Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Göwrelilikde ýüze çykýan kynçylyklar GÖWRELILIK WE BABASYL KESELI: SEBÄPLERI WE BEJERGI ÇÄRELERI
( 18 Ses Berme )

Göwrelilik döwründe aýalda biynjalyklyk we kynçylyk döredýän ýagdaýlara babasyl keseliniň döremegi hem degişli edilip bilner. Has takygy göwrelilik bu keseliň döremegine ýa-da beterlemesine sebäp bolup biler.

Statistiki maglumatlara görä, bu kynçylyga göwreli ýa-da dogrumy geçiren aýallaryň 50-75%-i sezewar bolýandyr.

Näme sebäpden göwrelilik döwründe babasyl döreýär?

► Göwreli ýatgynyň göni içegäni basmagy onuň gan damarlarynyň basylmagyna we ganyň durgunlylygynyň döremegine sebäp bolýar;

Göwreliligiň gormony bolan progesteron damarlaryň hereketliligini,şeýle-de wena damarlarynyň kadaly hereketjeňligine täsir edip, ony peseldýär;

Esasan hem göwreliligiň ikinji ýarymynda aýalyň hereketjeňligi peselýär, çünki aýala öňküsi ýaly ýeňil hereket etmek, sport bilen meşgullanmak eýýem kyn düşýär. Bu bolsa aýaklarda, çanaklyk agzalarda hem-de göni içegede gan aýlanşygynyň kynlaşmagyna we gan durgunlylygynyň ýokarlanmagyna getirýär. Netije-de, wenoz ýetmezçilik ýa-da warikoz keseli döräp bilýär;

Göwrelilik döwründe içiň gatamagynyň döremegi hem içegelere agzalyp geçilen progesteron gormonynyň edýän täsiri bilen düşündirilýär;

Iýmitlenmegiň üýtgemegi. Göwreli aýalyň iýmitlenşi üýtgäp, ol üýtgeşik tagamlary datmaga ymtylýar. Şeýle hem şorja, burçluja tagamlary iýmäge isleg bildirýär. Içegedäki şeýle iýmit çanaklygyň gan damarlaryna ganyň köp mukdarynyň ýygnanmagyna getirýär we onsuz hem agram düşýän wenalaryň has hem çişmegine we gemorroidal düwünleriň döremegine sebäp bolýar.

Göwrelilik döwri babasyl keseli nähili alamatlar bilen geçip bilýär?

Keseliň geçiş aýratynlyklary keseliň görnüşine bagly bolýandyr. Kesel iki görnüşde geçip bilýär: içki we daşky. Içki babasyl keselini düwüniň kiçiligi sebäpli ir möhletde anyklama kyn bolýar. Käwagtlar aýaly täret eden wagty oňaýsyzlyk we süpürnende hajathana kagyzynda ganyň yzlarynyň görünmegi biynjalyk edip biler. Wenoz düwünler ulaldygyça, artbujakda bir zadyň barlygy ýaly duýgy, täret edilende agyrylar, arbujakda ötme we gijeme ýaly alamatlar döräp bilýändir. Köplenç şeýle alamatlara göwreliler tarapyndan üns berlenok, ýöne edil şu tapgyrda bejergi geçirmek gaýraüzülmeleriň öňüni almak babatda has netijeli bolýandyr.

Gemorroidal düwünleriň has hem ösmegi keseliň daşky görnüşe geçmegine itergi berýär. Daşky babasyl arbujakda düwünleriň (olary görüp we elläp bolýar), täret edilende gan gelmäniň, otme we gijeme alamatlaryň döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

Bejergi çäreleri

Göwrelilik döwründe babsyl keseliniň geçiriljek bejergisi proktolog we ginekolog lukmany tarapyndan ylalaşylma bilen geçirilmelidir, çünki dermanlaryň nädogry we ýerliksiz ulanylmagy göwreli ýatgynyň ýagdaýyna hem-de düwünçegiň kadaly ösüşine ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Göwrelilik döwründe bejergi üçin maslahat berilýän derman serişdeleri:

1. Gerdejik görnüşli:

♦ Detraleks – göwreliligiň ikinji ýarymyndan rugsat berilýär;

Ginkor-fort – göwreliligiň ikinji we üçünji ýarymyndan rugsat berilýär.

2. Şem görnüşli:

Relif – düzüminde akulanyň bagrynyň ýagyny we fenilefrini saklaýan şemler düwünlerdäki gan akmany, alawlama hadysasyny aýyrmaga kömek edýär. Artbujaga günde iki gesek – irden we agşam, şeýle hem täret etmeden soň (günde 4 gezege çenli) salmak maslahat berilýär.

Natalsid – düzüminde deňiz suwotularyndan alnan natriý alginatyny saklaýar we alawlama, gan akma garşy kömek edýän, artbujakda dörän jaýryklaryň bitmegini çaltlandyrýan derman serişdesidir. Göwreliligiň birinji ýarymyndan ulanmaga maslahat berilýär. Bejerginiň dowamlylygy – 7-14 gün.

Oblepiha şemi – düzüminde A, E, С witaminlerini, doýgun däl ýag turşylyklary saklap, göwreliligiň hemme döwürlerinde hem ulanmaga ýaramlydyr. Bejerginiň dowamlylygy 7-10 gündir. Bu şem keseliň gowşama döwründe, beterlemäniň öňüni almak üçin hem ulanylmaga maslahat berilýändir.

Ihtiol şemi – tebigatdaky gadym balyklaryň we deňiz haýwanlarynyň galyndylaryndan alynýan tebigy önüm bolup, güýçli antibakterial täsiri bilen bellidir. Göwreliligiň hemme möhletlerinde ulanmaga maslahat berilýändir we bejerginiň dowamlylygy 10 güni düzýändir.

Neo-anuzol – alawlama hadysasyna garşy netijeli kömek edip, göwreliligiň ikinji ýarymyndan ulanmaga maslahat berilýär.

3. Melhem görnüşli

Göwrelilik döwründe Posterizan, Lewomekol, Bezornil, Fleminga melhem ýaglary ulanylmaga maslahat berlip, olar esasan keseliň daşky görnüşleriniň bejergisi, daşky babasyl düwünlerine çalmak üçin netijeli ulanylýandyr.

Göwrelilik döwründe gaýraüzülmeli ýagdaýlaryň döremegi (babasyl düwünleriň gapjalmagy, ýarylmagy we nekroz) gaýragoýulmasyz hirurgiki bejergini geçirmäge görkezme bolup bilýändir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Güljan. 2017-07-02 19:51
Erkekleriň we aýallaryň birnäçeleri özlerinde ol keseliň barlygyny bilseler hem ony utanyp, syr saklan ýaly hiç kime aýtmaýarlar. Ol kesel ýiti naharlary iýmegi halaýan adamlarda keseliň beterleşmegine getirýär. Göwreli aýal üstesine çilim çekýän bolsa, onda ol göwredäki çaga we onuň özüne aýratyn ýaramaz täsir edýär.
Sitata
 
 
#1 Zenan 2017-06-21 07:44
Maslahatyňyza köp sag boluň, Lukman aga!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele