Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Göwrelilik Göwrelilikde ýüze çykýan kynçylyklar NÄME ÜÇIN KESAREWO KESIMI ARKALY ÇAGA DOGURÝAN AÝALLARYŇ SANY ARTÝAR?
( 22 Ses Berme )

"Kesarewo kesimi – akuşer-ginekolog lukmany tarapyndan geçirilýän operasiýa bolup, onuň gidişinde, çaganyň dogulmagyny upjün etmek üçin garyn boşlugynyň öňki diwary hem-de ýatgy kesilýändir. Çaganyň dogulmagynyň operatiw usulyny ulanma, akuşer-ginekolog lukmanyndan ýörite taýynlygy we tejribeliligi talap edýändir".

Halkara guramalaryň, Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) bellemegine görä, dünýäde kesar kesimi operasiýasy arkaly çaga dogurýan aýallaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Lancet lukmancylyk žurnalynyň ýakynda çap eden, öz içine 21 sany ýurdy alýan barlaglarynyň görkezmegine görä, dünýäde 2010-2011-nji ýyllar aralygynda dogulan bäbekleriň 31%-i kesar kesimiň kömegi bilen dünýä inipdir. Barlaglardaky sanlar kesar kesimiň derejesiniň ähli ýurtlarda hem ýokarlanýandygyny görkezýär.

Kesar kesimi enäni, bäbegi ölümden halas edip bilýär. Ýone köp halatlarda kesar kesimi hiç bir görkezmesiz, zerurlyk ýok bolan ýagdaýlarda hem geçirilýär. Zerur bolmadyk kesar kesimi eneleriň we bäbekleriň saglygyna howp salýar, esasan hem tejribeli lukmanlaryň, gerekli lukmançylyk enjamlaryň ýeterlik bolmadyk ýerlerinde dürli gaýraüzülmelere getirip bilýär. BSGG kesar kesimini diňe görkezme bilen, her göwreli aýalyň ýagdaýynyň öwrenilip ulanylmagyna çagyrýar. Kesar kesimi diňe dogurýan aýalyň, bäbegiň janyna hakyky howp salanda, zerurlyk dörän wagtynda geçirilmeli operasiýa höküminde bellenilýär. BSGG haýsy-da bolsa bir statistiki görkezijilere, sepgitlere eýermekden gaça durmagy nygtaýar.

Kesar kesimi we gaýraüzulmeler

Her bir çylşyrymly hirurgiki operasiýa mahsus bolan gaýraüzülmeler kesar kesimi operasiýasynda hem ýüze çykyp bilýar (ýokançlyklar, gan ýitirme). Kanadada geçirlen barlaglara görä, özi dogurýan aýallar bilen deňeşdirlende, çagalarynyň çanaklaýyn ýerleşmegi bilen operasiýa geçirlen sag aýallarda we çagalarda gaýraüzülmeleriň döreme ähtimallygy üç esse ýokary bolupdyr. Kesar kesimi operasiýasyny bir gezek geçiren aýalda indiki dogrumyndaky bolup biljek (ýatgynyň tyg düşen ýerinden ýyrtylmagy, gan akmalar) gaýraüzülmeleriň töwekgelçiligi ýokarlanýar.

Kesar kesimi bilen çaga doguran aýallaryň dogrumdan soňky dikeldiş döwri uzaga çekýar we ruhy gamgynlygy duýmak atiýaçlygy artýar. Şunuň ýaly usul bilen dünýä inýän bäbekler hem ejir çekýärler. Sebäbi çaga dogrum ýollaryndan geçip, ýaşaýyş üçin zerur bolan bakteriýalary alyp galanok.

Kopengagen uniwersitetinde geçirlen barlaglar netijesinde 1977-2012 ýyllar aralygynda doglan 2 mln. çaganyň saglyk ýagdaýyna seredildi. Şolardan kesar kesimi arkaly doglan çagalaryň 14%-niň adaty doglan çagalar bilen deňeşdirlende dürli kesellerden (demgysma, bogunlaryň we içegäniň alawlama keselleri) has ýygy ejir çekýändikleri subut edildi.

Kesar kesimi operasiýasy gymmat düşýän dogurma usuly bolup, gowşak saglygy goraýyş pudakly ýurtlaryň maliýe serişdeleriniň tygşytly ulanylmagyna böwet bolýar. Bu ýagdaý maliýe serişdeleriniň jemgyýete zerur bolan lukmançylyk hyzmatlaryň gowulandyrylmagyna sarp edilmän, zerur bolmadyk kesar kesimi ýaly operasiýalara harç edilmegine getirýär.

Kesar kesiminiň geçiriliş derejesi näçe bolmaly?

1985-nji ýyldan bäri halkara guramalary kesar kesiminň howpsyz derejesiniň 5-10% aralygynda bolmalydygyny ýatladyp gelýärler. Soňky barlaglara görä, kesar kesimiň derejesiniň 10%-den ýokarlanýan halatynda, onuň ene we çaga ölümçiliginiň öňüni alýandygy baradaky subutnamalary getirmekde delilleri azaldýar.

Näme üçin dogrumyň operatiw usuly giňden ýaýraýar? Dünýä boýunça görkezijileriň artmagy birnäçe sebäpler bilen düşündirilýär.

Onuň bir sebäbi adamlaryň maddy taýdan gurplanmagy we olaryň şunuň ýaly operasiýany tölemäge ukyplylygy bilen düşündirilse, ýene bir sebäbi dogurýan aýallaryň ýaşlarynyň uly bolup, olaryň agramlarynyň ýokary, saglyk ýagdaýlarynyň ýaramaz bolmagy bilen düşündirilýär. Bu faktorlar dogrumyň gidişine öz ýaramaz täsirlerini ýetirip bilýärler.

Halkara guramalaryň, eneler bilen iş alyp barýan garaşsyz guramalaryň bellemegine göra. şu aşakdaky faktorlar kesar kesimiň ýaýbaňlanmagyna öz täsirlerini ýetirýärler:

1. Dogurýan aýalyň öz dogurmak ukybyna ynamsyzlygy. Sagdyn dogurýan aýala dogrumyň dowamynda psihologiki goldaw berlende kesar kesimini ulanma ähtimallygy ujypsyz bolýar. Meselem, Gunbatar ýurtlarynda göwreli aýallar ginekolog lukmany bilen dogurman, akuşer (göbek ene) bilen dogurmagy saýlap alyp bilýärler. Akuşerleriň tebigy, adaty dogruma ýykgyn edip, garaşmak usulyny ulanmagy tapawutly tarap bolup durýar. Dogurmagy bir tebigy ýagdaý hasaplap, sagdyn enä we çaga howp abanmasa, hirurgiki usullary we dermanlary ulanmakdan gaça durmak – akuşerleriň dogrum hadysasynda eýerýän esasy düşünjeleridir.

2. Soňky barlaglaryň görkezmegine göra, dogrumy çaltlaşdyrmak üçin dermanlaryň ulanylmagy (pitosin, oksitosin), aýalyň öz islegine görä hereket etmän bir ýerde ýatyp dogurmaly ýagdaýy, epidural agyrsyzlandyrmanyň ulanylmagy kesar kesimiň ulanyş töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.

3. Kesar kesimi usulyna jemgyýetde adaty usullaryň biri ýaly garalmagy, kabul edilmegi. Biziň jemgyýetimiz aňsatlyk bilen operatiw usullary, operasiýalary kabul edýär. Bu garaýyş aýallaryň, lukmanlaryň arasynda giňden ýaýran garaýyş we düşünjedir.

4. Göwreli aýallaryň kesar kesiminiň getirip biljek uly gaýraüzulmeleri, aýalyň we bäbegiň saglygyna zyýany barada düýbünden habarsyz bolmaklary.

5. Lukmanlary höweslendirme şertleri tizligi we girdejini öňe sürýär. Garaşyp, psihologiki goldaw berip, sagdyn aýallara özleri dogurmana kömek berýan lukmanlara höweslendrmek üçin hiç hili goşmaça töleg berlenok. Käbir operatiw usuly ulanýan lukmanlara, tebigy dogrum bilen deňeşdirlende köp tölenýär. Şeýle-de bu ýagdaý keselhanalaryň girdejisini hem ýokarlandyrýar.

Kesarewo kesimi barada Saglyk.info-da ýerleşdirilen makalalar:

1. KESAREWO KESIMI: GÖRKEZMELER, GEÇIRIŞ TEHNIKASY WE OPERASIÝADAN SOŇKY DÖWÜR

2. OPERATIW DOGRUMDAN SOŇKY DÖWÜR

3. KESAREWO KESIMI WE SOŇKY GÖWRELILIKLER

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 talyp 2016-01-27 22:15
dowlet bu operasiya ucin lukmancylyk zerurlylygy yaly belli bir shert goymalymyka diyyan. Yone muna hem yene zenanlar garshy cykya. Kesereva bilen dogurmak (dogurmak diymek hem yalnysh bu yerde) has kyncylyksyz yaly edilip gorkezilyar, bu yalnyshlygyn onuni almaly dogry maglumatlary yayradyp. Yene hem, spinal, epidural anasteziyanyn ulanylmagyny yaybanlashdyrmak hem bir çozgit bolup biler.
Sitata
 
 
#3 Söýün. 2016-01-26 01:48
Hirurgik operasiýa her bir ýagdaýda hem başga çykalga bomadyk ýerinde ulanylýar. Belkäm, biziň näzik aýallarymyza höwes edip dograr ýaly usullar tapylar. Bolmasa, keser kesimi hakynda eşidende hem saçyň dürterip ýokary galýar.
Sitata
 
 
#2 Söhbet. 2016-01-12 01:19
Keser kesimini lukmançylyga girizen hirurg ony aýallary terne kesen ýaly kesmegi göz öňüne hem getiren däldir.Şu wagtky hirurglar ony adaty zada, ýagny biznese öwüräýdiler öýdýän. Ondana öňki türkmenler ýaly dogurmaly aýalyň ýanynda tüpeň atyp, gorkuzyp çaga alanyň hem bir hili ýeňil ýaly bolup dur.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2016-01-07 22:31
Dogulanda çagajyk geçmeli ýoluny geçmän, ýoldan çykyp, azaşyp ýören serhoş adamy ýadyňa salýan ýaly. Hany öňki tejribeli göbek eneler, akuşerler ýa-da indi "aňsadyna bakan aýal gyz dogyr" diýilişi ýaly köpler aňsadyna bakýan ýaly. Käbir ýagdaýlarda tyg ýarasyna sezewar bolan doguran aýal ýa-da çaga soň lukmançylyk kömegini başdan geçirmeli bolýar ahyryn.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele