Bellik

Saýtymyzyň baş sahypasynda orfografik ýalňyşlar bar bolsa, ýalňyşlary mouse kömegi bilen saýlap, Shift+Enter basyp, Administratora habar bermegiňizi Sizden haýyş edýäris.


Baş sahypa
Banner
( 32 Ses Berme )

Meniň feministe öwrülmegime türkmen erkek oglanlary sebäp boldular. Olaryň şübhe bilen meni "feminist" diýip atlandyryp başlamaklary maňa "feminizm" düşünjesini düýpli öwrenmäne itergi berdi. Näme üçin erkek oglanlarymyza "feminizm" düşünjesi şeýle agyryly täsir edýärkä? Olar nämeden gorkýarlar? Söwet döwründen miras bolan, aýal-gyzlara berlen deňhukuklary her gün durmuşa geçirip bilmekligim, olaryň wagtyň geçmegi bilen ownamazlygy we dürli çäklendirmelere sezewar bolmazlygy maňa örän wajyp bolup durýar. Hawa, "deňhukuklylygy" çörege çalyp iýip bolmaýar. Şu ýerde hem "Deň hukuklar nämäni aňladýar?" diýen sorag ýüze çykýar. Türkmen erkek-oglanlarynyň feminizm bilen baglanşykly esasy aladalanmalary öýlenmek, maşgala gurmak bilen bagly bolup durýar: öý hojalygynda kim öý işlerini etmeli? Kim öýde oturyp çagalara seretmeli? "Bu meselelerde aýallaryň saýlamaga erkinligi bolmaly" diýlende, erkekler gahar-gazaba münýärler.

 
( 17 Ses Berme )

8-njy Mart günüdi. Ejeme näme sowgat aljagym barada oýlanyp otyrdym. Men özümi bilip başlan günümden şu wagta çenli, ýagny kämillik ýaşyna ýetýänçäm, ejemiň öz maşgalasy üçin eden we edýän işleri göz öňüme geldi. Eger kakam ejemiň edýän işlerini, ol işleri özlerine kär edinen adamlary çagyryp etdirjek bolsa ep-esli çykdaýjy çykarardy. Ejemiň we ejem ýaly aýal-gyzlaryň öýde edýän işleri we olaryň ykdysadyýetdäki orny barada şu makalamda söz açmagy makul bildim.

 
( 15 Ses Berme )

Her bir adamyň gaçakçylyk hadysasynyň üstüni açmaga potensiýaly bardyr. Gaçakçylygyň pidalarynyň käwagt ýapyk gapylaryň aňyrsynda saklanýan bolmagy mümkin, emma olar köplenç biziň gözümiziň öňünde gizlenilýar. Meselem, gurluşyk meýdançalarynda, restoranlarda, dyrnak salonlarynda, ekerançylyk ýerlerinde, we otellerde. Gaçakçylyk etdirýänleriň haýbatlary (deport etdirmek, pida we onuň maşgalasyna zyýan bermek) şeýlebir güýçli welin, sen pidany anyklaýaňda-da onuň kömegiňi kabul etmekden gorkmagy ahmal. Adam gaçakçylygynyň alamatlaryny aňmak we pida dogry soraglar bilen ýüzlenmek saňa nädogry ýagdaýy kesgitlemäge we ony degişli ýerlere habar bermäge kömek eder.

 
( 17 Ses Berme )

Gündelik durmuşymyzda biziň her birimiz dürli sebäplere görä alynýan şikeslenmeleriň netijesinde ýaralanmalara sezewar bolýarys. Gynansakda, biziň hennämiz ilkinji doly we dogry berilmeli lukmançylyk kömeginiň aýratynlyklary barada bilmeýäris. Şonuň üçin ilki bilen ýara, onuň görnüşleri we ilkinji berilmeli kömek baradaky maglumatlary bilmek zerurdyr.

Ýara diýip nämä aýdylýar?

Ýara diýip, deriniň we nemli bardanyň bütewliliginiň bozulmagyna aýdylýar. Ýaralar öz ölçegleri, görnüşleri we çuňlugy boýunça bir-birinden tapawutlanýarlar.

