Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Sagdyn çaga KIÇI ÇAGALARDA IÇGEÇME: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY WE BEJERGISI
( 15 Ses Berme )

Sabyrsyzlyk bilen uzak garaşylan tomus pasly dowam edýär. Şonuň bilen birlikde, biziň onçakly bir ähmiýet bermeýän, içgeçmäniň ýygylaşan möwsümi hem dowam edýär. Tomus paslynda duş gelýän içgeçmäniň howplulygyna kembaha garamak ýalňyşlykdyr. Uly adamlary haldan düşürýän bu kynçylyk çagalar üçin, aýratyn hem çaganyň ömrüniň birinji 3 ýylynda örän howply bolup durýandyr. Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň berýän maglumatlarynda, ýylda 5 million çagalaryň iç geçme alamaty bilen geçýän kesellerden ýogalýandygy bellenilýär.

Içgeçme (lukmançylykda - diareýa) – içegäniň hereketiniň çaltlaşmagy sebäpli onuň içiniň çalt boşamagy ýa-da suwuň ýogyn içegede sorulma hadysasynyň bozulmagy we içegeleriň diwarlarynda köp mukdarda gaýnaglama suwuklygyň emele gelmegi netijesinde suwuk täretiň ýygy-ýygy (gije-gündüziň dowamynda 12 we ondan hem köp gezek) çykmagy bilen häsiýetlendirilýän ýagdaýydyr.

ÝAŞ ÇAGALARDA BIR GIJE-GÜNDÜZDE TÄRET ETMELERIŇ KADALY ÝYGYLYGY

Ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalaryň ýaşaýşynyň birinji ýylynda täretiniň ýygylygy gije-gündüziň dowamynda 5-6 gezek, reňki adaty sary, hili bir, bulamak görnüşli, hiç hili (nem, gan) garyndysyz bolmaly.

Emeli süýt garyndysy bilen iýmitlenýän körpejeleriň täreti gije-gündüziň dowamynda 3-4 gezek, reňki goňur öwüşgünli bolup biler.

Bir ýaşdan iki ýaşa çenli çagalaryň täreti gije-gündüziň dowamynda 1-2 gezek, täret görnüşli, goňur reňkde bolmaly.

Uly çagalarda – täret adaty, gije-gündüziň dowamynda bir gezek bolmalydyr.

Çagalaryň iýmit siňdiriş ulgamynyň anatomiki we fiziologiki aýratynlygy iýmit siňdirişiň ýiti bozulmalarynyň ýygy duş gelmegine şert döredip, içgeçmäniň howply gaýraüzülmeleri bolan bedeniň suwuklygy ýitirip suwsuzlanmagyna, bedende elektrolit (mineral) deňagramlylygynyň bozulmagyna getirýär. Şonuň üçin hem, içgeçmäniň görnüşine garamazdan, bölünip çykýan täretiň mukdary gije-gündüziň dowamynda çaganyň 1 kg. agramyna 10 gramdan köp bolan ýagdaýynda içegede suwuň sorulmasynyň we elektrolit deňagramlylygynyň bozulmasynyň alamatlary ýüze çykýar.

IÇGEÇMÄNIŇ UMUMY SEBÄPLERI WE GÖRNÜŞLERI

Iç geçmäniň ýokançlykly we ýokançlykly däl (alimentar, dispepsiýa, toksiki, medikamentoz we newrogen) görnüşleri tapawutlandyrylýar.
Ýokançlykly içgeçme ganly içgeçmede (dizenteriýa), salmonellezda, kesel dörediji häsiýetli içege taýajygy, altyn öwüşgünli stafilokokk ýokuşanda, ýokançly iýmit zäherlenmesinde, wirusly kesellerde (wirusly içgeçme), amebiazda we ş.m. bellenilýär.

Ýokançly içgeçme esasan hapa eller, gowy ýuwulmadyk ir-iýmişler, ýaramlylyk möhleti geçen azyk önümleri, ýiti ýokançly içege keseli bolan näsag bilen galtaşykda bolnanda, hapa agyz suwy arkaly ýaýrap biler.

Çagalarda häzirki döwürde wirusly içgeçme örän ýygy (80% ýagdaýlarda) duş gelýär. Bu ýiti ýokançlykly içgeçmäniň döremeginiň esasy sebäpkäri "rotawirus" diýip atlandyrylýan wirusdyr. Rorawirusly içgeçmäniň gizlin (inkubasion) döwri bir günden birnäçe güne çenli dowam edýär. Ol ýiti wirusly gastroenterit (aşgazanyň we inçe içegäniň gaýnaglamasy) görnüşinde başlanyp, has aýdyň alamat bolan gaýtarma, kellagyry, myşsalaryň agyrmasy, gyzgynyň ýokarlamnagy ýüze çykyp biler. Wirusly gastroenterit üçin garnyň agyrmagy häsiýetli däldir. Içgeçme suwly görnüşde bolup, täret bilen çykýan suwuklygyň düzüminde belok az, duz köp mukdarda ýitirilýär. Wirusly içgeçme uly adamlarda 1-3 gün dowam etse, çagalarda iki esse uzak dowam edip, öň bellenilşi ýaly, 2 ýaşa çenli çagalarda bedeniň suwsuzlanmagyna getirip, agyr gaýraüzülmeleriniň (bedeniň agyr derejede suwsuzlanmagy, çaganyň huşundan gitmegi) sebäbi bolup biler.

KIÇI ÝAŞLY ÇAGALARDA ÝÜZE ÇYKÝAN IÇGEÇMÄNIŇ ESASY SEBÄPLERI

Emýän çagalarda iç geçme – iýmit özleşdiriş ulgamynyň keselleriniň ýygy alamaty bolmak bilen birlikde bedeniň beýleki agzalarynyň ýokanç kesellerinde (pnewmoniýa, meningit, dümew we ş.m.) hem duş gelýär. Iç geçme ýylyň hemme paslynda hem duş gelip, ünsi talap edýän bolsa-da, tomsuň jöwzaly yssysynda körpejä ünsli, ýeterlik seredilmese ýa-da onyň iýmitlenmesinde zerur bolan hususy gigiýena şertleri berjaý edilmese, ýönekeý içgeçme aňsatlyk bilen bedeni zäherleýji görnüşe geçip, her hili pajygaly ýagdaýlara getirip bilýär.

Çaga irki ýaşynda öz ýaşyna we aşgazan-içege ulgamynyň mümkinçiligi göz öňünde tutulyp iýmitlendirilmedik ýagdaýynda, sygyr süýdüniň süýt süýjüsiniň ýaramaz täsiri, çaganyň iýmitinde köp mukdarda süýji ulanylanda, inçe içegede iýmit özleşdiriş-soruş hadysasynyň bozulmagy (içegäniň diwary arkaly köp mukdarda belogyň ýitirilmegi) netijesinde ýokançly däl içgeçme döräp biler.

ULY ÝAŞLY ÇAGALARDA ÝÜZE ÇYKÝAN IÇGEÇMÄNIŇ ESASY SEBÄPLERI

Uly ýaşly çagalar içgeçmäniň aşakdaky görnüşleri bilen keselläp bilerler.

Iýmitleriň uzak saklanyp bozulmagynyň netijesinde ýa-da allergiýa täsirli iýmitlerden (ýer tudanasy, ýumurtga, greýpfrut iýmişi), witaminleri az bolan iýmitleriň we birnäçe derman serişdeleriniň (iod, brom, birnäçe sulfanilamidler we antibiotikler) täsiri bilen döreýän içgeçmäniň ýüze çykmagy mümkindir.

Aşgazanyň we aşgazanasty mäziň şiresiniň, ödüň ýeterlik bölünip çykmazlygy we inçe içegede birnäçe fermentleriň az bölünip çykmagy sebäpli iýmitiň ýeterliksiz özleşmegi içgeçmä getirip biler.

Zäherli içgeçmeleriň böwregiň işiniň ýetmezçiliginiň netijesinde (uremiýa), simap ýa-da myşýak bilen zäherlenme bolan ýagdaýlarynda ýüze çykmagy mümkündir.

Derman serişdeleriň (aýratyn hem antibiotikler, ýokançlyklara garşy serişdeler) täsiri bilen hem içegäniň hereket edýän mikroflorasynyň fiziologik düzümi üýtgäp (disbakterioz), içgeçmäniň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir.

Newrogen içgeçmeleri içegeleriň kadaly hereketini üpjün edýän degna ulgamynyň sazlaşygynyň bozulmalaryna getirýan ýagdaýlarda (meselem, tolgunma we gorky) ýüze çykyp bilerler.

IÇGEÇME WE ONUŇ BILEN UTGAŞYKLY ESASY ALAMATLAR

Içgeçmäniň esasy alamaty bolan täret etmäniň ýygylygy dürli hili, görnüşi suw, suwuk ýa-da bulamak ýaly, onuň häsiýeti, üýtgemesi kesele baglydyr.

Meselem, ganly içgeçmede (dizenteriýa) başda täret gaty görnüşde bolup, soň suwuk görnüşe geçýär, onda nem we gan peýda bolýar. Amebiazda täretiň içinde çüýşe görnüşli nem we gan bolup, kähalatlarda gan neme siňip, täret malinanyň mürepbesini ýadyňa salyp biler. Garnyň agyrmagy, içiň jugurdamasy we ýellenmesi, içegelerde birinden başgasyna guýulma duýgusy ýaly alamatlar ýüze çykyp biler. Ahyrynda göni içegäniň tutgaýly sanjap agyrmasy ýa-da agyryly täret etmek meýli döreýär. Göni içegäni büzüji myşsasynyň tutgaýly dartylmagy sebäpli çaltdan täret etmek meýli döreýär, ýöne nejasat çykanok, kähalatda tokga nemiň çykmasy bolýar.

Ýeňil we uzak bolmadyk içgeçme näsagyň umumy ýagdaýyna kän bir täsir edenok. Ýöne agyr we dowamly içgeçme näsagyň gaty horlanyp güýçden gaçmagyna, bedende witamin ýetmezçiligine, beden agzalarynyň aýdyň üýtgeme ýagdaýlaryna getirip biler.

ANYKLAÝYŞ ÇÄRELERI

Içgeçmäniň sebäbini anyklamak üçin täretiň keseli dörediji ýokançlyga (mugthoruň ýumurtgasyny ýüze çykarmak üçin, düzgün boýunça her 2-3 günden 3 gezek) barlagyny, şonuň ýaly-da täretiň umumy derňewini geçirmelidir.

Ýokançlyga baglylykda ganyň umumy düzümi üýtgäp biler. Şonuň üçin ganyň umumy barlagy hem geçirilýändir.

IÇGEÇMÄNIŇ BEJERILIŞ AÝRATYNLYKLARY

Içgeçmäniň bejergisi onuň döremeginiň sebäbini aradan aýyrmaga gönükdürilen bolmalydyr. Mysal üçin, witamin ýetmezçiliginde degişli witaminleri, aşgazan şiresiniň az mukdarda ýa-da bolmazlygynda aşgazan şiresi ýa-da onuň ornuny tutýan serişdeler, aşgazanasty mäziň şiresiniň ýetmezçiliginde pankreatin, panzinorm, festal we ş.m. bellenilýär.

Içegäniň hereket edýän mikroflorasynyň düzümi bozulan ýagdaýynda ony kadalaşdyryjy serişdeler:kolibakterin, laktobakterin, bifikol, bifidumbakterin bellenilýär.

Içgeçmede gaýraüzülmeler ýüze çykmadyk ýagdaýynda antibiotikler ulanylanok. Gerek bolan ýagdaýynda giň täsirli, içegede sorulman saklanýan serişdeler (erzefuril topary) ulanylýar. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, bejergi keseli döredijiniň antibiotiklere duýgurlygyny anyklap bellenilýär.

Ýokançlyk bilen bagly bolmadyk içgeçmelerde aýawly berhiz häsiýetli iýmitlenme (az-azdan iýmitlenme, uglewodlary, mallardan alnan ýaglary çäklendirme, iýmiti gowy çeýnäp iýmek) maslahat berilýär.

Ýöne ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, içgeçmäniň suwsuzlanma getirýändigi sebäpli, wagt ýitirmän (lukmançylyk kömegi ýetip gelýänçä) bedeniň ýitiren suwunyň öwezini doldurmaga başlama zerurdyr. Bu maksat bilen düzüminde glýukoza we duz saklaýan erginleri (regidron, oralit, glýukosan, peditral we ş.m.) az-azdan, gaýtarmaz ýaly her 5 minutdan owurtladyp çaga içirmeklik maslahat berilýär.

Ergini bir bukjajygyň külkesini bir litr täze gaýnadylyp, sowadylan suwda eredip taýýarlamalydyr. Ony sowadyjyda saklap, onuň ýaramlylyk möhletiniň bir gije-gündüzdigini ýatda saklamalydyr. Bu duzly-süýjüli ergini öý şertlerinde hem taýynlap bolýandyr: onuň üçin 1 litr gaýnadylyp, sowadylan suwa 8 çaý çemçesi şeker, 1 çaý çemçe nahar duzuny, (bir bişen banany gyrgyçdan geçirip) goşup taýýarlap bolýar.

Agyzdan içirilmeli suwuklygyň mukdary çaganyň ýitiren suwuklygynyň mukdary, ýagny bedeniň suwsuzlamasynyň derejesi, ýaşy, agramy göz öňünde tutulyp bellenilýär.

AGYZDAN BERILMELI ERGINIŇ MUKDARY:

► 4 aýa çenli 6 kg-dan az agramly çaga – 200-400 ml.

4 aýdan 12 aýa çenli 6 kg-dan 10-kg. agramly çaga – 400-700 ml.

1 ýaşdan 2 ýaşa çenli 10 kg-dan 12 kg. agramly çaga – 700-900 ml.

2 ýaşdan 5 ýaşa çenli 12 kg-dan 19 kg. agramly çaga – 900-1400 ml. mukdarda berilýär.

Çaganyň suwsuzlanmasynyň, elektrolit, mikroelement ýitirmesiniň öňüni almak bilen birlikde, iýmitlenmesine hem aýratyn üns berilmelidir. Eger çaga ene süýdi bilen iýmitlenýän bolsa hökman emdirmegi dowam etmek zerurdyr. Ene süýdüniň peýdalylygy hemmämize mälim bolup, onda saklanýan dürli maddalar çagany ýokançlyklardan goramaga ýardam berýär.

Eger-de körpeje emeli süýt garyndysy bilen iýmitlenýän bolsa, ýörite bifidobakteriýaly ýa-da içgeçmäniň öňüni alýan maddalary saklaýan garyndylar bilen iýmitlendirmelidir.

Içgeçmäniň alamatlary ýüze çykandan özbaşdak bejerme synanşyklaryny geçirmeden gaça durup, sebäbini we bejergini anyklamak üçin maşgala lukmanyna ýüz tutmalydyr.

Körpejeleriň içgeçmesiniň bejergisiniň belli bir takyk düzgüniniň ýoklugyny bellemelidir. Bejergi çaganyň umumy ýagdaýyna, keseline, keseliň alamatlarynyň ýüze çykyşyna görä kesgitläp bellenilýär. Ganly içgeçmä (dizenteriýa), salmonelleza, ýokançlykly iýmit zäherlenmesine güman edilende, haýal etmän ýokanç keseller hassahanasyna ýüz tutulmalydyr.

Köp halatlarda ýiti içgeçme –bu hapa elleriň we ýaramsyz, möhleti geçen iýmitleriň kabul edilmegi netijesinde döreýän keseldir. Şonuň üçin çaganyň iýmitlendirmesine we önümleriň hiline üns bermek, çaganyň kiçilikden hususy gigiýena düzgünlerini berjaý etmäge uýgunlaşmagyny gazanmak wajypdyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 Myrat Caryvew 2016-05-22 18:14
Saglyk hakda
Sitata
 
 
#7 Ogulsona 2014-11-18 09:33
Çagalaryň içgeçmä ýolukman ösýäni ýokdur diýip açyk aýdaýmalymyka diýýän. Sebäbi näzik entek taplanmadyk çaga bedeni bu kesele aňsat-aňsat garşy durup bilmeýär. Keseliň az ýa-da köp ýokuşmagy çaganyň seredilşine bagly bolup durýar.
Sitata
 
 
#6 Obaly. 2014-08-27 08:16
Öňki wagtlarda aýratyn hem obada içgeçmäni bejerjek bolup kiçi çagalara-da tirýek içirerdiler. Ony uly derman hasaplap ol wagtlar derman az bolansoň, içgeçmäniň görnüşine seretmän oňa umyt baglap bererdiler. Ýöne, Hudaýa şükür oňa öwrenşip hernä tirýeki bolmandyryn.
Sitata
 
 
#5 Tumar. 2014-08-16 20:29
Çaga üçin gorkuly kesel, ýöne indi derman köpeldi.Özüňi, çagaňy arassa saklap, lukmanyň maslahaty bilen seretseň, bu keseliň öňüni almak kyn däl.
Sitata
 
 
#4 Pirli. 2014-08-05 01:03
Biziň ýurdumyzda klimat ýagdaýyna görä ýylyň ýarysynda howanyň petiş bolmagy çagany bu keselden halas etmek üçin uly alada talap edýär. Iýmitiň we suwa bolan gözegçiligi ünsden düşürmek bu kesele barýan göni ýoldyr diýmek bolar.
Sitata
 
 
#3 Şirin. 2014-07-26 23:44
Köp durmuş ýoluny geçen 3-4 çaga doguran eneler bu keseliň öňüni almakda ezber bolýarlar. Esasy kynçylyk bilen ýaş eneler ilkinji çagalarynda ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olara şonda kömek gerek.
Sitata
 
 
#2 Ýaş eje. 2014-07-17 01:33
Bula bolaýdy. Makalaňyz üçin köp sag boluň.
Sitata
 
 
#1 Ýazgül. 2014-07-16 00:02
Kiçijik çaganyň täretiniň kadalygy köp halatlarda emdirýän enä garaşly. Iýmeli-iýmesiz zady symyşlap ýörse, kiçi çaga nätsin onsoň, şol azabyny çekip ýaşamaly.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele