Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Sagdyn çaga ÇAGAŇYZA ŞARPYK ÇALMAK ZERURMY?
( 24 Ses Berme )

Bu sorag bilen baglanşykly biziň jemgyýetimizde bolup geçýän ýagdaýlar barada statistiki maglumatlaryň bolmazlygyna garamazdan, bizde çaga şarpyk çalmagyň tarapdarlarynyň "aýaly başdan, çagany ýaşdan!" diýip pikir ýöredýänleri kän bolmaly diýip hasaplaýaryn. Ýöne bu gezek gürrüňi aýal-gyzlara garşy edilýän zulumluk barada alyp barman, çagalarymyzyň terbiýesinde ulanylýan usullar barada alyp barmakçy.

Köp ýyllaryň dowamynda bu soragy owrenip gelýän hünärmenler çaga şarpyk çalmagy, urmagy, onuň terbiýesinde güýç ulanmagy netijesiz, zyýanly we howply usullar diýip hasaplaýarlar. Şarpygyň ene-atany sylamaga öwretmän, olardan gorkmagy mejbur edýändigi üçin ony netijesiz we ýerliksiz hasaplap bolar. Çalnan şarpygyň çaga gaty degip şikeslendirip bilýändigi we çaganyň nädogry düşünjä eýe bolmagyna mümkinçilik döredýändigi sebäpli, ony terbiýeçilik usullarynyň netijesiz görnüşidigi diýip bellesek ýalňyşmazmykak diýýärin. Ene-ataň çagasyna çalan şarpygy: "Başga adamlaram urup öz diýeniňi gögerdip bolar!" diýen düşünjäniň döremegine esas bolýar. Psihologlaryň bellemeklerine görä, çagalykda urlan adamlarda olaryň soňky durmuşynda agressiw häsiýetliligiň döremeginiň towekgelçiligi artýandyr.

Hünärmenleriň maslahatlaryna garamazdan çagasyna temmi berýän ene-atalaryň sany näme üçin azalmaýarka? Biz olaryň maslahatlaryna eýermek islämzokmy ya-da olaryň bilmeýän zadyny bilýärismi?

"Şarpyldadyp urmak" näme?

Ilki bilen "şarpyldadyp urmak" düşünjäniň nämäni aňladýandygyny anyk kesgitläliň. Rus dilinde "отшлепать" sözi çaganyň eline ya-da otyrýerine şarpyldadyp ( eliň aýasy bilen) urmagy aňladýar. Ýöne onuň manysyny her ene-ata özüçe düşündirip, oňa bolan dürli garaýşyny beýan edýärler. Barlaglar geçirlende çagasyny urýan ene-atalaryň hataryna diňe eli bilen däl-de, kemer bilen hem, başga zatlar bilen hem ýençýän ene-atalar bir topara girizilýärler. Bir zatda ene-atalar bilen hünärmeler ylalaşýarlar – çaga garşy çendenaşa güýç ulanmak hyýanat etmeklige barabardyr we ýerliksizdir.

Çaga temmi bermegiň tarapdarlary bolan ene-atalar hem we olaryň garşysyna çykýan ene-atalaryň hem öz sebäpleri bar. Ýöne iň esasy sebäp olaryň öz çagalyk döwründen gelip çykýar. Çagalykda urlan ene-ata öz çagasyny urmaga ýykgyn bolýar. Bellemeli zatlaryň biri hem, çagalykda temmi alan ene-atalaryň özleri ulalansoňlar köp halatlarda öz ene –atalaryny ýazgarmaýarlar. Olar: "Meni çagalykda urýardylar, ýöne bu temmä men mynasyp bolandyryn, sebäbi gaty garagoldym we günäkärdim" diýip hasaplaýarlar.

Täsirler

Öz täze "Ilkidurmuş zorlugy" ("The Primordial Violence") atly kitabynda Möry Straus (Murray Straus), Niýu Hampşer (New Hampshire) uniwerstitetindäky proffesor, bu ugurda 40 ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň we barlaglarynyň netijesini jemleýär. Kitapda subutnamalara, barlaglara esaslanyp urmagyň çaga edýän täsiri barada giňişleýn maglumat berilýär. Bu kitap Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky 7000-e golaý maşgaladan, 32 dürli ýurtlarda öwrenilen maglumatlaryň we soňky barlaglaryň netijelerini okyja hödürleýär. Kitapda dürli medeniýetlerde, ýurtlarda çaga temmi bermegiň terbiýede ulanylşy we olaryň çaga we jemgyýete edýän tasiri barada dürli maglumatlar beýan edilýär.

Stros öz pikirini şeýle beýan edýär: "Barlaglar çagany urup, onuň özüni nädogry alyp barşyny düzedip bolýär diýen düşünjeleriň agdyklyk edýändiginden maglumat berýärler. Ýöne urmak usuly bäşga terbiýeliş usullardan, meselem "burçda goýmak", çaga düşündirme, ony gowy görýan zadyndan wagtlaýyn mahrum etmek ýaly usullar bilen deňeşdirlende ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýan däldir. Şundan başga-da, urmak bilen gazanylan netijäniň "bahasy" gaty ýokary bolýar. Çaga bilen ene-atanyň arasyndaky aragatnaşygyň gowşamagy we çaganyň başga çagalaram urmak töwekgelçiliginiň artmagy bu usulyň ýaramaz tarapy bolup durýandyr. Ulalanda urlan çaganyň halaýan ya-da öýlenen gyzyny urmagy we oňa garşy güýç ulanmagy, şeýle gyzyň öz halaýan ýigidi bilen oňşuksyz bolmagy ähtimaldyr. Onsoň hem, şarpyk çalmak çaganyň aklynyň ösmegini bökdäp, onuň mekdepde üstünlikli okamak mümkinçiligini peseldýar".

Kitabyň awtorlarynyň iş topary çagalaryň urulmagyny azaltmak we soňra bu tejribäni doly aradan aýyrmak maksady bilen anyk çäreleri teklip edýärler. Meselem, köpçüligiň üýşýän ýerlerinde "Çagalary urmaň!" diýen manyly bildirişleri ýaýratmak, ene-atalara çaga dogluş şahadatnamasy gowşurlanda çaga temmi berilmeginiň onuň saglygyna getirip biljek zyýany barada maglumat bermek, çagalary bilen gatnaşykda kynçylyklar dörän ene-atalara kömek bermek ýaly anyk çareler teklip edýärler. Awtorlar çäreleriň wajyplygynyň subutnamasy höküminde şeýle faktlary hödürleýärler:

► Maşgalada urulmaýan çaganyň adamlar bilen gowy aragatnaşyk gurmak ukyby we okuwda üstünlikleri artýar.

Hemişe temmi berilýän çaganyň, ulalan döwri özüni ýaramaz alyp barmagynyň we jenaýatçylyga baş goşmagynyň ähtimallygy ýokarydyr.

Ene-atalara Stros şeýle maslahat berýär: "Siz çagaňyz uçin, onuň bagtly we sagdyn durmuşa bolan mümkünçiligini artdyrmak uçin sowgat gözleýän bolsaňyz hem-de onuň gowy işi tapyp, zorluksuz maşgala durmuşyny gurmagyny isleýän bolsaňyz, onda kitapdaky subutnamalardan ugur alyp, özüňiziň hiç haçan çagaňyzy urmajakdygyňyza söz bermegiňiz gerek. Bu ädimiň çagaňyzyň size bolan hormatyny we söýgüsini artyrmagy ahtimal. Beren wadaňyzda durup, ony berjaý etmäge siziň çagaňyzyň özüniň hem kömek etjegini belläsim gelýär".

Stros kitapda öz pikirini şeýle jemleýär: "20-den gowrak döwletde çaga şarpyk çalmak gadagan edilen. Bu çagalaryň esasy hukuklarynyň biri hasaplanyp, dürli ýurtlarda bu düşünje babatda ylalaşma döredi. Birleşen Milletler Guramasy hemme halklary çaga şarpyk çalynmagyny we urulmagyny gadagan etmäge çagyrýar. Temmi berilmezlik diňe jenaýatçylygyň we dürli psihiki keselleriň döreme töwekgelçiligini peseltmän, edil aýal-gyzlaryň hem geçen asyrda zorluklardan azat bolma hukugyny gazanşy ýaly, çagalaryň ösmeginde "terbiýelemek" diýip ulanylýan fiziki zorlukdan azat ösmegini üpjün eder".

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#14 adam 2014-07-29 14:48
Quoting atsyz:

Netije nähili? Sylama, hormat goýmak jemgyýetde gaty öwerlik ösendä.

dogry ayytyanyz gorkasa sylamaz, bu hemme kisha degishli....
Sitata
 
 
#13 adam 2014-07-29 14:46
Quoting Kany.:
Menä bilýän kiçi çagakam, ýagny ylgap ýörkäm, mekdepde okamda örän garagoldym. Ulularam, ejem, kakamam şarpyk çalardylar. Şol bir hili meni köşeşdirip, bet çaga bolmakdan daşlaşdyran ýaly.

dogry ayytyan ka wagtlar 1 sharpyk yarym sharpyk gerek bolayar....
Sitata
 
 
#12 adam 2014-07-29 14:43
Quoting Gartaşan.:
Türkmende zannynda bolsun diýilişi ýaly düşbüje, rahat çagany urjak bolup eliňem galmaýar. Beýliki bir çagany terbiýelemek iňňe bilen guýy gazandan enaýy bolman örän kyn bolýar.Nätjekdä?

Onda-da ka wagtlar 1 sharpyk yarym sharpyk chalmaly hem bolayarda.....
Sitata
 
 
#11 Mugallym. 2014-07-14 02:10
Çaganyň ýaşyna seretmezden onuň bilen ýakymly dialoglara köp üns bermeli. Çaga psihologiýasy örän näzik bolup, ol özüne bolan ünse örän mätäç. Çaga ulydan görelde alýar we onuň edýän zatlaryny gaýtalamagy gowy görýär. Bu örän bellemeli zat.
Sitata
 
 
#10 Terbiýeçi. 2014-07-09 01:32
Köp ýagdaýda ene-atalar aýratyn hem eje günäkär. Sebäbi käbirleri çaga düşündiriş sözüni aýtmakdanageçen gaýtam ugruna sürüp örän aýnadýarlar. Onsoň ol çaga hemme ýerdede özüni şeýle alyp barýar. Başga çäre ýok.Şarpyk çalman näme etjek?
Sitata
 
 
#9 Gartaşan. 2014-07-03 01:07
Türkmende zannynda bolsun diýilişi ýaly düşbüje, rahat çagany urjak bolup eliňem galmaýar. Beýliki bir çagany terbiýelemek iňňe bilen guýy gazandan enaýy bolman örän kyn bolýar.Nätjekdä?
Sitata
 
 
#8 Okyjy. 2014-06-30 20:33
Akyllyja, aýdanyňy diňläp, ýerine ýetirýän çaga şarpyk çalmaga eliň hem barmaz. Bular ýaly çagany kim urjak? Sözüňe, hiç bir zada gulak asmaýan, towgyna tok diýilmeýän durşuna bir azara öwrülen çaga şarpyk çalmasaň, başga alaç ýokmykan diýýärin.
Sitata
 
 
#7 Kany. 2014-06-29 02:30
Menä bilýän kiçi çagakam, ýagny ylgap ýörkäm, mekdepde okamda örän garagoldym. Ulularam, ejem, kakamam şarpyk çalardylar. Şol bir hili meni köşeşdirip, bet çaga bolmakdan daşlaşdyran ýaly.
Sitata
 
 
#6 atsyz 2014-06-24 21:36
Quoting Guwanç.:
Türkmenlerde bir aýdylýan söz "Gormasa sylamaz". Şu güne çenli çagalar üçinem, beýleki uly adamlar üçinem ulanylyp gelýär ahyryn. Belkäm bu durmuşda wajyp bolansoň öz ähmiýetini ýitirýän däldir.


Netije nähili? Sylama, hormat goýmak jemgyýetde gaty öwerlik ösendä.
Sitata
 
 
#5 Kakajan 2014-06-24 15:59
Chagalary urmak bolanok. Chagany urman terbiyelejek bolmaly. Yokarda aydylshy yaly gowy goryan zatlaryndan ayrmak,gundeki iyyan suyji payyny bermezlik,burchda duruzmak temmi bermegin gowy gornushi. Gep bilen dusundirip bolayjak yonekeyje etmishler ucìn chagany urmak hokman dal. Chaga ene atasyndan nagile bolyar. Kemsinyar/esasanam den duslarynyn yanynda urulsa/ icìni humledip yorya,gaharjan bolya. Psìhiki taydan gowsak bolya. Ulalanson nerwinni bolya. Aydara zat kop.gepin keltesi chagany urman ulaltmagyn tarapdary men.
Sitata
 
 
#4 Lukman. 2014-06-24 00:59
Çagany urman, şarpyk çalman ösdürip bilseň oňa ýetesi näme bar. Onuň üçinem ene-atada, onuň töweregindäki ulular hem psihiki taýdan sag bolmaly. Başga ýagdaýda başartmaz.
Sitata
 
 
#3 Gerçek 2014-06-23 22:28
Näme üçin her bir ene-ata öz perzendiniñ bir eden etmişi üçin jeza hökmünde urup temmi berýän wagty şuny öz çagasyna geljekde şeýle zadyñ bolmazgyna garşy edýändigini, emma temmi berilýän çaganyñ şoña akyl ýetirip bilýämi ýa näme üçin özüne iñ mähriban ynsanlaryñ şeýdip urmagynyñ sebäbine akyl ýetirip bilmeýänligi barada oýlanmaýarlar. Bu bolsa ösüp barýan ýaş nesliñ añyna düýbinden başgaça garaşylmadyk netijäni berýär.
Sitata
 
 
#2 Guwanç. 2014-06-23 14:36
Türkmenlerde bir aýdylýan söz "Gormasa sylamaz". Şu güne çenli çagalar üçinem, beýleki uly adamlar üçinem ulanylyp gelýär ahyryn. Belkäm bu durmuşda wajyp bolansoň öz ähmiýetini ýitirýän däldir.
Sitata
 
 
#1 teswirçi 2014-06-21 00:35
Giniş tema, medenyete göra tapawutlandylyp bilinjek tema. Statistikalar görkezilse has gowy bolardy. Maşgala gatnaşyklarynyn 200 ya 2000 sany adamyn kellesi bilen parlamentde düzgünleşdiriljek bolunmagy birhili aslynda. Döwrebaplyk zat diyersiniz, emma döwrebaplaşan günbataryn sosyal gatnaşyklary kan bir öwerlik dal.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele