Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Göwrelilikde ýüze çykýan kynçylyklar GÖWRELILIK DÖWRÜNDE DÖREÝÄN GIÇKI GESTOZLAR: TAPGYRLARY, ALAMATLARY, ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI
( 12 Ses Berme )

Giçki gestozlar göwrelilik ýagdaýy sebäpli döreýän keselleriň biri bolup,  göwrelilerde 10-20% ýygylykda duş gelýändir.

Ene ölümçiligine getirýän sebäpleriň arasynda ol 2-3-nji orny eýeleýändir. Bu keseliň ölüm howply gaýraüzülmelere getirip bilýänligi sebäpli, aýallar maslahathanasynyň we dogrum öýleriň esasy işi öňüni alyş, wagtynda anyklaýyş we netijeli lukmançylyk kömegini berme çärelere gönükdirilen bolmalydyr.

Taryhy maglumatlar

Giçki gestozyň has agyr tutgaý görnüşli ýüze çykmalary bolan (eklampsiýa) ýagdaýlary baryp Gippokrat döwründe belli bolupdyr.

Uzak ýyllaryň dowamynda dürli tutgaýly ýagdaýlary eklampsiýa diýip atlandyran bolsalar hem, 1763-nji ýylda fransuz akuşery Sowaž göwrelilik döwrüniň eklampsiýasyny aýyl-saýyl edipdir.

XX asyryň başynda fransuz akuşery Bar eklampsiýanyň öň ýanynda döreýän kellagyry, çişginlilik, görüşiň erbetleşmegi ýaly alamatlary eklampsizm diýip atlandyrsa, has soňrak ony preeklampsiýa diýip atlandyryp başlapdyrlar.

XlX asyryň ahyrynda nemes akuşerleri Lýuhlyaýn we Kermauer, tutgaýlaryň öňüsyrasynda döreýän böwrekleriň işiniň bozulmalaryna syn edip, eklampsiýanyň öň ýanyndaky tapgyry nefropatiýa diýip atlandyrypdyrlar.

Geçen asyryň başynda nemes lukmany Freýnd hemme gaýraüzülmeleri toksikoz diýip atlandyrmagy orta atyp, soňky 100 ýyllykda hemme ýokarda agzalan  terminler amaly lukmançylykda ulanylypdyr.

Uzak ýyllaryň dowamynda göwrelilik sebäpli döreýän keselleri toksikoz diýip atlandyryp, olary irki we giçki toksikozlara bölüpdirler.

Giçki toksikozlary nefropatiýa diýip hem atlandyrypdyrlar. Sangenmeýster oňa mahsus üç alamaty kesgitläpdir: çişginlilik, gan basyşynyň ýokarlanmagy, peşewde belogyň döremegi (Sangenmeýsteriň üçlügi).

Soňky 10 ýyllykda bu ýagdaýlaryň diňe göwrelilikde duş gelýänligi göz öňüne tutulyp, toksikoz gestoz düşünjesi bilen çalşylyp ulanylyp başlandy.

XX asyryň başynda gestozyň bejergisinde magneziýa serişdesi giňden ulanylyp başlap, Russiýada magniý sulfaty Browkiniň usuly bilen goýbermek maslahat berildi. Biraz üýtgedilen bu usul häzir hem ulanylýar, derman serişdeleriň täze görnüşleri peýda bolýar.

Bejergi has ýokary netijeliligi bilen tapawutlansa hem, giçki gestoz şindiz hem doly öwrenilmedik kesel bolup, bejergi we öňüni alyş çäreleri hemişe şowly bolup durýan däldir.

Keseliň sebäpleri

Keseliň esasy sebäbi göwrelilik we bedende onuň bilen bagly bolup geçýän üýtgeşmelerdir.

Bu kesel göwrelilikden öň sagdyn hasaplanýan aýallarda hem (arassa gestoz) ýüze çykyp biler.

Gestozyň döremegine töwekgelçilik alyş-çalyş ýagdaýynyň, gan aýlanyşygynyň, bagryň we böwregiň kesellerinden ejir çekýän aýallarda has hem ýokarlanýandyr (utgaşykly gestoz).

Giçki gestozyň döremegini düşündirmäge synanyşýan köp teoriýalar belli bolsa hem (toksiki, gormonal, immunologiki, çaga ýoldaşy bilen bagly), olaryň hiç biri doly düşündirişi bermäge ukyply däldirler.

Gestozyň göwrelilik sebäpli ýüze çykýan üýtgeşmelere bedeniň uýgunlaşmagynyň bozulmagy netijesinde döreýänligi bilen ylalaşsak dogry bolar.

Köplenç  ýaş we sosial taýdan garaşly aýallarda bedeniň has gowşak üýgunlaşma derejesi duş gelýär.

Nesil yzarlama faktory hem uly orun eýeleýändir.

Keseliň ýüze çykyş aýratynlyklary

Giçki gestozyň döremeginiň esasynda periferiýa damarlaryň gysylmagy, gan basyşynyň ýokarlanmagy, gan damarjyklaryň (kapillýarlar) diwarynyň geçirijiliginiň ýokarlanmagy, dokumalarda suwuň saklanmagy, uly gan damarlarynda ganyň mukdarynyň azalmagy, ganyň dykyzlygynyň ýokarlanmagy we gan aýlanşygynyň bozulmagy ýaly faktorlar ýatandyr.

Bu ýagdaýlaryň hemmesi alyş-çalyş faktorlaryň bozulmalaryna getirip, hemme beden agzalaryň, ylaýta-da böwrekleriň içiniň zeperlenmegine sebäp bolýandyr. Belogyň ýitirilmegi, damarda basyşy peseldip, damarlardaky suwuklygyň dokumalara çykmagyna getirýändir.

Keseliň alamatlary we tapgyrlaýyn bejergi çäreleri

Gestozyň öň ýanyndaky tapgyr (pregestoz) – göwreliniň beden agramynyň kadasyz köpelmegi bilen häsiýetlendirilip, bu tapgyrda çişginlilik ýüze çykmaýar. Gan basyşynyň üýtgäp durmagy, onuň iki elde hem meňzeş bolmazlygy, basyşyň görkezijileriniň ilkibaşdakydan biraz ýokarlanmagy ýaly alamatlar ýüze çykyp biler.

Gan basyşyň diastoliki (aşaky) görkezijisi ýokary bolup, sistoliki gan basyşy kadada saklanyp biler.

Göwreliligiň çişginliligi – köplenç aşakdan ýokarlygyna ýaýrap, ilki bilen aýaklaryň, soň garnyň, ondan soň elleriň we ýüzüň çişginliligi ýüze çykýandyr.

Aýallar ellerindäki ýüzükleriň kynlyk bilen çykarylýanlygyny, aýakgaplarynyň kiçi bolýandygyny belleýärler. Bu tapgyrda aýallar aýratyn arz bilen ýüz tutmaýarlar. Ýöne agramyň artmagy demiň gysmagyna, hereketleriň gowuşgynsyzlygyna getirip biler. Gizlin çişginliligi wagtynda anyklamak üçin aýallar maslahathanasynda kadaly agramy ölçemelidir. Ortaça her hepdede göwreliniň agramynyň 300-400 gr çenli, bütün göwreliligiň dowamynda 10-12 kg çenli  köpelmegi kadaly hasaplanýar.

Bedeniň çişginliligini bejermek aşakdaky çärelerden ybarat bolup biler:

  • Berhiz tutmak – beloga we witaminlere baý iýmite ýykgyn etmek,ýiti, turşy, duzly iýmitlerden gaça durmak. Kabul edilýän suwuklygy kadalaşdyrmak (ýöne içilýän suwuklyk fiziologiki talaplardan az bolmaly däldir). Köp lukmanlar hepdede 1-2 gün berhiz tutmak günleri geçirmegi belleýärler. Ýöne köp akuşerler berhiz tutma günlere garşy çykyp, agyr bolmadyk beloga we witamine baý bolan peýdaly iýmitlenmegi maslahat berýärler.
  • Göwräniň aşaky böleginde we aýaklarda gan aýlanşygyny gowulandyrmak üçin ýörite maşklary ýerine ýetirmek (dyz-tirsek ýagdaýy, aýaklary ýokary galdyryp ýatmak).
  • Peşew çykaryjy serişdeleri (gipotiazid, furosemid, diakarb) we ot gaýnatmalaryny (brusnikanyň ýapraklary, toloknýanka, mekgejöwen gulpagy) böwregiň işini kadalaşdyrmak üçin ulanmak. Şol maksat üçin eufillin serişdesini ulanmak, fizioemleri (böwrekleriň ýakynyna diatermiýa toguny ulanmak) bellemek maslahat berilýär.
  • Aýalda ruhy dartgynlylyk ýagdaýynyň döremeginiň öňüni almak üçin oňa ünsli, mähirli gatnaşygy alyp barmak, gürrüňdeşlik geçirmek, ukynyň bozulmalarynyň öňüni almak üçin pişik dyrnagy, pustyrnik otlary maslahat bermek.
  • Damarlaryň gysylmalarynyň öňüni almak üçin serişdeleri (papawerin, no-spa) ulanmak.
  • Gan aýlanşygy (şol sanda çaga - çaga ýoldaşy ulgamynyň)  kadalaşdyrmak üçin serişdeleri (kurantil, aktowegin, witamin E, metionin, eufillin) bellemeli.

Anyklaýyş we bejeriş çäreleri lukman tarapyndan bellenilip, ol saglyk öýüniň şertlerinde geçirilip bilner.

Eger geçirilýän bejergi netijesiz bolup, çişginliligiň derejesi köpelýän bolsa, göwrelini keselhana ýerleşdirmek gerekdir.

Çişginlilige garşy wagtynda geçirilýän bejergi göwreliligiň gaýraüzülmesiz geçmegine kömek eder.

Ýöne tesine, bejerginiň ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda ol indiki, has agyr geçişli tapgyra geçip biler.

Nefropatiýaýokarda bellenilip geçilşi ýaly, bu tapgyryň esasy alamatlaryna gan basyşynyň ýokarlanmagy, çişginlilik we peşewde belogiň döremegi (Sangenmeýsteriň üçlügi) degişlidir.

Nefropatiýada hemme üç alamat, käwagt iki ýa-da bir alamat hem ýüze çykyp biler. Bu tapgyrda göwreli aýal ysgynsyzlyga, ukynyň bozulmalaryna arz edip biler.

Adaty üç alamatdan başga-da, nefropatiýa üçin peşewiň mukdarynyň azalmagy, göz düýbüniň damarlarynyň üýtgemegi, çaga-ýatgy-çaganyň ýoldaşy ulgamynda gan aýlanşygynyň bozulmagy, çaganyň ösüşden yza galmagy we kislorod ýetmezçiligi ýaly alamatlar mahsusdyr.

Nefropatiýanyň bejergisi alamatlaryň ýüze çykyşyna, olaryň derejesine, göwreliligiň möhletine baglylykda geçirilip, göwrelini alyp barmanyň meýilnamasyny we bejergi çärelerini diňe lukman bellemelidir. Bejergi keselhanada geçirilmelidir.

Bejergi çäreleri gan basyşy peseldýän serişdeleri (magniýa sulfat, eufillin, dibazol), gan aýlanyşygy kadalaşdyrýan (essensiale, aktowegin) serişdeleri ulanmagy öz içine alýar. Bedende belogyň köp mukdary ýitirlende belogy saklaýan serişdeleri (meselem, protein, albumin) goýbermek peýdaly netijeleri berýär.

Gestozyň bejergisi netijesiz bolup, gaýraüzülmeleriň döreme howpy ýokarlananda dogrum güýçlerini oýandyryp, çagany dogurtmak üçin çäreleri geçirmek wajyp bolýar.

Görkezmeler ýüze çykanda çagany operatiw usuly (kesarewo kesimi) bilen hem boldurmak mümkindir. Dogrum wagty dibazol, klofelin, pentamin, droperidol serişdeleri ulanylyp, dogrum güýçlerini togtadýanlygy sebäpli magnii sulfaty ulanylýan däldir.

Nefropatiýa aşakdaky gaýraüzülmelere getirip biler:

  • tutgaýly tapgyryň (eklampsiýanyň) ýüze çykmagy;
  • kadaly ýerleşýän çörekçäniň wagtyndan öň sypyrylmagy;
  • gözüň torly gatlagynyň sypyrylmagy;
  • böwregiň ýa-da bagryň işiniň ýetmezçiligi;
  • çagada döreýän kislorod ýetmezçiligi ýa-da onuň enäniň içinde ölmegi;
  • wagtyndan öň bolýan dogrum;
  • dogrumdan soňky döwürde gan akmalar.

Preeklampsiýa gestozyň has agyr geçýän tapgyry bolup, öňki agzalan alamatlara beýniniň bozulmalarynyň alamatlary goşulýandyr.

Aýaly kellagyrylar, gözüň öňünde "çirkeýleriň uçmagy", ýürek bulanma, gaýtarma, sepirjikde döreýän agyrylar biynjalyk edip biler. Näsag göwreli aýal berilýän soraga dogry jogap bermän, seňselän ýaly bolup, hiç zada arz etmän hem biler.

Bu tapgyrda esasy çäreler tutgaýlaryň döreme meýilliliginiň öz wagtynda öňüni alynmagyna gönükdirilen bolmalydyr.

Onuň üçin aşakdaky çäreleri geçirmelidir:

  • Bolup biljek hemme gyjyndyryjy faktorlary (ses, ýagtylyk) aradan aýrylmalydyr. Barlaglar, dogrum burgulary, agyryly sanjymlar, maşyna salyp äkitme aýalyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyryp biler.
  • Keselhana şertlerinde agyrsyzlandyrmak maksady bilen azodyň zakisini, ftorotan, olaryň täsirini güýçlendirmek üçin bolsa droperidol, seduksen, diazepam ulanmak dogry bolar. Bellenilen tertipde magneziýa bejergisini geçirmäge başlamalydyr. Alamatlaryň derejesine görä başga serişdeler hem (eufillin, laziks, reopoliglucin) ulanylýar.
  • Preeklampsiýa tapgyrynda mümkin boldugyça çalt çagany dogurtmalydyr. Dogrumyň ikinji döwründe aýalyň çygylmalaryny aradan aýryp, doly agyrsyzlandyrma çäreleri geçirilýändir.

Eklampsiýaseýrek duş gelýän, ýöne agyr, tutgaýlaryň ýüze çykmagy bilen geçýän ölüm howply gaýraüzülmedir. Bu ýagdaý hersi 20-30 sek, agyr ýagdaýlarda 40 sek çenli dowam edýän tapgyrlardan ybarat bolup, eklampsiýa tutgaýlarynyň umumy dowamlylygy 1-2 min barabardyr.

1. Fibrillýar damar çekmeleriň tapgyry – ýüzdäki mimiki myşsalaryň çekmeleri bolup geçýär. Aýal huşuny ýitirýär, aýalyň ýykylyp, şikeslenmeleri almagy hem mümkindir.

2. Toniki tutgaýlaryň tapgyry – aýal huşsuz, göwräniň hemme myşsalary ýygrylýar, ýüzüň reňki ilkibada gyzarsa, soň gögümtil reňkde bolýar. Aýalyň ýüzi we boýny juda çişgin, aýal dilini dişläp bilýär. Göreçler giňelen.

3. Kloniki tutgaýlaryň tapgyry – myşsalaryň hemme toparynyň çekmeleri, el-aýagyň epilme hereketleri ýüze çykýar. Tutgaýlar wagty aýal krowatdan ýykylyp bilýändir. Diliň yzyna gitmegi, gaýtarylan iýmit galyndylaryň dem alyş ýollary ýapyp biljekdigi sebäpli, dem almanyň kesilmegi bolup biler, tersine kadasyz ýygylykda hyžžyldyly dem alma hem ýüze çykyp biler. Diliň dişlenmegi netijesinde agyzdan ganly köpürjik gelip biler.

4. Tutgaýlaryň tamamlanma döwri – tutgaýlar koma ýagdaýynyň döremegine getirip, ol bolsa aýalyň ýagdýynyň gowulaşmagy ýa-da erbetleşmegi bilen tamamlanyp biler. Tutgaýlar gaýtalanyp hem biler ýa-da ýüze çykan gaýraüzülmeler netijesinde ölüme hem getirip bilýändir.

Lukman gelip ýetýänçä gaýragoýulmasyz çärelere aşakdakylar degişlidir:

  • Aýaly bolup biläýjek şikeslenmelerden goramaly (diliň şikeslenmelerinden hem);
  • Agzy açmaga, dili saklamaga, dem alyş ýollaryndan nemi sorup almaga kömek edýän enjamlary ulanyp, dem alyş ýollarynyň geçirijiligini gazanmaly.
  • Aýalyň gan basyşyna, ýürek urgularyna, göreçleriň ýagdaýyna gözegçilik edip, tizden-tiz lukmany çagyrmalydyr.

Bejergi çäreleriniň görnüşi  preeklampsiýa ýagdaýynda geçirilýän çärelere meňzeşdir. Eklampsiýa tutgaýlaryndan söň öýkeniň emeli wentilýasiýasyny (ýelejiretme usuly) amala aşyryp, operatiw usuly bilen çagany dogurtmalydyr. Keserewo kesimini geçirmäge şertler bolmasa, doly agyrsyzlandyrmadan soň, agram salmazlyk  maksady bilen akuşer gysaçlaryny ulanyp, adaty ýol bilen çagany dogurtmagy amala aşyrmalydyr.

Eklampsiýa tutgaýlaryndan soň, esasan hem operatiw dogrumdan soň, dogran aýala ideg we bejergi çärelerini kadaly gözegçilikde geçirmelidir.

Nefropatiýadan soň hem gestozyň ýaramaz täsirleri galyp bilýändir.

Dogrumdan soň, dogrumdan soňky ýüze çykýan eklampsiýanyň, gan akmalaryň ýüze çykyp biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Giçki gestozlary başdan geçiren aýallar dogrumdan soňky döwürde aýallar maslahathanasynda gözegçilikde bolup, gan basyşyň gözegçiligini edip, peşewiň barlaglaryny geçirmelidir.

Maşgala lukmanynyň, nefrologyň, kardiologyň maslahatlaryny alyp, giçki gestozyň ýaramaz täsirlerini, gaýraüzülmelerini aradan aýyrmak üçin degişli bejergi çärelerini almalydyr.

Ýatda saklaň! Göwrelilikden öň beden saglygyna gözegçilik etmek, göwrelilik döwründe öz wagtynda lukmanlaryň gözegçiligi astynda barlaglardan geçip, giçki gestozlaryň başlangyç tapgyrlarynda öňüni almak, bu howply ýagdaýlaryň öňüni alynma çäresiniň esasydyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Güljeren 2014-09-27 23:10
Aÿ bashy halkasynyñ bozulmasy
Sitata
 
 
#1 Güljeren 2014-09-27 23:09
Aÿ bašy halkasynyñ bozulmagy
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele