Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Sagdyn göwrelilik GÜNBATAR ÝURTLARYŇ TEJRIBELERI: GÖWRELI ENELER WE ATALAR
( 21 Ses Berme )

Ýaş türkmen atalary näderejede gelinleriniň göwrelilik döwründäki durmuşyna gatnaşýarlar we olaryň başyndan geçirýän ýagdaýlary barada habarly bolup durýarlar? Jübütleriň durmuşyň gymmatly we wajyp wakasy baradaky düşünjeleri, garaýyşlary näderejede döwrebap bolup, halkara tejribelerine gabat gelýär?

ABŞ-da çaga garaşýan jübütler dost-ýarlaryny habardar edenlerinde: "Biz göwreli bolduk!" diýip, buýsanyp şatlykly habary yglan edýärler. Bu nämäni aňladyp biler? Bu jümlä "Biz ikimiz hem çaga düwünçeginiň emosional, fiziki taýdan ösmegine deň jogapkär" diýilýän manysynda düşünilmelidir. Atalar eneler bilen bilelikde göwrelilik döwrüni geçirmäge, dogruma taýýarlyk görüp başlaýarar. Eýsem, beýle taýýarlyk nämäni aňladýar, haýsy çäreleri öz içine alýar?

Göwreli eneler, atalar we lukman aragatnaşygy

Göwreli aýal näçe sagdyn we fiziki taýdan güýçli boldugyça, şonça-da onuň sagdyn çaga dünýa indirmek töwekgelçiligi ýokarlanýar. Öz bedeniňe, saglygyňa üns bermek düşünjesi gyzlara ýaşlykdan, mekdep ýyllaryndan öwredilip başlanýar. Göwrelilik döwründe enäniň we doguljak çaganyň saglygyny goramak maksady bilen geçirilýän çäreler, aýal-gyzlaryň saglygyny goramak babatda edilýän işleriň möhüm, çylşyrymly we gerekli bölegi bolup durýar. Bu idege göwreliligiň ilkinji günlerinden başlamaga çagyryş edilýär. Göwrelilik döwründe geçirilýän ideg çärelerine esasan hem, dokuz aýyň dowamynda lukman bilen kadaly duşuşyklary we ýörite barlaglary geçmek degişli edilýändir.

Atalar bellenilen wagtynda aýallary bilen lukmanyň barlaglaryndan geçmäne, lukmanyň özünden maslahat almana, gyzyklandyrýan soraglaryny bermäne barýarlar. Lukman bilen duşuşyklarda jübütleriň ikisine hem söhbetdeşlige deň gatnaşmaga mümkinçilik berilýär, göwrelilik döwründe bolup geçýän üýtgemeler barada gürrüňdeş bolnup, çaga garaşýan jübütler habardar edilýär. Jübütleriň lukmanyň ýanyna bile barmaklygynyň göwreli aýal üçin uly emosional, ruhy goldaw bolup durýandygy barada düşünje giňden ýaýraýar. Lukmanlar atalaryň şeýle ünsli gatnaşmagyna begenýärler we olaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda mahabatlandyryş işlerini alyp barýarlar. Atalar bäbegiň ilkinji ýürek urşunyň sesini eşitmegi, görmegi uly bagt diýip belleýärler. Ýone bu duşuşyklar diňe bir gezek bilen çäklenmeýär. Göwrelilik döwründe wagtly-wagtynda barlaglardan geçip durmak, lukman bilen görşüp, onuň maslahatlaryna eýermek dokuz aýyň içinde kadaly bir ýagdaýa öwrülýär. Duşuşyklarda lukmanlar göwreli aýala näsag höküminde garamaýalar, gürrüňdeşlik onuň emosional özgermeleri, gaýgy-aladalary barada hem gidip bilýär. Lukmanlar enäniň gowy iýmitlenmegini, ýagdaýyna görä kadaly maşklary ýerine ýetirmegini, açyk howada gezelenç etmegini nygtaýarlar. Meselem, sagdyn göwreli aýal üçin açyk howada pyýada ýöremegiň ähmiýeti düşündirilýär. Sagdyn aýal göwrelilik wagtynda öz bedenini uzyn aralykdaky "marafona" taýynlaýar diýen deňeşdirmeler hem ulanylýar. 24-33 sagat dowam edýän burgulary başdan geçirip çaga dogurmak uçin aýal gowy iýmitlenmeli, ýoldaşyndan, garyndaşlaryndan emosional godawy alyp, bedeni fiziki taýdan taplamalydyr.

Lukmanyň ýanyna näçe gezek barmaly?

Aýagy agyr aýal sagdyn bolup, göwrelilik agyr keselleriň täsiri bilen gaýryüzülmeli geçmedik ýagdaýynda, ol lukmanyň ýanyna şu ýygylykda barýar:

→ Göwreliligiň 4-28 hepde aralygynda – aýda bir gezek;

28-36 hepde aralygynda – iki hepdeden bir gezek;

36-40 hepdede – hepdede bir gezek.

Şunuň ýaly duşuşyklar göwreli aýal we onuň çagasynyň saglygyna zerur bolup duran adaty ýagdaý hökmünde garalýar. Kiçi saglyk meseleleri uly kynçylyklara öwrülmäkä, olaryň oňüni almak üçin, bellenilen wagtda lukman bilen görüşmegiň wajypdygy barada aýal-gyzlaryň düşünjesi ýokary bolup durýar.

Gorkmaň! Jogäpkärli we bilelikde taýýarlanyň!

Lukman bilen kadaly duşuşyklarda jübütlere dogruma taýýarlyk görmäne gowy mümkinçilik döreýär. Gunbatarda ýaýran tejribä görä, dogurýan aýalyň ýanynda onuň garyndaşlaryna, hossarlaryna dogrum geçýän otagda, öz eşiklerinde aýala emosional goldaw bermäge rugsat berilýär. Soňku 20 ýylyň içinde dogrum otagynda atalaryň görünmegi we olaryň dogruma işjeň gatnaşmagy adaty bir zada öwrüldi. Internedyň ösmegi bilen atalar dogruma degişli maglumatlary Internetden tapyp taýýarlanýarlar, okaýarlar. Ýone köp jübütler indi çaga garaşýan jübütler üçin niýetlenen, doly maglumaty berýän sapaklara gatnaşmaga ymtylýarlar.

Şünüň ýaly sapaklary ýorite döwlete garaşly bolmadyk jemgyýetçilik guramalary geçirýärler. Lukmanlar göwreli aýallara göwreliligiň 7-nji-8-nji aýynda sapaklara gatnaşmaga maslahat berýärler. Sapaklara dogrum wagtynda aýala goldaw berjek ýoldaşy ýa-da onuň jorasy, garyndaşy gatnaşyp bilýär. Sapaklar 6-8 hepde dowamlylykda geçirilip, hepdede 2 sagat dowamlylykly duşuşyklary düzýändir.

Sapaklaryň esasy maksatlary – jübütleriň dogruma emosional taýdan taýýarlanmak islegini kanagatlandyrmak, aýalyňa peýdaly emosional goldaw bermek, ajaýyp dogrum hadysasyna gatnaşmak we göwrelilik, dogrum barada dogry ylmy düşünjeleri öwrenmek, garaşylmadyk ýagdaýlara taýýarlanmakdyr. Sapaklar leksiýalar görnüşinde dälde, özara pikir alyşma we söhbetleşme, öýunlaryň üsti bilen, sorag-jogap görnüşinde geçirilýär.

Sapaklar şuňa meňzeş we beýleki maglumatlary öz içine alýarlar:

► Göwrelilik, dogrum we dogrumdan soňky döwür barada ylmy esasda, lukmançylyk taýdan anyk we dogry maglumatlar. Dogrumda bolup biljek garaşylmadyk ýagdaýlar barada maglumat.

Göwrelilik döwründe sagdyn iýmitlenmek we fisiki maşklaryň ähmiýeti. Atalaryň bu çärelere goşulyp, berip biljek kömegi.

Dogrum wagtynda burgulary ýeňil geçirmek üçin ulanylýan dem alyş usullary. Bedeniňi nähili gowşatmaly? Dogrum stressini nähili peseltmeli? Burgular tutýan wagtynda aýal üçin iň amatly oturmak, durmak, gezmek ýagdaýlary öwretmek. Atalaryň bu çäreleri geçirmekde berip biljek kömekleri barada dogry we peýdaly maglumatlar.

Aýalda burgular başlap tä çaga dogulýan wagtyna çenli aralykda atalaryň berip biljek goldawy we dogry hereketleri barada maglumat.

Sapaklarda çaga garaşýan jübütler özara tanyşýarlar, maglumatlary we pikirleri bilen paýlaşýarlar.

Eýsem, medeniýetimize görä bu tejribeleriň haýsysyny ulanma biz üçin peýdaly bolarka? Biziň jemgyýetimizde ýaş çatynjalaryň şeýle zatlary öwrenmäne islegleri barmyka?

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.info saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#11 Nazar. 2016-05-27 01:09
Göwreli atalar we eneler hakynda saýtda ýazylanlar bizde türkmenler üçin täze bir durmuş ýörelgesiniň ýüze çykmagy bolup durýar. Günbatar ýurtlarda we Amerikan kontinentinde öňräkden dowam edip gelýän bu ýörelge biziň durmuşymyzada köpçülikleýin girizip bolsa örän ýerlikli we peýdaly bolardy.
Sitata
 
 
#10 Berdili. 2016-03-20 00:13
Bizde 2008-nji ýyla çenli internet bolmady. Ol diňe ikinji prezidentiň goldawy blen ýola goýuldy. Indi ýaşlar onuň hyzmatlaryndan ulanmak bilen dünýäniň ösen ýurtlarynda bolup geçýän özgertmeleri öwrenip, saýtda ýazylan makalalaryň esaslaryny durmuşa ornaşdyrarlar. Ana, şonda olaryň durmuşy oňat öwrümlere ulaşar.
Sitata
 
 
#9 Çerkez. 2016-01-28 23:24
Saýtda ýatladylýanlaryny bizde jübütleriň aňyna ornaşdyrmak üçin lukmanlaryň uly tagallasy, galybersede döwlet habar beriş ulgamynda lukmanlaryň, mugallymlaryň çykyşlary bilen düşündirilse maksada laýyk bolardy.
Sitata
 
 
#8 Obaly. 2015-11-24 00:10
Göwreli aýaly bilen lukmanlaryň ýanyna gatnap ýörmek türkmen erkekleriniň mentalitetine gabat gelenoga. Ony olaryň aňyna guýmak "gysyr sygyrdan göle almak" ýaly bir zat bolup duraýmasa.
Sitata
 
 
#7 Bibiş. 2015-11-18 00:59
Dogurýan aýallaryň 20-30 sagada çekýän burgusyny erkeklere ýanynda bolmak bilen görkezilsedi, olar esasan hem türkmen erkekleri dogurma däl, eýsemde bolsa şu dünýä dogulyp gelmekden hem ýüz öwürerdiler.
Sitata
 
 
#6 Maksatly. 2015-10-01 18:49
Şu durmuş üçin möhüm zatlar ýaşlara ygtybarly öwredilse bizde çaga üstünden heläk bolýan aýallaryň sany uzul kesel azalardy.
Sitata
 
 
#5 Ýaşuly aýal. 2015-09-16 19:34
"Hiçden giç hem bolsa ýagşy" diýilişi ýaly ýaşlar bir gelinlerine hemme babatdada gerekdir weli, aýratyn hem doguranlarynda söýget bolsalar örän ýakymly bolardy. Biz doguramyzda gyz dogaýsa kömekden geçen kakalarynyň keýpi bolman öýden çykyp giderdi.
Sitata
 
 
#4 Aýal. 2015-09-15 01:10
Waheý! Nämäň gürrüňini edýärsiňiz. Meniň çagalarymyň kakasy göwrelilik döwründe
oňa özüniň dahyly ýok ýaly alyp barardy. Özi ýokary bilimli, gepletseň özüni düşünjeli, hemme zady bilýän, özüni adamkärçilikli hasap edýän, aýal maşgalada kadada bolmaly zat diýip, wagty bolanda çaga dogurylýan öýüne "taşlap" gaýdardy. Çaga bolandan soňam habar tutardy. Myňa näme diýjek!
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2015-09-14 01:44
Tesbirçilerem dogry belläpdirler. Howa, biziň geljekki kakalarymyz hiç haçan biz göwreli boldyk diýmezler. Gelniňiz göwreli ýa-da gelniniň ady tutup "pylany göwreli" diýip äşgär edip, hamala ol ýagdaýa özleriniň gatnaşygy ýok ýaly alyp bararlar. Hemme kynçylyklary göwreli zenanyň atadan goldawsyz çekýän halatlary gaty köp.
Sitata
 
 
#2 Gerçek 2015-09-12 13:03
Elbetde biziň güneşli ülkämizde ýigitler kaka bolýanlygyna begenseler-de göwrelik döwürine ünsi köp bermeýäler. Olar muňa zenan maşgalanyň işine goşulmazlyk ýa-da biraz erkek adam olar ýaly ýerlerde gelni bilen gidip ýörmez diýen "çaga dogurýan men däl" diýen düşünje bilen gezýärler
Sitata
 
 
#1 Zenan. 2015-09-12 01:03
Gerekli we gaty peýdaly tejribe. Ýöne biziň sebitlerimiz üçin arzuw. Şol arzuw bolman durmuşa ornaşdyrylsa göwreli enelere uly emosional goldaw bolup, göwrelilikde, dogrum döwründe çekýän azaplarynyny ýeňilleşdirerdi.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele