Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Göwrelilikde ýüze çykýan kynçylyklar GÖWRELILIK DÖWRÜNDÄKI PASSIW ÇILIMKEŞLIK: ONUŇ TÄSIRI WE NETIJESI
( 23 Ses Berme )

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň 2013-nji ýylda geçiren milli derňewiniň netijesi boýunça, ýurdumyzda çilim çekýän ilatyň 8%-e deňdigi tassyklandy. Bu bolsa diňe bir Ýewropa sebitinde bolman, eýsem bütin dünýä boýunça çilimkeşleriň iň pes derejesidir.

Meni çilim çekýän ilatyň sanynyň pes derejede bolmagy tüýs ýürekden begendirýar, emma muňa garamazdan, göwreli zenanlaryň passiw çilimkeş bolýandygy barada gürrüň açmagy makul bildim. Sebäbi yolda we käbir halatlarda goňşularymyň arasynda hem göwreli aýalynyň ýanynda yoldaşynyň arkaýyn çilim çekmegi meni geň galdyrýar. Bir gezek goňşyma: "Waheý goňşy, aýalyň göwreli eken. Sen hem ýanynda çilim çekýäňmi?" diýen soragyma, "Meniň çeken çilimimiň oňa zyýany ýok ahyry" diýip biparh jogap bermegi şu makalany ýazmagymyň sebäbi boldy.

Çilimkeşiň çekýän çiliminiň tüssesi daş-töweregindäki adamlara zäherli zyýanyny ýetirmek bilen, olary passiw çilimkeşlere öwürýar. Elbetde, türkmen zenanlarynyň aglaba böleginiň çilim çekmeýänligi meni begendirýär, emma olaryň ýanýoldaşlarynyň dünýä injek çagadan habarlydygyna garamazdan, göwreli aýalynyň ýanynda çilim çekmegi welin gynandyrýar we onuň nädogry hereket edýändigini aýdasym gelýär. Sebäbi çilim çekýän adam diňe bir özüni zaherlemän, ýokarada aýdyp geçisimiz ýaly, das-töweregindäki adamlary, göwreli zenany, gelejekgi dünýä injek çagany hem zäherleýär. Bu ýagdaýda çilimkes adam aktiw, das-töweregindäki adamlar we göwreli zenan bolsa passiw çilimkeşe öwrülýär.

Çilim tüssesi we onuň döredýän keselleri

Çilimiň düzüminde takmynan 4000 golaý himiki elementler (nikotin, tutujy gaz, şepbik, siwuş ýaglary we baş.) saklanýar. Çilimkeş adam çilim çekmeden döreýän tüssäniň 15%-i özüne kabul edip, 85%-i bolsa daş-töweregindäki adamlara ýaýradýar.

Çilimiň düzümindäki zyýanly maddalaryň yüregiň infarkty, bronhit, demgysma, öyken çişmesi (emfizema), öykenin rak keselini döredip bilýändigi hemmämize mälimdir.

Göwreli ene, çagasy we çilim tüssesi

Ýanýoldaşynyň çilim çeken wagtynda göwreli aýalynyň şol tüsseden dem almagynyň zyýanly täsiri barada köp işler geçirildi we bu işleriň ählisi çilim tüssesiniň diňe bir enä dälde, göwredäki çaga hem zyýanlydygyny subut etdi.

Çilim tüssesi bilen zäherli maddalar göwreli aýalyň bedeninde ornaşýar we onuň immunitetine zyýanly täsirini ýetirýär. Göwreli aýal ýokançlyklara has duýgur bolýar we şol ýokançlyklaryň käbirleriniň dogrumyň wagtyndan öň başlanmagyna we düwünçegiň ösüş kemislikeriniň döremegine getirip bilýär.

Çilim tüssesine sezewar bolan çagalaryň gipotrofiýaly (beden agramynyň kadadan az bolmagy), ýüregiň, kelle beýniniň doga kemislikleri, nerw ulgamynyň dürli bozulmalary, burun-bokurdak doga kemçilikleri (towşan dodak), semizlik, süýji keseli we Dauna sindromy bilen dogulma ähtimallygy ýokarydyr. Şeýle hem geçirilýän barlaglar, akyl taýdan yza galmagyň we fiziki ösüşde dürli derejede bozulmalaryň ýüze çykýandygyny görkezdi.

Nikotiniň zäherliligi sinil turşylygyna deň gelýär. Nikotin nerw ulgamyna täsir edýän zäher bolup, çlilim çekilen wagtynda 7 sek. soň enäniň ganyna geçip, çaganyň hem beýnisine şol tizlikde barýar. Nikotin gan damarlaryny gysyp, enäniň arterial gan basyşynyň ýokarlanmagyna getirýär, ýüregiň ýygrylyş ýygylygyny tizlendirýär. Şol sebäpden, ýüregiň daralan damarlaryndan çaga iýmit maddalaryň barmagy kynlaşýar. Bu bolsa geljekde çaganyň pes agramly dogulmagyna sebäp bolup bilýär.

Çilim çekýan zenanlarda köplenç çaganyň ýoldaşynyň ýatgynyň düýbünde ýa-da gaptal diwarynda dälde, ýatgynyň boýunjygynyň ýokarsynda ýelmeşmegi ýygy duş gelýär. Ol bolsa çaga ýoldaşynyň wagtyndan öň gopmagy ýaly howply ýagdaýyň döremegine, dogrumyň wagtyndan öň başlanmagyna sebäp bolup biler.

Çaganyň ösüşine we göwreliligiň geçişine ýaramaz täsir etjek sebäpleri aradan aýyrmak üçin, göwreli aýallaryň çilim çekilýän wagty ýanýoldaşlarynyň we başga çilim çekýän adamlaryň ýanynda oturmazlygy, çilim çekilen otag ýelejiredilenden soň oňa girmekligi, arassa howada gezelenç etmelere üns bermekligi wajypdyr.

Awtor: Güljan Annayewa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Gülnäz 2017-05-15 17:25
"Soňky tüýkülik sakgal ezmez" diýilişi ýaly bolmazlygy üçin resmi ýagdaýda göwreli aýallaryň çilim çekýän ärleri bilen düşündiri geçrmeli we olaryň dogjak çaganyň saglygyny gorap saklajakdyklaryna jogap bermeklerini boýnuna goýmaly.
Sitata
 
 
#3 Gumly 2017-01-10 00:05
Käbirleri çilimkeşiň çagasy hem ýaşlykdan atasy ýaly çilimkeş bolýar diýýärler weli, şol aýdylanyna känbir ynanmasam, ene ýatgysyndaky çaga çilimkeş atasynyň tüssesi arkaly şol ýaramaz häsiýeti geçýän bolmagy mümkin.
Sitata
 
 
#2 Okyjy 2017-01-01 22:37
Çilime gytçylyk döredip, gözegçiligi ýokarlandyryp gowy etdiler. Öň hemme köpçülik ýerlerinde çilim çekmeýäni äsgermän ýanyňda tütederdiler. Şondana dyndyk.
Sitata
 
 
#1 Aÿköke 2016-12-26 18:41
Örän peÿdy tema minnetdar awtor!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele