Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Sagdyn çaga
( 15 Ses Berme )

Sabyrsyzlyk bilen uzak garaşylan tomus pasly dowam edýär. Şonuň bilen birlikde, biziň onçakly bir ähmiýet bermeýän, içgeçmäniň ýygylaşan möwsümi hem dowam edýär. Tomus paslynda duş gelýän içgeçmäniň howplulygyna kembaha garamak ýalňyşlykdyr. Uly adamlary haldan düşürýän bu kynçylyk çagalar üçin, aýratyn hem çaganyň ömrüniň birinji 3 ýylynda örän howply bolup durýandyr. Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň berýän maglumatlarynda, ýylda 5 million çagalaryň iç geçme alamaty bilen geçýän kesellerden ýogalýandygy bellenilýär.

Içgeçme (lukmançylykda - diareýa) – içegäniň hereketiniň çaltlaşmagy sebäpli onuň içiniň çalt boşamagy ýa-da suwuň ýogyn içegede sorulma hadysasynyň bozulmagy we içegeleriň diwarlarynda köp mukdarda gaýnaglama suwuklygyň emele gelmegi netijesinde suwuk täretiň ýygy-ýygy (gije-gündüziň dowamynda 12 we ondan hem köp gezek) çykmagy bilen häsiýetlendirilýän ýagdaýydyr.

 
( 25 Ses Berme )

Bu sorag bilen baglanşykly biziň jemgyýetimizde bolup geçýän ýagdaýlar barada statistiki maglumatlaryň bolmazlygyna garamazdan, bizde çaga şarpyk çalmagyň tarapdarlarynyň "aýaly başdan, çagany ýaşdan!" diýip pikir ýöredýänleri kän bolmaly diýip hasaplaýaryn. Ýöne bu gezek gürrüňi aýal-gyzlara garşy edilýän zulumluk barada alyp barman, çagalarymyzyň terbiýesinde ulanylýan usullar barada alyp barmakçy.

Köp ýyllaryň dowamynda bu soragy owrenip gelýän hünärmenler çaga şarpyk çalmagy, urmagy, onuň terbiýesinde güýç ulanmagy netijesiz, zyýanly we howply usullar diýip hasaplaýarlar. Şarpygyň ene-atany sylamaga öwretmän, olardan gorkmagy mejbur edýändigi üçin ony netijesiz we ýerliksiz hasaplap bolar. Çalnan şarpygyň çaga gaty degip şikeslendirip bilýändigi we çaganyň nädogry düşünjä eýe bolmagyna mümkinçilik döredýändigi sebäpli, ony terbiýeçilik usullarynyň netijesiz görnüşidigi diýip bellesek ýalňyşmazmykak diýýärin. Ene-ataň çagasyna çalan şarpygy: "Başga adamlaram urup öz diýeniňi gögerdip bolar!" diýen düşünjäniň döremegine esas bolýar. Psihologlaryň bellemeklerine görä, çagalykda urlan adamlarda olaryň soňky durmuşynda agressiw häsiýetliligiň döremeginiň towekgelçiligi artýandyr.

 
( 29 Ses Berme )

Täze doglan bäbeklik döwri çaga doganyndan soňky ilkinij 28 güni öz içine alýar. Bu döwür babekleriň üytgeşmelere bay döwrüdir. Şonuň üçin ene-atalaryň çagalaryna ünsli seredip, çaga lukmanynyň kadaly gözegçiliginde saklanmaklary zerurdyr. Bäbeklik döwründe ýüze çykýan sarygetirme hem gözegçiligi we anyklaýyş çärelerini talap edýän ýagdaý bolup, bu ýagdaý hem ene-atalary ünjä goýýan sebäp bolup bilýändir.

Sarygetirme – beden agzalarymyza sary renk berýän bilirubin pigmentiniň gandaky mukdarynyň ýokarlanmagy sebäpli, deriniň, gözüň we agyz boşlugynyň nemli örtüginiň saralma hadysasydyr. Sarygetirmäniň dogrumdan soňky ilkinji ayda yüze çykan halatynda, bu ýagdaýa taze dogan bäbegiň sarygetirmesi diýilýär.

 
( 24 Ses Berme )

Çagalarda beden gyzgynynyň ýokarlanmagy dürli ýagdaýlaryň we keselleriň täsiri bilen ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýda gyzgynyň aşak düşürilmegi keseliň sebäplerini ýok etmän, çaganyň ýagdaýyny wagtlaýynça gowulandyryp bilýändir.

Bellemeli zat, gyzgynyň ýokarlanmagy ýokanç kesellerden, haýsyda bolsa bir bedendäki näsazlykdan bedeniň goranyş usuly, ukyby bolup, ol immuniteti bakteriýalar we wiruslar bilen göreşmäge tijendirýändir. Gyzgyn ýokarlananda bedende biohimiki hadysalaryň tizligi artýar, goranyş antitelalar basym emele gelýärler, kesel ýokançlyklaryna garşy göreş ýokarlanýar. Şeýle hem gyzgyn galanda (380 C ýokary gyzgynlykda) bedende Interferon maddasy işläp çykýp, ol bedende bakteriýalaryň we wiruslaryň heläk bolmaklary üçin amatly şertleri döredýär. Immunitet ulgamynyň öýjükleri – makrofaglar, kesel döredijileri ýok etmek üçin göreşýärler.

 
( 39 Ses Berme )

Kiçi çaga doglup hajathana maksatlary üçin niýetlenen gaby (gorşok) ulanmagy owrenýänçä, ortaça 8.000 sany pampersy harçlaýar. Bu san bir zady anyk görkezýar: siz matadan taýynlanan, ýuwlup geýdirilýän ýa-da bir gezek ulanylyp zyňylýan pamperslary ulanýandygyňyza garamazdan, bu ideg serişdeleri daşky gurşawyň, galyberse-de, butün Ýer togalagynyň tebigatyna täsir edýändir.

Elbetde, ene-atalary çaganyň saglygyna pamperslaryň edip biljek täsiri baradaky maglumatlar gyzyklandyrýar. Eýsem, pampers çaganyň saglygyna zyýanly bolup bilermikä? Daşky gurşawyň ýaramaz ýagdaýy barada aladalanýan adamlar şu netijä geldiler. Bir gezek ulanylyp zyňylýan pamperlsar, tebigy baýlyklary harç edip öndürilip, zir-zibil taşlanýan ýerleri tebigy pytraman saklanyp galýan zaherleýji plastikdan doldurýarlar. Pampersiň haýsy görnüşini saýlap almaly? Bu soraga jogap tapmak uçin ene-atalaryň birnäçe zatlar barada habarly bolmaklary zerurdyr.

 
( 22 Ses Berme )

Howanyň sowamagy, çaltdan sowuk howa bilen ýyly howanyň çalşyp durmagy sebäpli uly adamlaryň, ylaýta-da ýaş çagalaryň arasynda burun dykylma alamatly näsaglar köpelip başlady.

Burun näme sebäpden dykylýar?

Burun dykylmanyň sebäbi rinit – bu burun boşlugynyň nemli bardasynyň gaýnaglamasy bolup, dürli derejede ýüze çykýan burun dem almasynyň kynlaşmagy (burun dykylma), burundan dürli reňkde bölünip çykmalar, asgyrmak, gözüň ýaşarmagy ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýär.

 
( 23 Ses Berme )

Gigiýena ylmynyň, lukmançylygyň saglygy goramak maksady bilen tebigy gurşawyň, ýaşaýşyň we zähmetiň adam bedenine ýetirýän täsirini öwrenýän bölümidigi köpümize belli bolsa gerek. Biziň her birimiz gigiýenanyň düzgünlerini bilmäge hem-de berjaý etmäge ymtylmalydyrys.  Eýsem, biziň günlerimizde mekdep okuwçylarynyň hemmesi (olaryň ene-atalary hem) mekdep gigiýenasynyň talaplary babatda habarlymyka? Mekdep dersleriniň köpsanlylygy we olary özleşdirmäge bildirilýän talaplar, okuwçy çagalara hödürlenýän ägirt uly maglumatlar toplumy çagalardan uly fiziki we ruhy işjeňligi talap edýär. Mekdep okuwçysynyň gün tertibiniň dogry gurnalmagy, beden agzalarynyň ýagdaýyna kadaly gözegçilik etmek, dogry  iýmitlenmek, taplanmak, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, zyýanly endiklerden ýüz öwürmek ýaly gigiýenanyň düzgünleri çaganyň saglygyny goramaga hem-de ony mekdep düzgünlerine uýgunlaşdyrmaga ýardam berýär. 

 
( 5 Ses Berme )

Siz iň ünjüli we birahat adamlaryň hataryna kimiň girýändigini bilýärsiňizmi?  Elbetde, ähli ata-eneler. Bu maglumat hiç birimiz üçin geň däldir, sebäbi  perzendi bar bolan adamlarda günüň-gününe howsala düşmek üçin täze-täze sebäpler döräp durýar. Şolaryň biri-de çagalarda ukynyň bozulmagydyr. Hemmetaraplaýyn mähir-muhabbet, alada bilen gurşalan körpejelerde bu ýagdaý ýüze çykmajak ýaly. Eýsem,  "edil bäbek ýaly uka gidipdir",  diýip ýöne ýere aýdylan  däldir ahyry.  Sebäbi adatça, belli bir kada  laýyklykda çagalar:

 
( 7 Ses Berme )

Nerw ulgamynyň esasy wezipeleri bedende bolup geçýän ähli fiziologiki tapgyrlary sazlamagy we daşky gurşawyň täsirine  üznüksiz uýgunlaşmagy üpjün etmekden ybaratdyr. Nerw ulgamynyň entek adamyň ösüşiniň başlangyjynda – düwünçek döwri (2-3 hepdeden) düýbi tutulyp, enäniň göwresindäki geçiren galan wagtynda yzygiderli ösýär hem kämilleşýär.

Çaga dünýä kämilleşmedik görnüşdäki beýni bilen doglup, onuň galan ösüşi daşky gurşawyň täsiri esasynda 20-25 ýaşa çenli dowam edýär. Körpejäniň nerw-psihiki ösüşüne, işlenilip taýýarlanan ölçegler esasynda, ýaşaýşynyň birinji ýylynda her aýda, ikinji ýylynda dört aýdan bir gezek, üçünji ýylynda bolsa ýarym ýylda bir gezek baha berilýär. 

 
( 8 Ses Berme )

Häzirki döwrüň çagalary 10-20 ýyl mundan ozalky çagalar bilen deňeşdirlende giç dil açýarlar. Öň çaga 1,5 ýaşynda gepläp başlaýan bolsa, indi ol  2-2,5 ýaşynda, oglanjyklar bolsa käte 3 ýaşynda gepläp başlaýar. Munuň esasy sebäbi maglumatlaryň agdyklygynda, ekologiýanyň ýaramazlygynda, geljekgi eneleriň saglygynyň gowşaklygynda  bolmagy mümkin.

Çaganyň ösüşi bilen bagly meseleleriň içinde onuň sözleýişi ene-atany iň biynjalyk edýän meseleleriň  biridir. Wagtynda gepläp başlamadyk çaga kadaly ösmeýän ýaly görünýär. Körpe geplemese ýa-da öz deň-duşlaryndan az geplese, ene-ata howsala düşýär. Bu esasan hem maşgalada ilkinji çaga degişli bolýar. Mümkin, bu mesele ilkinji çaganyň ösüşi babatda ene-atanyň tejribesiniň heniz ýeterlik bolmaýanlygy bilen baglydyr.