Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Sagdyn çaga 1-nji IÝUN – ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNIDIR
( 14 Ses Berme )

Elektronika enjamlary çagalara peýda berip bilermi?

Gündelik durmuşymyzda eýeleýän ornuny ýyldyrym çaltlygynda mäkämleşdirip barýan tehnologiýa enjamlary, ylaýtada ýaş çagaly ene-atalary uly alada goýýar. Ýaş çagalaryň tehnologiýanyň gazananlaryny ulanmalaryna Amerikan Pediatorlar Akademiýasy (AAP) tarapyndan 90-njy ýyllarda goýlan çäklendirmesi, häzirki günlerimizde ene-atalaryň soraglaryny günsaýyn artdyrýar. AAP 2 ýaşdan kiçi çagalara telewizory, kompýuteri we akylly telefony hiç görkezmeli däldigi, 2 ýaşdan uly çagalara hem günde 2 sagatdan artyk ulanmaga rugsat bermeli däldigi dogrusynda maslahat berýär.

90-njy ýyllarda mesele diňe telewizorda we ullakan ekranly oýun oýnalýan kompýuterlerde bolan bolsa, indi akylly telefonlar, planşetlar, el kompýuterleri we başga-da birnäçe elektroniki enjamlar adamlara telewizordan has ýakyn boldular. Ene-atalar hem ýaş çagalaryny dogan-garyndaşlary, mama-babalary bilen internet arkaly ekranda ýygy-ýygydan görüşdirmek isleýärler. Çagalarynyň planşetdir, kompýuterlerdäki bilim maksatly meýilnamalardan peýdalanmaklaryny isleýärler.

Bilermenleriň nygtamagyna görä, çagalaryň adamlar bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklap, söhbetdeş bolmagy olaryň aňlaryny, pikirlenme ukyplaryny çalt ösdürýär. Şonuň üçin hem, ýaş çagalara ýakynlary bilen habarlaşmaklary üçin elektroniki ekranlar ulanylanda, esasan çaganyň habarlaşýan, söhbetdeş bolýan adamy bilen edýän aragatnaşygyna, oňa bolan garaýşyna aýratyn üns berilse gowy bolar. Ene-atalar şeýle ýagdaýlarda elektroniki ekrany aşa ulanmak barada gaýgy etmege derek, çagalarynyň şol ekranyň aňyrsyndaky ynsan bilen gürrüňdeşliginiň äheňine, hereketlerine has köp üns bermelidir. Elektroniki enjamlar ýaş çagalar üçin nähili maksat bilen ulanylsa hem, maslahat berilýän wagtyndan köp ulandyrylmaly däldigini çaga lukmanlary belleýärler. Her bir ene-atanyň öýde elektroniki enjamlaryň ulanylmagyna pugta çäklendirme girizip, "maşgala wagtyna", ýagny özara gürrüňdeşliklere, pikir alyşmalara, biri-biriňe üns berilmegine we ýakynlaşmalara parh bermelidigi barada nygtalýar. Çünki, häzirki wagta çenli geçirlen barlaglar tehnologiýanyň ýaş çagalara pikirleniş, aragatnaşyk gurma we özlerini alyp baryş taýdan berýän netijeli peýdasynyň bardygyny anyklamady. Tersine, saglyk we adamlar, daşky gurşaw bilen aragatnaşyk saklamak ukyplaryny döretmek meselesinde birnäçe zyýanlaryň we howplaryň üstünden baryldy.

Maya Amanowa

Ulanylan çeşme

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Lukman. 2016-06-05 12:09
Şu wagt belli bir baha berip bolmasa-da, ýyllar geçip ol tehnologik enjamlara imrigen çagalaryň ulalanlarynda nähili boljakdyklaryny wagt görkezer. Ýöne göz keselleri lukmany hökmünde ýaşlaryň arasynda gözleriniň görüşiniň örän pese düşýändigine güwä geçip biljek.
Sitata
 
 
#1 Talyp 2016-06-05 11:45
Ene-atalan chaga terbiyesinde ilkinji goz onune tutmaly zatlarynyn biri ekeni. Chagalara shol gundelik 2 sagatda gorkezip boljak "akylly" multfilmler ya bilim maksatly tasirli planshet oyunlary barada hem gurrun achsanyz hoshal bolarys.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele