böwrek keselleri, ýürek-damar ulgamynyň keselleri, süýji keseli, beden ýokançlyklary, ekiz çaga bilen göwrelilik, düwünçegiň dogabitdi kemçilikleri, rezus gapma-garşylykly göwrelilik. Köplenç bu bozulma göwreliligiň II we III ýarymynda duş gelip, birden döreýän köpsuwlylyk dogrumy çalt başlama üçin görkezme bolup durýandyr. Köpsuwlylyk çaganyň wagtyndan öň dogmagy, gan akmalar, çaganyň ýatgyda nädogry ýatmagy, çaga ýoldaşynyň işiniň ýetmezçiligi we giçki gestoz ýaly gaýraüzülmelere getirip bilýändir.

Azsuwlylyk – bu bozulma seýrek duş gelýän bolsa hem, çaga üçin howludyr. Amnion boşlugyň nemli örtüginiň işiniň ýetmezçilgi azsuwlylyga getirip, bu bozulmada çaganyň ýansuwlarynyň umumy mukdary 500 ml. köp bolmaýar.
Göwrelilik çaganyň ösüşiniň yza galmagy, onuň dowamly hopukmagy, dogrum güýçleriniň gowşaklygy ýaly gaýraüzülmelere getirip bilýändir.

Çaga ýansuwlarynyň akmagy – çaga haltajygy dogruma çenli öz bütewliligini saklamalydyr. Dogrum burgulary gidip durka ýansuwlary dökülip biler. Eger dogrumda wagtynda ýansuwlary dökülmese, ginekolog lukmany çaga haltajygyny deşip (amniotomiýa), ýansuwlaryny çykaryp bilýändir. Ýöne dogrum güýçleri başlanmazdan ýansuwlaryň dökülmegi, onuň wagtyndan öň gelýändiginden habar berip, bu ýagdaý lukmana tizden-tiz ýüz tutmak üçin görkezme bolup durýandyr. Eger çaga haltajygynyň ýokardan we gapdal tarapyndan deşilmesi bolup geçse, ýansuwlar az-azdan akar.

Göwreli aýal üçin çaga ýansuwlarynyň akýandygyny özwagtynda kesgitleme wajypdyr:

Hereket edilende ýa-da bedeniň ýagdaýy üýtgedilende jynshanadan bölünip çykýan suwuklygyň mukdary köpelýär;

Eger çaga haltajygynyň uly bolmadyk bölegi deşilse, suw az-azdan gelip, aýaklardan hem akyp bilýändir. Göwreli çanaklyk myşsalaryny ýygryp hem suwuklygy saklap bilmeýär;

Eger deşilme ujypsyz bolsa, ýansuwlaryny diňe ýörite synag zolajyklaryň (test) kömegi ýa-da jynshanadan çyrşak almak bilen anyklap bolar.

Köplenç göwreli aýallar bölünip çykmalaryň reňkinden onuň ýansuwlarydygyny anyklamaga synanşýarlar. Şeýle anyklama nädogry hereketlere getirip bilýändir. Ýansuwlary dury, seýrek gülgüne, ýaşylymtyl ýa-da goňrumtyl, bulançak reňklerde bolup bilerler.

Ýaşyl reňkli ýansuwlary – çaga ýansuwlary kadada suw ýaly durydyr. Göwreliligiň soňunda çaganyň derisiniň we deri çyrşagynyň bölejikleriniň goşulmagy netijesinde olar biraz bulançak bolup başlaýarlar. Şeýle ýagdaý kada bolup, çaganyň ösüşi üçin howpsuzlygy saklaýandyr. Haçanda dürli sebäplere görä, göwredäki çaga kislorod ýetmezçiligini duýanda, göni içegeden onuň täretiniň (mekoniý) ýansuwlara düşmegi bolup geçýär. Şeýle ýagdaýda ýansuwlary ýaşylymtyl ýa-da goňur bulançak häsiýete eýe bolup, çaga düwünçegi üçin howply ýagdaý döreýändir.

Ýokarda agzalan bozulmalar lukmana ýüz tutmak üçin görkezme bolup durýandyrlar. Bu bozulmalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin göwrelilik döwründe lukmanyň kadaly gözegçiliginde bolup, çaga ýansuwlarynyň ýagdaýyny anyklamaga kömek edýän barlaglary (USB, KTG, rezus-antitela, ganyň we jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän ýokançlyklaryna barlag) wagtynda geçmek zerurdyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele