Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Göwrelilikde ýüze çykýan kynçylyklar GÖWRELILIK WE TOKSOPLAZMOZ: ALAMATLARY, GÖWRELILIGE TÄSIRI WE BEJERGISI
( 11 Ses Berme )

Göwrelilik – bu diňe bir bedeniň fiziologiki ýagdaýy bolman, uly bir jogapkärçiligi talap edýän ýagdaýdyr. Sagdyn çagany dünýä indermeklik üçin onuň göwrede galan ilkinji günlerinden aladasyny etmelidigi hemmä mälim bolsa gerek. Hut şu jähtden ugur alyp göwrelilik döwründe enede döreýän ýokanç we beýleki keselleri dogrusynda, çaga garaşýan islendik ene-ata bu baradaky maglumatlar bilen tanyşmalydyr. Şeýle keselleriň biri hem toksoplazmoz ýokançlygydyr.

Toksoplazmozyň ýokuşma ýoly

Toksoplazmoz bu adamlaryň we haýwanlaryň mugthorly keseli bolup, ony ýönekeýje mugthor – Toxoplasma gondii döredýändir. Köplenç halatda bu kesel adam bedeninde hiç hili alamatlary yüze çykarmaýar, käbir ýagdaýlarda bolsa edil dümewiň alamatlary ýaly bolup geçýär.

Bu kesel bilen diňe adamlar däl-de, eýsem öý haýwanlary hem keselläp bilýändirler. Bu keseli ýaýradyjylar esasan pişikler, itler, towşanlar, ýyrtyjylar, syçanlar we alakalardyr. Toxoplazma gondii ýokarda agzalan haýwanlaryň peşew-nejesatynyň üsti bilen daşky gurşawa düşýär we bir ýyla çenli saklanyp bilýär. Adama bu kesel gowy arassalanmadyk et önümleriniň, gök önümleriň, miweleriň we öý haýwanlarynyň, köplenç halatda pişikleriň üsti bilen ýokuşýar. Çöwredäki çaga ýokançlyk eneden ýokuşyp bilýändir.

Toksoplazmozyň göwrelilige edýän täsiri we alamatlary

Göwrelä mugthoryň ýokuşmagy göwreliligiň I we II ýarymynda bolup geçse, onda düwünçegiň düşmeginiň we wagtyndan öň dogma howpunyň döreme töwekgelçiligi 10-15%-i düzýändir. Doga toksoplazmozyň döreme ähtimallygy we onuň geçiş aýratynlygy göwrelilikde ýokuşma möhletine baglydyr: ýokuşma näçe ir möhletde bolup geçse, şonça hem düwünçegiň zeperlenme ähtimallygy pesdir, ýöne keseliň geçiş alamatlary bolsa täsirlidir. Şeýlelikde, göwreli aýala göwreliligiň III ýarymynda ýokuşanda, dogabitdi toksoplazmozyň döreme ähtimallygy 75-90%-i düzýändir, täze dogan çagalaryň 90%-de bolsa kesel alamatsyz geçýändir. Ýokuşma göwreliligiň I ýarymynda bolup geçen bolsa, doga toksoplazmozyň döreme ähtimallygy 10-25%-i düzýändir, ýöne kesel 65% ýagdaýlarda düwünçek üçin agyr geçýändir. Eger aýalda ýokuşma göwrelilikden öň bolup geçen bolsa, onda çagada doga toksoplazmozyň döreme mümkinçiligi ujypsyzdyr.

Toksoplazmoz göwredäki çaganyň wagtyndan öň bolmagyna ýa-da ölümine getirip biler. Doga toksoplazmozyň irki alamatlaryna göwredäki çaganyň ösüşden yza galmagy, mikrosefaliýa (kelle çanagynyň kiçi bolmagy), gidrosefaliýa (beýnä suwuň ýygnanmagy), beýniniň zeperlenmegi (meningoensefalit), tutgaýlaryň döremegi, gözuň alawlamagy (horioretinit), bagryň we dalagyň ulalmagy, limfa düwünleriň ulalmagy, sarylama, üşütme we gandaky trombositleriň peselmegi degişli edilýändir.

Giçki alamatlary höküminde bolsa çaganyň akyl taýdan yza galmagyny we garaguşasyry keseliniň ýüze çykmagyny belläp bolar.

Toksoplazmozy anyklaýyş usullary

Göwrelilikde toksoplazmozy anyklamak üçin immunoferment anyklaýyş usuly ulanylýar. Immunoferment anyklaýyş usulynyň komegi bilen ganda IgM (immunoglobulin M) we IgG (immunoglobulin G) antitelalar ýüze çykarylýar. Serologiki usul 2 sany arasyna 2-4 hepde salnyp alynýan barlagdan ybaratdyr. IgM antitelalaryň mukdarynyň ýokarlanmagy ýokançlygyň täze ýokuşandygyndan habar berýär. IgM klasynyň antitelalary kesel başlanandan soň 6 aýa çenli saklanyp bilýändir. IgG bolsa keseliň 6-8 hepdesinde döräp, dowamly geçýän toksoplazmozdan habar berip biler.

Toksoplazmozyň bejergisi

Gizlin geçýän toksoplazmozda (serologiki barlaglar položitel, kesel bolsa alamatsyz geçýär) bejergi geçirilmeýär. Göwreliligiň I ýarymynda doga toksoplazmozyň döreme töwekgelçiligi pes bolsa-da, düwünçegiň şikeslenme hopwunyň ýokarydygy göwreliligi aýyrmak üçin görkezme bolup durýar.

Göwrelilikde döreýän her ýagdaý üçin göwreliligi aýyrma soragy we derman serişdeleriň düwünçege ýetirjek zyýany baradaky mesele her göwreli üçin aýry çözülmelidir.

Toksoplazmozyň bejergisinde netijeli derman serişdeleri höküminde pirimetaminiň serişdeleri bilen sulfanilamidleriň utgaşmasy ulanylýar. Bu dermanlar mugthorda foliý turşylygynyň emele gelşine gatnaşýan fermentleri togtadýar. Bejergide ýüze çykýan foliý turşylygynyň ýetmezçiligniň öwezini ony bejergide daşyndan kabul etmek bilen doldurylýar. Öz netijeliligi boýunça ikinji ýerde makrolidler (rowamisin) bellenilýär. Olar mugthorda belogyň döremegini togtadyp, öz pes zäherliligi bilen tapawutlanýar.

Göwrelilikde toksoplazmozyň bejergi tertibi aşakdakydan ybaratdyr:

► Eger aýal göwreliligi saklamak isleýän bolsa, onuň başyndan göwreliligiň 15-nji hepdesine çenli – rowamisin bellenilýär, bir gije-gündizde 9 mln. ME.

16 hepdeden 36 hepdä çenli – rowamisin bilen geçirlen tapgyrdan soň, dowamlylygy 4 hepdä barabar bejergi tapgyry geçirilýär: sulfanilamid + pirimetamin + foliý turşylygy.

36 hepdeden başlap göwreliligiň soňuna çenli täze dogan çagada sarylama alamatlarynyň döremeginiň öňüni almak üçin sulfadiazin rowamisin bilen çalşyrylýar.

Täze dogan çagada geçirlen barlag doga toksoplazmozyň alamatlaryny anyklan bolsa, onda neonatologyň, newropatologyň, oftalmologyň we ýokanç keseller lukmanlarynyň gözegçiliginde derman serişdeleriň utgaşmasy bilen 4 hepdelik bejergi tapgyry geçirilýär.

Göwrelilik wagtynda toksoplazmozyň öňüni alyş çäreleri

Ene bolmagy meýilleşdirýän gelinlere toksoplazmoza garşy lukman barlaglaryndan geçmek maslahat berilýär. Toksoplazmozyň öňüni alyş çäreleri göwrelilik wagtynda immuniteti pes aýallar üçin örän wajypdyr.

Göwrelilik wagtynda göwreli aýallara şu aşakdakylar maslahat berilýär:

→ Gündeki iýýän iýmitiňizde et önümlerini, gök önümleri we miweleri gowy arassalap iýmeli;

Çyg et önümlerini elläniňizden soň, mellekde işläp bolanyňyzdan soň elleriňizi gowy edip sabyn bilen ýuwmaly;

Ýörite çagalar üçin oýnalýan meýdançalarda, has hem çägede çagalar oýnap bolandan soň, hem çagalaryň ellerini, hem öz elleriňizi gowy edip sabyn bilen yuwmaly;

Öý haýwanlary bilen gatnaşykda (elläp, sypalap) bolanyňyzdan soň elleriňizi gowy edip sabyn bilen ýuwmaly.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele