Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Sagdyn çaga TOMUS "HEZILLIGI"
( 23 Ses Berme )

Tomus çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýörýän paslydyr. Çagalar üçin bu buz gaýmak iýmegi, suw sepişmegi, howuzda suwa düşmegi, deňiz ýa-da köl kenarynda dynç almagy aňladýar. Ÿöne käbir türkmen çagalary üçin fontanlarda suwa düşmek iñ elýeterli hezillikleriñ biri bolup durýar.

Kerim, 12 yaşynda:

"Ejem işdekä dostlarym bilen fontanda suwa düşmäne gelýäris. Ýöne, ejem bilse sögýär. Biz şonuň üçin gaçyp giryäris-dä!"

Aşgabat şäheri, Atamyrat Seýilgähi.

Nury, 13 yaşynda:

"Bizde basseýn ýog-a! Grantdan suw hem režimli akýar. Şonuň üçin biz wokzalyň ýanyndaky fontanda suwa düşýäris".

Nebitdag şäheri.

HEZIL, ÝÖNE HOWPLY...

Ýurdumyzyň ähli şäherlerindäki seýilgählerde, gyzgyn günüň aşagynda, çagalaryň gykylyklap, fontanlaryň içinde suwa düşüp ýörenine köp duş gelensiňiz. Daşyndan ol çagalar wagtlaryny gyzgalaňly geçirýän ýaly hem bolsalar, şeýle görnüşde dynç almaklary olaryň saglygyna howp salýar.

Birinjiden, fontanda suwa düşmeklik gigiýena, sanitariýa taýdan dogry däl. Fontanlarda adamyň saglygyny howp astynda goýup biljek ýokançlyklaryň dürli görnüşleri bolup bilýär. Bu ýokançlyklar her hili ýollar bilen suwa girip bilýärler. Esasy ýoly – suwa düşüjileriň ýa-da haýwanlaryň (meselem, guşlaryň, gemrijileriň) suwuň içine meýdan etmegi arkaly geçmegidir. Legionella bakteriýasy, şeýle ýokançlyklaryň biri bolup, ol suwly ýerlerde 250C ýylylykda ýaýrap gidýär. Legionella pnewmoniýa keseliniň görnüşleriniň döremeginiň sebäp bolup bilýär.

Ikinjiden, fontanlarda suwa düşüp ýören çagalar turup ýa-da ýykylyp endamlaryna şikes ýetirip bilerler. Sebäbi fontanlar adamyň ýüzmegi üçin gurlan däldir.

Üçünjiden, köp fontanlaryñ içinden yşyklandyryjy enjamlaryñ elekrik simleri geçirlendir. Olar çagalara elektrik togunyň urmagyna sebäp bolup bilýär. Şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda çagalar tiz lukmançylyk kömegine mätäç bolýarlar. Ýöne hemişe golaý-goltumda kömege ýetişjek uly adam tapylman biler.

TÜRKMEN ÇAGALARY NÄME ÜÇIN FONTANLARDA SUWA DÜŞÝÄRLER? SEBÄPLER WE ÇÖZGÜTLER

Çagalaryň (täzelikde ýaşulularyñ hem) fontanlarda suwa düşmekligi dürli sebäplere görä bolup biler:

1. Maddy ýagdaýyň pes bolmagy. Häzirki wagtda ýurdumyzda ortaça zähmet haky 650 manat, ortaça pensiýa haky bolsa 250 manada barabardyr. Grant otelindäki howzyň uly adam başyna günlük nyrhy 30 manat, 3 ýaşdan kiçi çagalar üçin mugt, 3-12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin bolsa 20 manatdyr. Bu nyrhlar "Ÿyldyz" otelindäki basseýn üçin uly adam başyna 50 manat, 3 ýaşdan kiçilere mugt, 3-12 ýaş aralygyndakylar üçin bolsa 35 manada barabardyr. Aýlyk-hezillik nyrhlarynyñ gatnaşygyna seretsek, ene-atalaryñ we pensiýa çykan baba-mamalarymyzyñ howuzlar üçin tölemäne ýagdaýlarynyň ýokdugyny görmek bolýar. Çagalar, ýetginjekler we ýaşuly adamlar üçin howuzda ýüzmek mugt edilse halka peýdaly bolardy.

2. Ene-atalaryň çagalaryny idemezlikleri. Käbir ene-atalar işi ýa-da başga meseleler sebäpli çagalarynyň nirede, näme işläp ýörenini bilmeýärler. Şeýlelikde, çagalar pursatdan peýdalanyp islän ýerlerine gidýärler. Ene-atalara bu mesele barada mekdeplerden, çagalar bagynyň işgärleri tarapyndan, galyberse-de radio we teleýaýlymlaryň üsti bilen lukmanlar tarapyndan wagyz-nesihat berilmelidir.

3. Obalarda howuzlaryň ýoklugy. Obalarda suw toplumlary asla ýok. Şu sebäpli hem çagalar ýapdyr-kanallarda, seýilgählerde gurlan fontanlarda lezzet üçin suwa düşýärler. Bu meseläň çözgüdi – welaýatlarda elýeterli bahadan suw toplumlarynyñ gurulmagy bolup biler.

4. Sapaly we mugt sagatlary. Meselem, gurlan howuzlarda bellenen bir wagtda çagalaryň ene-atalary bilen bilelikde howuzdan mugt peýdalanyp bilmegi üçin "sapaly we mugt" sagatlary girizilmeli . Iñ bolmanda çagalar üçin bu mugt bolmaly. Höwesli çaga goldaw bermeli. Çünki ol çaganyň geljekde belli sport ussady bolup yetişmegi örän ähtimal. Galyberse-de, şeýle işler köp sanly çagalaryñ sagdyn ösmegine goşant goşup, olaryň fiziki taýdan işjeňligini ýokarlandyryp we kompýuteriň, telewizoryň öňünde geçirýän wagtlaryny azaldyp bilerdi.

Hakykatdan hem, tomus gözel pasyl. Emma, onuň çagalarmyzyň saglygyna howpsuz we lezzetli, maddy ýagdaýlaryna garamazdan elýeterli bolmagy örän wajyp. Hemmämiz çagalarymyzy we garry ene-atalarymyzy gowy görýäris, olaryň sagdyn bolmagyny isleýäris. Şonuñ üçin hem howuzlaryň bahalary elýeterli edilse, welaýatlarymyzda suw howuzlary gurulsa we çagalaryň howpsuzlygyna ygtybarly gözegçilik edilse, "fontana gidişlik" ýuwaş-ýuwaşdan galardy.

Awtorlar: Myrat Owezow we Dilber Hanowa

Ulanylan çeşme: Dangers of swimming in fountains
(Microbial Hazards – World Health Organization)

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Weli 2016-11-09 12:16
Hemmeler suwa düşjek diýip, uzakdaky deňize ýa-da diýeli Awaza gidip bilmezä! Ony tomus lezzeti üçin raýatlaryň öýleriniň golaýynda döretmeli. Onuň adam saglygy üçin nähili artykmaçlygynyň bardygyny düşündirip durmagyň geregi ýokmyka diýýärin.
Sitata
 
 
#2 Maral 2016-08-01 11:42
dogry) yone, her chaga durmushynda bir gezek fontanda suwa dushendir))))) sho pursatlaram son gyzygy bilen yadyna dushuryan bir-iki gunden son syrkawahanada yatanda
Sitata
 
 
#1 daýow pyýada 2016-07-30 01:10
goý çagalygyny ýaşasynlar.. öýde telefon bilen güýmenip oturandan daşarda fontana suwa düşsünler :)
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele