Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Göwrelilikde ýüze çykýan kynçylyklar GÖWRELILIK WE WARIKOZ KESELI: SEBÄPLERI, BEJERGISI
( 14 Ses Berme )

Her bir aýal maşgala göwrelilikden soň beden öňki durkuna geler we durmuş öňküden hem gowlaşar diýip pikir edýär. Bu pikir hakykatdan hem dogry. Durmuş has hem gyzykly bolup, täze ýakymly aladalar goşulýar! Emma, aýal maşgala göwrelilikden soň bir az daş-keşbi üýtgese, özüni oňaýsyz duýup başlaýar. Daş-keşbi bilen hem ylalaşsa bolar welin, aýaklarda döreýän gök damarjyklar, egrem-bugram bolup çykyp başlaýar. Aýaklarda agyrylar we çişginlilik, agyrlyk we damar çekmeler döreýär. Muňa göwrelilikden soň dörän aýaklaryň warikoz keseli diýip şübhesiz aýdyp bolar.

Warikoz sözi – latin "varix" – çişmek diýen sözünden emele gelýär. Aýaklarda döreýän warikoz keseli seýrek ýagdaýda dogrumdan soň ýüze çykýar. Bu kesel köplenç göwrelligiň ikinji ýarymynda dörap, belli bir sebäpler bilen bagly bolýar:

► Bedeniň gormonal durkunyň üýtgemegi;

Agramyň köpelmegi zerarly aýagyň damarlaryna agramyň düşmegi;

Az hereket etmeklik.

Käwagtlar çişen damarlar diňe dik durlanda injikde görünýärler, agrama duýgur bolýalar. Ýatyp aýagyňy biraz ýokaryk galdyraňda damaryň çişmesi aýrylýar. Şu ýagdaýda aýagyň damarlaryna näme bolýandygyny anyk bilmek üçin flebolog lukmanyna ýüz tutmak gerekdir.

Garaşsam geçip gitmezmikä?

Dogrudan hem, aýallaryň köpüsi keseliň öz-özünden geçip gidendigini we hiç hili bejergi ulanmadyklaryny aýdýarlar. Bular ýaly ýagdaý bolsa gaty gowy! Emma, aýagyň öňki durkuna geler diýip garaşyp oturmak ýalňyş. Sebäbi wagtyň geçmegi bilen bu hadysa gowlaşman has beterleşmäge başlasa, kesel dowamly häsiýete eýe bolup, has çuň ýerleşen damarlary zeperläp başlamagy mümkin. Egerde sizde göwrellikden soň artykmaç beden agramlylygy saklanan bolsa we siz beýik ökjeli köwüş geýýän bolsaňyz, aşakda bellenip geçilen gaýraüzülmeler sizde hem duşup biler.

Warikoz keseliniň gaýraüzülmeleri

Warikoz keseliň özi janyňa uly howp salmaýar, emma onuň gaýraüzülmeleri pikirlenmäge mejbur edýär:

Tromboflebit – damarlaryň içki gatlagynyň alawlama hadysasy;

Trofiki başlar – gan aýlanşygyň bozulmagy zerarly deride döreýän ýaralar;

Tromboemboliýa – damarlaryň içinde tromblaryň emele gelip, damaryň gan geçirijiligini peseltmegi.

Näme etmeli?

→ Ýörite berhiz saklaň. Ir-iýmiş, gök-önüm we iri süýümlere baý bolan iýmitleri iýmäge çalşyň. Dürli garyndyly, tagam berijili, kakadylan, duzlanan iýmitler damarlary beter zaýalaýar. Elbetde siz çagany ene süýdi bilen iýmitlendirýän bolsaňyz, berhizi saklama zerurdyr.

Rahat aýak-gap we egin-eşik geýjek boluň. Geýýän köwşüňiziň ökjesiniň uzynlygy 4-5 sm. geçmeli däldir.

Ýatanyňyzda aýaklary biraz galdyryp ýatnagy endik ediniň. Şeýle edeniňizde, aýaklaryň gan aýlanşygy gowlaşar we çişginliligiň döremeginiň öňüni alarsyňyz.

Hereket etmäge çalşyň. Mellege çykyp ýer agdarmak hökman däldir, emma irdenki maşklary ýerine ýetirmek bosa peýdalydyr. Maşklary ýerine ýetireniňizde, "tigir sürme" hereketini amala aşyrma, dabany hereketlendirme peýdaly bolup biler. Ondan başga hem, welosiped sürmek we suwda ýüzmek damarlaryň işjeňligini we gan aýlanşygy kadalaşdyrmaga ýardam berýär.

Ýörite kompression (gysýan) jorap, çulki ulanyp başlaň. Damarlaryň gysylyp durmagy olaryň giňelmeginiň we keseliň beterleşmeginiň öňüni alar.

Keseliň tapgyryny we gaýraüzülmeleriň döremeginiň öňüni almak üçin özwagtynda flebolog lukmanyna ýüz tutuň. Warikoz keselini bejermek we damarlardaky gan aýlanşygy kadalaşdyrmak üçin lukman gerdejik (flebodiýa, troksowazin) we melhem ýag (troksorutin, troksowazin, lioton, wenoruton, geparin) görnüşinde bejergi belläp, onuň netijeliligine gözegçilik eder. Derman bejergisi netijesiz bolanda, lukman warikoz keselini bejermegiň hirurgiki usulyny kesgitleýändir.

Dogrumdan soň göwreliligiň öňüni almak üçin bellenilip bilinjek gormonal gerdejikler ganyň lagtalanmagyny ýokarlandyryp, gan aýlanşyň kynlaşmagynyň we warikoz keseliniň gaýraüzülmeleriň döremeginiň sebäbi bolup biler. Şol sebäpden, şeýle aýallara göwreliligiň öňüni almak maksady bilen başga öňaýly usullar hödürlenmelidir.

Awtor: Emir Aliýew

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele