Bellik

Saýtymyzyň baş sahypasynda orfografik ýalňyşlar bar bolsa, ýalňyşlary mouse kömegi bilen saýlap, Shift+Enter basyp, Administratora habar bermegiňizi Sizden haýyş edýäris.


Baş sahypa
Banner
( 17 Ses Berme )

«Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar,
Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,
Süňgüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,
Bir nyşana budur sende, çilimkeş»

Magtymguly

 


Çilimkeşlik — bu adaty neşekeşlikdir. Onuň giňden ýaýaran görnüşi bolan nikotinizm bolsa adaty temmäki çekmeklikdir. Temmäki çekmeklik erbet endikleriň biri bolup, çilim çekýäniň-de, onuň daş-töweregindäki adamlaryň-da saglygyna uly zyýan ýetirýär.

 
( 27 Ses Berme )

Biziň özümiz, bu täsin, adaty durmuş ritmini bozýan, şol wagt biraz gorkunç bolup görünýän üýtgeşmeleriň başlanan wagtyny belki ýadymyza hem düşürip bilmeris. Ýöne günlerde bir gün öz gyzyňyz bilen, aýal maşgalada bolýan şol ýagdaý barada gürrüň etmeli bolýar. Şol wagt hem, göräýmäge ýönekeý bolup görünýän zat ýaly bolup görünse-de, biziň utanýanlygymyzy, çekinýänligimizi özümiz duýýarys, nämeden başlajagymyzy bilmeýäris.

Ýetginjeklik döwrüne gadam basýan gyzjagazlarda ýüze çykýan soraglara, dogry, öz wagtynda jogap berip, kömek eder ýaly, biz sorag-jogap görnüşinde düzülen makalamyzy siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Mende bolup geçýän üýtgeşme nämekä?

 
( 12 Ses Berme )

Demrew (Lichen) sözi adamzada Gippokratyň döwründen bäri bellidir. Deri keselleriniň köpüsi il arasynda «demrew» diýip atlandyrylýar. Şu keseller deride reňkli tegmilleriň döräp, deriniň soýulmagyna eltýär. «Demrew» sözi diýseň şertlidir. Mysal üçin, uçugy il arasynda gurşaýjy demrew, psoriazy bolsa teňňeli demrew diýip atlandyrýarlar. Emma bu deri keselleriň demrew bilen umumylygy gaty azdyr. 

Demrewiň dürli görnüşleri dürli sebäplere görä ýüze çykýar. Muňa kömelek infeksiýasy ýa-da wirus, ýöne köp halatlarda immunitetiň peselmegi sebäp bolýar. Şu makalada reňkli demrew (il arasynda kepek görnüşli demrew diýip atlandyrylýan) barada gürrüň berilýär.

Demrewiň döremegine näme sebäp bolýar

 
( 14 Ses Berme )

 

Soňky döwürde diş çüýremesi barada beýleki kesellerden hem köp gürrüň edilse-de, ol barada anyk maglumatlary bilýänler azdyr. Eýsem diş çüýremesi nähili döreýär we dişler näme üçin agyrýar?

«Kariýes» (diş çüýremesi) sözi hem beýleki lukmançylyk adalgalary ýaly latyn dilinden gelip, «weýran bolmak» diýmegi aňladýar. Dişiň gaty dokumasynyň weýran bolup, deşigiň emele gelmegini diş lukmanlary «kariýes ýa-da dişiň çüýremesi» diýip atlandyrýarlar. Diş göräýmege gaty we berk bolýar. Onda dişde deşikler nähili döreýärkä? Gynansak-da, dişiň öz gizlin duşmanlary: turşulyk we bakteriýalar bolýar.

Biziň dişlerimiz dentinden düzülendir. Ol öz düzümi boýunça adaty süňke meňzeş bolýar. Dentin diş sarymtyl-ak reňkli syrça bilen örtülendir. Dentinde öýjükler, esasan-da nerw süýmleri ýokdur. Şonuň üçin-de, dişleri arassalamak ýa-da çeýnemek agyrysyz bolýar. Mineral duzlary, esasan hem kalsiy duzlary: fosfat bilen karbonatlar dişiň gatylygyny we berkligini üpjün edýär. Bu duzlar dentine siňýärler. Olar esasan hem diş syrçasynyň düzüminde köp bolýarlar. Organiki däl maddalaryň emele getirýän bu berk gatlagy dişiň çoýun ýaly berk bolmagyny üpjün edýär. Dişler agyzda däl-de, bedeniň haýsydyr başga bir ýerinde (mysal üçin, deride) össedi, onda olar hiç haçan çüýremezdi. Eger iýmit çeýnelende agyz boşlugynda biohimiki täsirler bolmasady, onda adamlaryň dişi hiç haçan çüýremezdi.

 
( 10 Ses Berme )

Dermanlaryň kabul edilmeli wagtyny anyk bilmeli.Soňky wagtlarda derman kabul edilenden soň allergiki täsire uçrap, lukmançylyk edaralaryna ýüz tutýan adamlaryň sany barha köpelýär. Adamlaryň köpüsi lukmanlara ýüz tutman, özlerini özleri bejermäge synanyşýar. Olar köplenç haýsydyr bir derman serişdesiniň reklamasyny görüp, dermanhana ylgaýarlar-da, şol dermany satyn alýarlar. Olar bu dermanyň özlerine ýarap-ýaramaýandygy bilen düýbünden gyzyklanmaýarlar.

Biz derman serişdelerini dogry kabul etmek babatdaky käbir maglumatlary siziň dykgatyňyza hödürlemekçi.

Birinji we iň esasy kada: dermany satyn almazdan öň hökman lukman bilen maslahatlaşyň. Haýsydyr bir derman serişdelerini hünärmen lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak ulanmak örän howpludyr. Bu allergiki täsirleriň bolmagyna, käwagtlar bolsa, zäherlenmä uçradyp biler.

 
( 22 Ses Berme )

Stress — bu adam bedeniniň dartgynlylyk ýagdaýy. Ol daş-töwerekdäki ýaramaz täsirlerden (fiziki we ruhy şikesler, ölüm, ýakynlaryňdan jyda düşmek we ş.m)  goranmak üçin edilýän hereketleriň netijesinde ýüze çykýar. Stress ýagdaýyny dogry kesgitlemek we oňa garşy göreşmek üçin, ol baradaky ýalan toslamalary we hakykaty bilmelidir.

Aşakda giňden ýaýaran toslamalaryň 15-si berlendir. Her toslamanyň aşagynda bolsa olary ýalana çykarýan düşündirişler bar:

 

1-nji toslama:

Stress meniň saglyk ýagdaýyma zeper ýetirip bilmeýär, sebäbi ol meniň diňe aňymda bolýar.

Bu ýalan! Stress diňe bir ruhy ýagdaýa däl, eýsem bedeniň fiziologiki işlerine hem täsir edýändir. Stressiň netijesinde ýüze çykýan kesel adamyň saglygyna howp salýar. Muňa mysal hökmünde ýürek tutgaýlary, ýokary gan basyşy, immunodefisit, aşgazan we içege ýaralary ýaly keselleri getirmek bolýar.

 
( 27 Ses Berme )

Ateroskleroz (ýürek-damar ulgamynyň keseli) we damarlar ulgamy.

Ýürek-damar ulgamynyň keselleri birdenkä ýüze çykmaýar. Olar biziň bedenimizde uzak wagtlap dowam eden ýagdaýlaryň netijesidir. Ýaglaryň, aýratyn-da holesterin bilen trigliseridiň ýygnanmagy arteriýa damarlarynyň diwarlaryny galňadyp, artesklerozyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Stenokardiýa, kardiuoskleroz, miokarditler, miokardioskleroz, ýürek demgysmasy we beýleki ýürek-damar keselleri hem şol sebäpli ýüze çykyp bilýär.

Ýürek-damar keselleri birnäçe ýyllaryň dowamynda emele gelip, atesklerozyň damar ulgamyna zyýan ýetirip, ýüregiň gan bilen üpjün edilişini haýalladýar, ony ýokumly iýmitlenmeden we kisloroddan mahrum edýär. Adamyň ýüregi agyryp başlanda, bu eýýäm düýpli ýürek keseliniň bardygynyň alamatydyr. Şonuň üçin-de, adam «ýürek tutgaýynyň» tutaryna garaşman, wagtynda ýüreginiň aladasyny edip başlamalydyr.

 
( 54 Ses Berme )

Maşgala Saglygy kitabynyň daş görnüşi

Biz Siziň dykgatyňyza Maşgala Saglygy atly gollanmany hödürleýäris. Bu gollanma maşgala üçindir. Ol Where There is No Doctor atly iňlis dilindäki asyl nusgadan terjime edilip, türkmen halky üçin uýgunlaşdyryldy. Where There is No Doctor kitaby, megerem, dünýäniň ähli künjeklerinde ilat tarapyndan iň köp ulanylýan gollanmalaryň biridir. Bu kitap 70-den göwrak dillere terjime edilip, onuň millionlarça sany çap edildi. Ol tutuş dünýäde saglyk babatda tapylgasyz çeşmedir.

Kitabyň awtorlar topary giňden ýaýran keselleri anyklamak, bejermek we olaryň öňüni almak baradaky amaly maglumatlary saňa sada dilde düşündirýär. Iýmitlenme, ýokanç keseller, keselleriň öňüni almak meselelerine aýratyn üns berlendir. Şeýle-de keseliň öňüni almakda we bejermekde esasy usullar hökmünde anyklaýyş tärleriň ulanylmagyna hem üns berilýär.

Kitap 23 bapdan ybaratdyr. Ol elektron görnüşinde baplara bölünendir. Siz onuň aýry-aýry baplaryny özüňiz üçin çap edip bilersiňiz. Hemme seslenmeleriňizi  This e-mail address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it   elektron poçtasyna iberip bilersiňiz.

 
( 12 Ses Berme )

Soňky ýyllarda ýer ýüzünde süýt mäziniň howply täze döremeleri (SMHTD) bilen keselleýänleriň sany artdy. Ösen ýurtlarda rak keselli aýallaryň her  100-siniň 18-zinde süýt mäziniň howply çişleri ýüze çykaryldy. Bütündünýa Saglygy Goraýyş  Guramasynyň 2006-njy ýyldaky maglumatlaryna görä, Fransiýa süýt mäziniň ragy bilen kesellänleriň sany boýunça dünýäde 1-nji orny eýeleýär. Ýurtda hasaba alnan çiş keselleriniň 32%-ni süýt mäziniň howply täze döremeleriniň emele getirýänligi anyklanyldy. ABŞ-da her 8-nji aýalda SMHTD-i  ýüze çykaryldy.   

Alymlaryň çaklamagyna görä, şu asyrda süýt mäziniň howply çişine ýolugan aýallaryň sany 1 milliondan geçer.            

Eýsem bu kesel barada biz nämeleri bilmeli  we ondan nähili goranmaly?

 
( 27 Ses Berme )

Perzent islendik maşgalada esasy durmyşy gymmatlyk, ajaýyp, süýji arzuwlaryň gözbaşy bolup durýar. Dünýä injek çaganyň sagdyn bolmagy üçin, meýilleşdiriljek göwrelilige geljekki eneler gowy taýynlanmalydyr.

 

Çaga dogurmagy niýet edinen bolsaňyz haýsy barlaglardan geçmeli?

 

 
SAGLYK.INFO-nyň TÄZE EMBLEMASY
Sosial aragatnaşyk

GÖZLEG
SES BERME
Mekdeplerde psihologlar üçin iş orunlaryň bolmagy gerekmi?
 
Bize goşul!
BILDIRIŞ

DG we AS Kitaby

Maşgala Saglygy Kitaby

Sorag-jogap bukjasy

Sorag ibermezden öň
HÖKMAN OKA


Sorag-jogap süzgüji
Soňky teswirler
  • Bilesigelji 19.01.2018 06:30
    [quote name="Sary"] Tebigatda biziñ dinimizden arassa zat ýok Bu gözel dini goraýan adam çyndanam ...

    Dowamy...

     
  • Jenno 19.01.2018 01:28
    Oglanlar gayrat edip ilki birinji alan gelninizi yürekden bagty etmani başaryn olam sizin etyanlerini ...

    Dowamy...

     
  • KezvinGuild 18.01.2018 21:18
    viagra for patients with cardiomyopathy http://viagrawithoutdoctorpres.com - viagra without a doctor ...

    Dowamy...

     
  • Rejep 18.01.2018 08:09
    Ýogsamam başaran adam birden köp aýal alar.

    Dowamy...

     
  • Rejep 17.01.2018 14:12
    Meniñ pikirimçe 14-16 ýaşly oglanlar we aýbaşy görýän gyzlar barada bular "entäk çaga" diýen ...

    Dowamy...

Şu wagt kim bagly
We have 84 guests online