 
( 29 Ses Berme )

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleri!

Siz üçin şeýle dabaraly baýramçylyk gününde adamlaryň saglygyny goramak ugrunda alyp barýan jogapkärli, ýeňil bolmadyk zähmetiňiz üçin uly minnetdarlygymyzy bildiresimiz gelýär. Hünärleriň hiçisi hem adamyň içki dünýäsine şeýle ýakyn aralaşyp, onuň syrly öwrülmeleriniň, begenjiniň, gynanjynyň, alaçsyzlygynyň, ýeňşiniň, tolgunmalarynyň şaýady bolýan däldir.

Çünki Siz dünýäde gymmaty çäksiz bolan Saglygy gaýtaryp berme bilen, Adama ömür, umyt, bagt, ynam berýärsiňiz.

Şeýle dabaraly günde Size saglyk, maşgala abadançylygyny we bagty, rowaçlygy, hünäriňizde uly gadamly ösüşleri we abraýly üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň.

BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.

 
( 13 Ses Berme )

30-nji iýul – bu gün adam gaçakçylygyna garşy bütindünýä güni. Bu güne bagyşlap adam gaçakçylygy baradaky toslamalara we hakyky meselelere ünsüňizi çekmegi makul bildik.

Toslama 1: Adam gaçakçylygy ten söwdasy bilen manydaşdyr.

Adam gaçakçylygy – ýüzbe-ýüz gaçakçylyk ýa-da häzirkizaman gulçulygy diýip hem tanalýar – bu ABŞ-nyň döwlet departmentiniň suratlandyrmagyna görä "adamy zähmete ýa-da ten söwdasyna mejbury ýa-da bidüzgünçilikli ýagdaýda gönükdirmek, höweslendirmek, ýa kabul etmek hereketidir".

 
( 20 Ses Berme )

Durmuşa çykanymdan soň, ýarym ýyl geçip geçmänkä, meň täze guran maşgalamda agzalalyk başlandy. Ýanýoldaşym bilen günaşa pikirim deň gelmän, baldyzym bilen günde sögşüp başladyk. Iýen çöregim damagymdan geçmedi. Şu oňşuksyzlyklar zerarly hem ýoldaşym bir-iki gezek maňa elini galdyrdy. Men hemaýat isläp, dadymy ejemlere aýtdym. Kakamy 10 ýaşymda ýitiripdik we meni, iki erkek, iki gyz doganlarymy ejem ulaldypdy. Arzymy aýdamda ejem maňa: "Gyzym, indi näme edeýin? Häzir gaýyn tarapyň bilen gygyryşsak, onda seniň durmuşyň hasam pozular hem il-gün näme diýer? Şonuň üçin ýoldaşyň we gaýynlaryň ugruny tapda oňuşjak bol!" – diýip jogap berdi. Erkek doganlarym bolsa: "Günä sendedir! Özüň bir zat diýip olaň tersine gaýdýansyň" – diýip, meni yzyma eltip gaýtdylar. Şu sözlerden soň men günäni özümden görüp, gaýyn tarapymyň we ýoldaşymyň ugruny tapyp asuda yaşap başladym. Şol günlerde hem özümiň hamyla bolanymy bildim. Ýöne meň asuda durmuşym uzaga çekmedi. Bir gün baldyzym bilen sözüm alyşman ýene öýde goh turdy we ýoldaşym maňa elini galdyrdy. Men urga çydaman huşumy ýitiripdirin. Haçanda huşuma gelemde bolsa, göwrämdäki perzendimi ýitirendigimi bilip galdym.

 
( 25 Ses Berme )

Okuwa giriş möwsümi golaýlaşýar. Sosial ulgamlarda Ýokary Okuw Jaýlaryna (ÝOJ) girmek prosesiniň aýdyň we anyk däl bolup galýandygy barada gürrüňler edilýär. Ýöne bu gezek men ýurdumyzdaky ÝOJ-a girmegiň aýratynlyklary barada däl-de, ilkinji basgançak barada gurrüň açmakçy – birinji klasa girmek tejribesi barada. Meň birnäçe garyndaşlarym, jigilerim şu wagt 1-nji klasa taýýarlanýarlar. Men şu proses bilen gyzyklanyp, jigilerimiň, goňşy çagalaryň ene-atalary bilen gürrüňdeş boldum. Gynansakda gazet-žurnallarymyzda, beýleki mediýalarda şu mesele boýunça maglumatlaryň bolmazlygy sebäpli men iki soragyma-da häkimiýetleriň resmi jogabyny tapyp bilmedim.

 
( 21 Ses Berme )

Göwrelilik nähili başlanýar?

Göwrelilik – bu hem iň bir ajaýyp döwür, hem-de gelin bilen ýoldaşynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan iň uly buşlugydyr. Bu döwürde şatlykdan we umytdan dolarsyňyz. Täze meýiller düzersiňiz we çagaň aladasy birinji orna geçer. Eje-kaka bolmak duýgusynyň ornuny hiç zat tutmaz. Durmuşa has dogumly bakarsyňyz we nirededigiňiz hem nirä barýanyňyz has aýdyňlaşar.

Bäşinji hepdede körpejäniň ýürek urgusy eşdilip başlar. Onuň ylmy ady embriondyr, emma siz oňa "balam", "oglum" we "gyzym" ýaly özüňize tanyş atlar bilen ýüzlenersiňiz. Çünki ol siziň çagaňyz we siz oňa dünýädäki hemme zatdan beter garaşýarsyňyz.

 
( 47 Ses Berme )

1-nji Iýun, Halkara Çagalar Güni – Türkmen ene-atalaryna oýlanyşykly hereketler etmäge goldaw bermek isleýärmiň? Islegiňi bu haýyr-sahawat kampaniýasyna goşulmak arkaly hasyl et!

Biz hem, Saglyk topary bolup, iýun aýynyň soňuna çenli dowam etjek ýörite haýyr-sahawat kampaniýasyny gurnadyk. Sen hem bu ähmiýetli işe öz goşandyňy goşup bilersiň!

Saglyk türkmen ene-atalarynyň çagalaryna bolan yhlasyny we çagalary bilen aragatnaşyklaryny ösdürmäge bolan çäksiz tagallalaryny dabaralandyrýar. Saglyk.info türkmen ene-atalaryny çagalaryň we ýetginjekleriň fiziki, ruhy, jynsy saglygy barada ýerlikli we ylma esaslanan türkmen dilindäki maglumatlar, materiallar bilen üpjün edýän ýeketäk platformadyr.

 
SAGLYK.INFO-nyň TÄZE EMBLEMASY
Sosial aragatnaşyk

GÖZLEG
SES BERME
Mekdeplerde psihologlar üçin iş orunlaryň bolmagy gerekmi?
 
Bize goşul!
BILDIRIŞ

DG we AS Kitaby

Maşgala Saglygy Kitaby

Sorag-jogap bukjasy

Sorag ibermezden öň
HÖKMAN OKA


Sorag-jogap süzgüji
Soňky teswirler
  • Hemra 22.10.2017 10:34
    [quote name="Miwe"]Oglanlar ýalňyş düşünipdirler oytyan. Makaladaky gurruñi edilyan hasiyet gabanjanlyk ...

    Dowamy...

     
  • Hemra 22.10.2017 10:30
    Baaaa diydinow sana deneshdirme mysal getiraymeli welin baribir bihuda bolayjak yalyda uyam!

    Dowamy...

     
  • Betinden Gytyndan 20.10.2017 20:40
    Hudaya shukur screenshot goshup bashladynyz! oran onat! gerekdi faktlat shunyali.

    Dowamy...

     
  • Teswirçi 20.10.2017 04:38
    Dogry belläpsiňiz weli, weli-da... Ministrlikler we häkimlikler tarapyndan taýýarlanýan statistiki ...

    Dowamy...

     
  • Teswirçi 19.10.2017 22:17
    16 gün bäri täze ýazgy goýulmandyr, gynandyryjy. Soňra täze 2-3 sanysyny wagtyny üýtgedip birlikde ...

    Dowamy...

Şu wagt kim bagly
We have 230 guests online