Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Göwrelilikde ýüze çykýan kynçylyklar DOGRUM ÝOLLARYNYŇ ŞIKESLENMELERI: BEJERGISI WE TIKINLERE SERETMEK DÜZGÜNLERI
( 21 Ses Berme )

Dogrum wagty dürli sebäplere görä ýüze çykýan dogrum ýollarynyň şikeslenmeleri dogrumdan soň aýalda biynjalyklylyk döredip, olaryň tikilmegi bolsa tikinlere seretmek düzgünini berjaý etmegi talap edýändir.

GÖRNÜŞLERI

Ýyrtylmalaryň döreýän ýerine baglylykda daşky (ýamyzda) we içki (jynshanada, ýatgynyň boýunjygynda) tikinleri tapawutlandyrýarlar. Olar dürli serişdelerden ýasalan sapaklar bilen dikeldilip, aýratyn idetme çärelerini talap edýär. Ol düzgünler barada her bir çaga dogran aýal habarly bolmalydyr.

ÝATGYNYŇ BOÝUNJYGYNA GOÝULÝAN TIKINLER

Sebäbi: uly çaga.

Agyrsyzlandyrma: dogrumdan soň biraz wagt ýatgynyň duýujylygynyň ýitirilýändigi sebäpli geçirilmeýär.

Tikim serişdeleri: öz-özünden aýrylýan we sökülmegi talap etmeýän ketgut, şeýle hem wikril, kaproag.

Aýratynlygy: agyry we oňaýsyzlyk döretmeýär, gaýraüzülmelere getirmeýär.

Ideg çäreleri: talap edilmeýär.

JYNSHANA GOÝULÝAN TIKINLER

Sebäbi: dürli derejedäki dogrum şikesler.

Agyrsyzlandyrma: nowokain ýa-da lidokain bilen ýerli agyrsyzlandyrma.

Tikim serişdesi: ketgut.

Aýratynlygy: birnäçe gün agyry saklanýar.

Ideg çäreleri: talap edilmeýär.

ÝAMZA GOÝULÝAN TIKINLER

Sebäbi: dogrumda şikeslenmegi ýa-da çaganyň aňsat dogulmagy üçin kesilmegi.

Görnüşleri: I dereje (diňe deri şikeslenen), II dereje (deri we myşsa süýümleri şikeslenen), III dereje (ýyrtylma göni içegäniň diwaryna çenli).

Agyrsyzlandyrma: lidokain bilen ýerli agyrsyzlandyrma.

Tikim serişdeleri: ketgut (I derejede), öz-özi gaçmaýan sapaklar-ýüpek ýa-da kapron sapaklary (II we III derejede).

Aýratynlygy: uzak wagt agyrylar saklanýar.

Ideg çäreleri: şahsy arassaçylyk düzgünleri, arassalaýjy erginler bilen kadaly işleme.

Ýamza goýulýan daşky tikinler aýratyn kynçylygy döredip, dürli gaýraüzülmelere (iriňleme, alawlama, ganama) getirip bilýändir. Şonuň üçin bu sorag babatda ýaňy çaga dogran aýallarda dürli soraglar ýüze çykyp, olaryň hemmesi hem aýalyň saglygy üçin wajypdyr.

DOGRUM ÝYRTYKLARYNYŇ BITME DOWAMLYLYGY

Dogrumda şikeslenmelere duçar bolan her aýaly bu sorag gyzyklandyrýandyr, çünki her aýal agyrylardan dynyp, öz adaty gündelik düzgünine çalt gaýdyp gelmäge ymtylýar. Tikinleriň bitme dowamlylygy köp sebäplere baglydyr:

► Öz-özi aýrylýan sapaklar ulanylanda 2 hepdäniň dowamynda şikesler bitýändir, emele gelen tyg bolsa 1 aýyň dowamynda aýrylyp, aýratyn ynjalyksyzlanma döredýän däldir.

Başga sapaklar bilen tikilende sikesiň bitme ýagdaýy idetme çärelerine we bedeniň aýratynlygyna bagly bolýar: dogrumdan soň 5-6 günden olar kesilip aýrylýar, 2-4 hepdäniň dowamynda bitýärler.

Dogrumdan soňky goýlan tikinleriň bitme dowamlylygy, olara seretmek we arassa saklamak çärelerine bagly bolup, olara dürli ýokançlyklaryň düşme howpuny aýyrmalydyr.

TIKINLERE SERETMEK ÇÄRELERI

► Dogrum öýünde daşky tikinler günde 2 gezek jöwherli ýaşylyň spirt ergini ýa-da "margansowka" ergini bilen göbegene tarapyndan ýuwulýar.

Dogrumdan soň her iki sagatdan daşky jyns agzalara goýulýan gigiýeniki serişdeleri çalyşma maslahat berilýär.

Içki eşikler pagtadan dokalan matadan taýynlanan bolup, olar gysmaly däldir. Ýamzy gysyp, onuň gan aýlanşygyny kynlaşdyrýan içki eşikler tikinleriň haýal bitmeginiň sebäbi bolup biler.

Her 2 sagatdan, şeýle-de her gezek hajathana baranyňyzdan soň daşky jyns agzalary ýuwuň. Irden we agşam duş kabul edeniňizde, ýamzy sabyn bilen ýuwup, günüň dowamynda bolsa ýöne suw bilen ýuwuň.

Daşky tikinli tygy has gowy ýuwmaga çalşyň, suw akymyny göni şoňa gönükdiriň. Ýuwunanyňyzdan soň, süpürgiç bilen suwy sorduryjy hereketler bilen ýamzy, öňden yza ugur bilen süpüriň.

Peşewden doly peşew halta ýatgynyň ýygrylmagyna bökdençlik döretmez ýaly, ony kadaly we özwagtynda boşatmaga ymtylyň.

Ýene bir üns bermeli sorag: ýamza tikin goýlandan soň näçe gün oturmak maslahat berilmeýär? Şikeslenmeleriň derejesine görä, lukmanlar 7-14 günüň dowamyny belleýärler. Bir hepdeden soň tikin goýlan tarapyň garşysyndaky ýanbaşa oturmak maslahat berilýär. Oturýan ýeriňiz gaty tekizlik bolmalydyr.

Agyrylardan gorkup, täret etme islegiňizi göýbermeli däldir. Bu ýagdaý soňundan has güýçli agyrylara getirip biler. Içiň gatamalarynyň öňüni almak üçin dogry iýmitlenmegiňizi ýola goýuň, ýeterlik suw içiň, iýmitlenmezden öň bir nahar çemçe ösümlik ýagyny kabul ediň we täret etmäni ýeňilleşdirmek üçin ýörite şemleri (meselem, gliserin şemleri) ulanyň.

Jyns agzalaryna tikin goýlan aýala 3 kg.-dan artyk ýük götermek bolmaýar.

GOÝLAN TIKINLERDE DÖRÄP BILJEK GAÝRAÜZÜLMELER

Kähalatlarda iki hepdeden soň hem aýal jyns agzalarynda agyry we oňaýsyzlyk duýup bilýär. Bu ýagdaý tikinleriň bitişmegine bir sebäbiň päsgel berendigini we gaýraüzülmäniň ýüze çykandygyny alamatlandyrýandyr.

Agyry – başga alamatlar bolmazdan, eger tikinler diňe agyryp, tyg haýal bitýän bolsa, onda lukman gyzdyrma çärelerini maslahat berip biler. Bu bejergi dogrumdan soň 2 hepdeden ir bolmadyk möhletde geçirilmelidir. Onuň üçin kwars ýa-da infragyzyl lampalar ulanylýar. Gyzdyrmalar 5-10 min. dowamynda 50sm. aralykdan geçirilýändir. Agyryny bitişmegi güýçlendirýän "Kontratubeks" ýagy hem aýryp bilýändir. Ol 2-3 hepdäniň dowamynda günde 2 gezek ulanylýar.

Tikinleriň açylmagy – eger dogrumdan soň tikinler açylan bolsa, haýal etmän lukmana ýüz tutmak wajypdyr. Eger görkezmeler bolsa tikinler täzeden goýlup biler. Eger ýara bitişen bolsa, bu lukmançylyk kömegini talap etmeýär. Onuň ýaly ýagdaýlarda lukman ýarany bitiriji melhemleri ulanmagy maslahat berýär.

Gijeme – köplenç aýallar dogrumdan soň goýlan tikinleriň gijeýändigini belleýärler. Tikinleriň gijemegi olaryň bitmeginiň alamaty bolup bilýändir we aýalda biynjalyklygy döretmeli däldir. Bu ýagdaýy ýeňilleşdirmek üçin ýygydan mylaýym suw bilen ýuwunmagy maslahat berip bolar. Ýöne gijeme duýgularynyň tikinleriň çekilmeginde hem bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Şeýle bolanda özüňize gözegçilik ediň: belki siz ir oturyp başlansyňyz ýa-da agyr götermeli bolýansyňyz.

Iriňleme – eger aýal kadasyz, ysly, goňrumtyl-ýaşyl reňkli bölünip çykmalary duýan bolsa, bu tikinleriň ýokançlyklaryň täsiri bilen iriňländiginden habar berip biler. Bu barada haýal etmän lukmany habarly etmelidir. Tikinleriň iriňlemegi olaryň açylmagyna getirip bilýän gaýraüzülmedir. Lukman tarapyndan bu ýagdaýda antibiotik serişdeleri kabul etmek, "Malawit" geli, "Lewomekol", "Solkoseril", Wişnewskiniň ýagyny çalmak maslahat berlip biler. Bu ýaglar ulanylmazdan öň, iriňli ýara hlorgeksidin ýa-da wodorodyň öteturşysy bilen arassalanmalydyr.

Gan akma – eger dogrumdan soň tikinler ganaýan bolsa, bu esasy, bir hepdäniň dowamynda oturmazlyk düzgüniniň bozulandygyndan we ýaranyň açylandygyndan habar berip biler. Şeýle ýagdaýda lukman açylan ýara täzeden tikin goýar ýa-da bitiriji ýaglary (meselem, "Solkoseril") ulanmagy maslahat berer.

Tikinler goýlandan soň, 5-nji ýa-da 6-njy günler lukman tarapyndan aýrylýar. Tikinini aýyrtnaga gidýän hemme aýallary bir sorag gyzyklandyrýar: tikinleri aýyrma agyrylymy we agyrsyzlandyrma ulanylýarmy? Lukman sizi köşeşdirip, tikinleriň aýrylmagynyň çybynyň çakmasyny ýagyňa salýandygyny aýdar. Ýöne bu ýagdaý aýalyň agyryny duýujylyk derejesine bagly bolup, her aýalda birhili duýgulary döretmegi mümkindir. Eger gaýraüzülmeler bolmasa, agyryly duýgular bolmaýar: aýal diňe ötme duýgulary bilen bilelikde ujypsyzja sançma duýar. Elbetde, agyrsyzlandyrma geçirme gerek bolmaýar.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Lukman 2016-07-05 00:02
Eje!

Tikinleri sökülensoň hem,dogrumdan soňky ýaralar bitişip, ýaranyň düýbüne çenli bütinleý açylmadyk bolsalar olara tikin goýulmaýar.Şeýle-de, ýokançlyklar düşüp açylan ýaralara tikin goýmak bolmaýar. Lukmanyň maslahatyna eýerip, bejergini geçireniňiz peýdaly çäre bolup, gözegçilik üçin lukmanyň gaýtadan barlag geçirmegi zerurdyr.
Sitata
 
 
#3 eje 2016-07-03 00:34
Mana dogrumda tikin dushdi. Gynansamda roddomdan gelen pursadymdan bashlap egin-eshik, gap-chanak yuwmaly bolup elim-ayagym sowuk suwdan chykmady we agyr zatlaram gotermeli boldum. Shol sebapden tikinlerim bir hepda galman achyldy. Achylandygyny ozum goni duydum, sebabi ozal chekdirilip duranson oturyp-turmak, yoremek kyn dushyadi. Yzyma roddoma barsam indi tikip bolmaya diydiler. Gen yeri doktorlar tikine hich hili ideg etmek gerek dal diydiler, hatda ideg etmek uchin hich yagdayymam bolmady, chagam gaty aglak bolanson. Shonda tikinlerimi barlatmaga baranymda infeksiya dushupdir diyip swechi yazyp berdiler, ulandym. Sholdur shol gaydyp doktora gorunmedim. Lukman, shu halda gezip yormek ziyanlymyka? Hich hili bimazachylygym-a yok yone
Sitata
 
 
#2 Melike. 2016-07-02 10:02
Dogrumda ezber lukmana duşsaň bagtyň geldigi. Oňat geçirilen dogrum pusaty we ondan soňky seretmeler möhüm peýdaly çäreler bolup durýar. Eger ol birinji dogrumda bolmadyk bolsa, ikinji dogrum uly gabahat ýaly göz öňüne geler.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2016-06-28 23:34
Erkekleri gepletseň, dogurma kadadaky fiziologiki ýagdaý diýip hasaplap, aýallaryna iň bolmanda duýgudaşlyklary hem ýok. Aýal görgülileriň ýokarda görkezilen dogrum ýollarynyň şikeşlerini gejirmedikleri ýokdyr diýsemem ýalňyş bolmazmyka diýýärin. Näme üçin şeýlekä? Dogurýanyň bedeniniň ýetmezçiligi barmyka ýa-da dogrum ýalňyş alynyp barylýarmyka?!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele